Kämilligiň berk binýady
Ýurdumyzda ýaşlara bilim bermek, ylym öwretmek işi has-da kämilleşdirilýär, okatmagyň häzirki zaman mümkinçilikleri, tejribeleri iş ýüzünde durmuşa giňişleýin ornaşdyrylýar. Bilim bermekde önümçiligiň ähli ugurlarynda sanly ulgama geçmek hem täze mümkinçiliklere giň ýollary açýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara döwrebap tehnologiýalara degişli täze hünärler öwredilýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda işleri, bilim ojaklarynda okuwlary sanlylaşdyrmak şertlerinde innowasion tehnologiýalar ynsan durmuşynda barha uly ähmiýete eýe bolýar. Tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de nou-haularyň gündelik işimizde adaty zada öwrülmegi geljegimiz bolan ýaşlar bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hil taýdan has-da ösmegine şert döredýär. Sanly ulgamyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe bilimiň döwrebap kämilleşdirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmegiň baş şertidir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek işleri «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Elektron resminama hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda alnyp barylýar. Ýurdumyzda ähli edaralar, orta, ýörite orta, ýokary bilim berýän mekd