Täze desgalar — ykdysady ösüşleriň şuglasy

7 Iýun 2024
127

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi, täze zawod-fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär.

17-nji aprelde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýan bu uly göwrümli desga Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini has-da ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlen umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi 203 kilometr, Tejen — Mary bölegi bolsa 109 kilometrdir.

«Saglyk».