Haly — kalbyň mukamy
Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýiniň akylyňy haýran edýän haly we haly önümleri ajaýyp sungat gymmatlyklarydyr. 2009-njy ýylda ulanmaga berlen bu muzeý özüniň gymmatly hazynalarynyň düzüminde 1 müň 800-den gowrak haly we haly önümlerini saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, biziň halylarymyzy içgin synlanyňda, türkmen baharynyň joş urýan köpdürli öwüşginleri, çäge depeleriniň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, al-elwan güllere beslenen türkmen ýaýlalary, çarwanyň ak öýünde lowlap ýanýan oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýylpyldysy, sarç bedewleriň toýnak sesiniň dükürdisi, şemalyň we kenara urulýan tolkunlaryň birsydyrgyn owazy, enäniň hüwdüsi hem-de näzikligi hakynda gürrüň berýän ýaly, geň galdyryjy täsin duýgular kalbyňy galkyndyrýar. Bu hakykatdan hem şeýle! Muzeýde «Türkmen kalby», «Galkynyş», «Prezident», «Altyn asyr», «Altyn ýyldyz» ýaly äpet halylaryň ençemesi saklanylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu muzeý asyrlaryň ýaňyny özüne siňdiren täsin haly sungatymyzy ylmy taýdan öwrenmekde dünýä ýüzünde juda seýrek duş gelýän mirashanalaryň biridir.