Döwrebap saglyk merkezi

7 Iýun 2024
440

Diýarymyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan köptaraply syýasatynda iň bir ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji aprelinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy bilen utgaşyklylykda, Mary şäherinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de döwrebap kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmegi şanly wakanyň şatlygyny has-da artdyrdy. Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkeziniň halkyň hyzmatyna berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklap, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň hem netijeli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

«Saglyk».