Keseliň bejergisine täze garaýyş

7 Iýun 2024
285

Mälim bolşuna görä, süýjüli diabet ýokanç däl kesellere degişli bolup, gaýra goýulman doly we dogry bejeriş geçirilmedik halatlarynda dürli gaýra üzülmelere getirip bilýär.

Süýjükeseliň agyr gaýra üzülmeleriniň biri bolan diabetiki daban sindromy (alamatlar toplumy) oňa duçar bolan syrkawlaryň her dördünjisinde diýen ýaly duş gelýär. Bejeriş gijikdirilende, zeperlenen aýagyň belli bir bölegini kesip aýyrmaga (amputasiýa) zerurlyk ýüze çykýar. Bu bolsa syrkawyň ömürlik maýyp bolmagyna getirýär. Süýjüli diabet anyklanan näsaglarda ganda şekeriň (glýukoza) derejesiniň ýokarlanmagy kem-kemden beden agzalarynyň, has köp aýaklaryň zeperlenmegine getirip bilýär. Dabanlarda ilki göze ilmeýän, bitmegi kyn bolan kiçijik ýaralar, sypjyryklar peýda bolup, soňabaka şikeslenen agzanyň çuň ýerleşen dokumalarynda bitmeýän iriňli, başly ýaralar döreýär. Flegmona (ýumşak dokumanyň ýiti iriňli çişi), gangrena (çüýreme), osteomiýelit (süňk ýiliginiň gaýnaglamasy), diabetiki osteoartropatiýa (dabanyň görnüşiniň üýtgemegi) ýüze çykýar. Aýaklaryň arteriýa damarlarynda ganyň akmagynyň bozulmagy (diabetiki angiopatiýa), aýaklaryň duýgurlygynyň peselmegi (diabetiki neýropatiýa) bu gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna itergi berýär.

Taganly TAGANLYÝEW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň endokrin hirurgiýa bölüminiň lukmany.