Oba hojalygy: maksat öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatlarda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri guramaçylykly dowam edýär hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar we gözden geçirilýär, ýeralmany, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.