Ýerleri gowaça ekişine taýýarlamagyň kadalary
Gowaçanyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmekde topragy öz wagtynda göwnejaý ekişe taýýarlamagyň ähmiýeti örän uludyr. Ýerleri ekişe taýýarlamaga başlamazdan öň ýuwuş we tagt suwlarynyň netijeli bolmagy üçin zeýkeş hem suwaryş ulgamlary gowy arassalanmalydyr. Ýurdumyz boýunça gowaça ekişi, esasan, iki usul bilen geçirilýär. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerasty suwlaryň ýeriň ýüzüne ýakyndygy sebäpli gowaça tekiz ýere ekilýär. Ahal we Mary welaýatlarynyň daýhan birleşiklerinde bolsa, gerşiň üstüne ekilýär. Tekiz ýere gowaça ekişi geçirilende, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak üçin gowaça ekiljek meýdanlar çillenip, atyzlara bölünýär we wagtlaýyn suwaryş ýaplary gazylýar. Şonda her atyz aýry-aýrylykda suw içer ýaly edilip çekilmelidir. Mehaniki düzümi boýunça ýeňil toprakly ýerlerde atyzlaryň ululygy 0,25 gektar, orta we agyr toprakly meýdanlarda bolsa, 0,25 – 0,35 gektar bolmaly. Atyzlaryň ondan artyk giňeldilmegi ýuwuş suwunyň netijeliligini peseldýär. Ýuwuş suwy tekiz ýere berlen ýagdaýynda, onuň mukdary topragyň düzümine we şorluk derejesine baglylykda, jemi 3000 – 5000 kubmetr möçberinde bolmaly. Ýuwuş suwuny bermegiň esasy maksady toprakdaky duzuň mukdaryny azaldyp, topragyň düzümini kada laýyk getirip, gowaça tohumlarynyň sagdyn we endigan gögermegini gazanmakdan ybaratdyr.