Germaniýa harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda Türkmenistana goldaw berýär
Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär. Bu barada GIZ-iň wekiliniň aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi. Sanly gurallary ulanmak bilen söwda kompaniýalary öz harytlary barada deslapky maglumatlary elektron görnüşinde gümrük gullugyna, şeýle hem kagyz resminamalary ulanmazdan başga ýurtlara iberip bilerler. Bu bolsa Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň arasyndaky ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ýeňilleşdirýär, ygtybarlylygyny üpjün edýär we tizleşdirýär.