Lukmançylygyň ösüşine nemes kardiohirurgynyň goşandy

7 Iýun 2024
207

Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ykdysady, medeni, saglyk, bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy we üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklerde türkmen-german hyzmatdaşlygy hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg lukmany, pensioner Hans Meýsneriň aýratyn paýy bar.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk günlerinde tejribeli nemes lukmanynyň Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanylmagy onuň bu ugurda bitiren işlerine uly baha berilýändiginiň subutnamasy boldy. Hans Meýsner özüniň zähmetiniň ýokary derejede ykrar edilendigi üçin dörän ýürek buýsanjyny minnetdarlyk bilen beýan etdi. Nemes lukmany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iri halkara guramalary we ösen döwletleri bilen üstünlikli iş alyp barýandygyny belläp, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda bu ugurda belent sepgitlere ýetilendigini guwanç bilen aýtdy.

«Saglyk».