Sungatda sekizburçlugyň beýany
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyndan orun alan sungatynda, medeni mirasynda sekizburç şekilli milli nyşanlaryň hem aýratyn orny bar. Nepisligi, inçeligi, sünnäligi, owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan türkmen halylarynda, keçelerinde, keşdelerinde sekizburçluk dürli görnüşde we mazmunda çeper beýanyny tapypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Ýyldyzpisint şekiller halylarymyza mahsus nusgalarda ornandyr. Aý, Gün, ýyldyz, dag, deňiz, gök şekilleri haly nagyşlaryna siňipdir. Haly gölleri-de asman ýyldyzlaryny ýadyňa salýar. Sekizburçluk abstrakt häsiýetli nagyş toplumyna degişli, şeýle-de dünýäniň çarhyny-da aňladýar. Dünýä bilen bagly pikirleriň asyl hanasy älem hakdaky hyýaly oýlardadyr» diýip belleýär. Şu paýhasly pikirlerden ugur alyp, sekizburçlugyň aňladýan manysynyň aýlanyp duran dünýädigine göz ýetirýäris. Magtymgulynyň öz şygyr setirlerinde: «Aýlanar pelegiň çarhy» diýip belleýşi ýaly, munuň özi dünýäde ýaşaýşyň, durmuşyň dowamlylygyny, bakylygy alamatlandyrýar. Milli Liderimiz «Janly rowaýat» kitabynda türkmen halyçylyk sunga