Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi
Kerki, 1-nji fewral (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm şertidir. Halkyň abadançylygy baradaky alada bolsa şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler. Strategik, durmuş ugurly taslama derejesine eýe bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalar, sagaldyş-bejeriş edaralarynyň gurlup ulanmaga berilýändigi we gurulmagy dowam edýändigi nygtaldy.