Parahatçylygyň, dost-doganlygyň ak ýoly
Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde eziz ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýyl-ýyldan belende göterilmegi her bir türkmenistanlynyň kalbyny çäksiz buýsanja besleýär. 12-nji dekabryň – ýurdumyza BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň resmi taýdan berlen gününiň her ýylda bütin Ýer ýüzünde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde uly toý-dabaralara beslenmeginiň gözbaşynda hem türkmen Bitaraplygyna bolan belent hormat-sarpa durýar. «Biziň döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna hemmämiz şaýatdyrys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejämizden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşant goşýandygy hem kalplardaky buýsanjy arşa göterýän ajaýyplykdyr.