Jeýhunyň ýakasy
«Jeýhunyň kenarynda ýaşaýan ilaty boýun egdirmek duşmanlara juda kyn düşüpdir. «Güýç bilen alyp bilmesek, gabap, surnukdyryp alarys!» diýip, basybalyjylar şäheri goraýjylara haýbat atypdyrlar. Gabawdakylaryň arasynda tutuş Gündogara belli küýzegärler Mähri külal bilen Bahaweddin hem bar ekeni. Olar şäheriň ýaşaýjylaryny goldapdyrlar, ýöne söweş tärlerine näbelet bu ussalar näme edip biljekdi?! Duşmanlar gün-günden güýçli zarba urýardy. Gabawda galanlar özleriniň güýçden gaçyp, duşmanlaryň gala diwarlaryndan geçjek pursadynyň ýakynlaşyp gelýändigini duýýardylar. Her kim dogduk şäherini nädip halas etmegiň alajyny gözleýärdi. Şonda gije bir çene barandan soň, Mähri külalyň külbesine şäheriň iň pähimli gojalarynyň biri gelipdir. Ol: «Mähri külal, sen maňa gulak as, bu gün bolmasa, erte duşmanlar şäheri eýelärler. Olaryň zorluk etmegine ýol bermeli däl. Bir çykalgamyz bar. Ertire şäherimiziň alymlary hem tebipleri birleşip, adamlaryň güýjüni iki esse artdyrýan, täsin bir dermany taýýarlar. Siz bolsa, küýzegärler bolup, ertir irdene çenli şäherde näçe adam galan bolsa, şolaryň her birine bir okara taýýar etmeli» diýipdir. Ussalar haýal etmän, işiň başyna geçipdirler. Küýze edilýän iki çarh durman aýlanýardy. Gije ýarymda küýzeler guýlup bolupdy, işiň eýýäm ýarysy bitirilipdi. Indi küýzeleri bişirmelidi. Ýöne daşy gabalgy şäherde ne bir odun, ne-de gury çöp tapyp boljak?! Iş bolsa bi