Bagtyýar ýaşlygyň Diýary
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, oňyn özgertmelere, her günümizi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biz — ýaşlara ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýan ýyly, bagtyýar ýaşlygyň, ertire bolan beýik ynamyň ýyly. Biz — ýaşlara Watanymyz, halkymyz üçin halal we döredijilikli zähmet çekmek mukaddes borç bolup durýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, gözel Aşgabatda ýerleşýän «Mekan» köşgünde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy ähli ýaşlarymyz üçin şanly waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýen ajaýyp jümlesi bizi beýik işlere, zähmet joşgunyna ruhlandyrýar. Elbetde, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty häzirki wagtda 900 müňden gowrak agzany birleşdirýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gurama ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan ýurdumyzdaky iri birleşme bolup hyzmat ed