Sanly ykdysadyýet, maglumat jemgyýeti we ýaşlar
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi täze taryhy eýýamyň demokratik özgertmelere esaslanýan ösüş ýolunda taryhy waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşy häzirki döwürde öňde duran wezipeleriň, nazarlanýan sepgitleriň düýp esaslaryna göz ýetirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň giňden goldamagynda, yhlasly zähmet çekmeginde gazanylan üstünlikler barada nygtamak bilen, öňde has uly maksatlaryň goýulýandygyna, olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň geljegiň täze belentliklerine badalga boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ilerletmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.