Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Kämil bilim ulgamy

Häzirki bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky yzygiderli aladasy netijesinde bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan-da, bilim bermekde sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýaly wajyp resminamalar bar. Bu möhüm maksatnamada bilim ulgamynyň hem yzygider ösüşi, sanly ulgamyň döwrebaplygy aýratyn orun tutýar. Bular öz gezeginde, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bulardan ugur alnyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem okadylýan sapaklar boýunça talyp ýaşlara berilýän maglumatlar dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli esasda baýlaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwürde ýurdumyzda toplumla

Körpeleriň dilinde Pyragynyň waspy

Çagalar bakja-bagymyzda «Pyragynyň paýhasy — dost-doganlyk köprüsi» atly aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi geçirildi. Oňa etrabymyzyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda bagymyzda terbiýelenilýän körpeler şadyýan aýdymlary, joşgunly tanslary bilen çykyş etdiler. Doganlyk halklaryň milli lybaslaryny geýen şadyýan körpeler dürli dillerdäki aýdymlary, tanslary uly şatlyk hem-de başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen şirin labyzly aýdymlar olara mahsus sazlaşykly tans hereketleri bilen utgaşdy. Olaryň çykyşlarynda şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilýän beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna öwran-öwran ýüzlenildi. Akyldar şahyryň halklaryň arasynda dost-doganlygy wasp edýän çuňňur mazmunly goşgy setirleri has belentden ýaňlandy.

Internet olimpiadasy geçirildi

Institutymyzyň ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça internet olimpiadasy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylarynyň 100-den gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzda tebigy ugurlar boýunça bilim bermekdäki milli ýörelgäniň kadalaryny dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmak we okatmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde okuwçylar ekologiýa dersi bilen bagly soragnamalara jogap bermek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Köýtendag etrabyndaky 37-nji orta mekdepden Aknur Hamzaýewa we Dänew etrabyndaky 27-nji orta mekdepden Arslan Genjiýew birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Saniýe Batyrowa ikinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimuradowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekde sanly tehnologiýalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, wagtyň tygşytlylygyny hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar bize has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgança

«Açyk gapylar» güni

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, orta hünär bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, medeniýetli dynç almak, dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

Aşpez talyplar bäsleşdiler

4-nji maýda Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Şeýle at bilen geçirilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat şäherinden we welaýatlardan talyplar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşigiň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde näderejede özleşdirip bilendigini barlamakdan, talyplaryň hünär taýýarlygyny, döredijilik ukybyny, öňdebaryjy ussat hünärmenleri taýýarlamagyň hil derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Bäsleşik aşpezçilik işi we konditer ugurlary boýunça alnyp baryldy. Aşpezçilik işi ugruna degişli bäsleşijiler ak tüwüden towukly sote, jüýjeli çorba, şeýle hem gök önümlerden işdäaçar taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Berlen ýumşy ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara bäş sagat wagt berildi. Şol wagtyň içinde bäsleşige gatnaşýanlar öz ukyplaryny, ezberliklerini görkezmäge, saçagy owadan, gelşikli bezemäge ýetişmeli. Taýýarlanylan tagamlaryň hiline, görnüşine, arassaçylyk gigiýenasyna aýratyn üns berilmeli. Talyplaryň taýýarlan tagamlaryna emin agzalary, esasan, gök önümleriň talabalaýyk kesilişine görä baha berdiler. Naharlara, işdäaçarlara gerekli bolan önümler ýaş hünärmenler tarapyndan görkezmä laýyk getirilip, ezberlik bi

«Açyk gapylar» güni geçirildi

4-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary hem-de birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Olar okuw mekdebinde okadylýan derslerdir hünärler bilen ýakyndan tanyşdylar. Sapaklara gatnaşyp, her bir hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem bu ýere gelen myhmanlar mekdebiň girelge zalynda guralan ýörite sergä aýlanyp gördüler. Sergi diwarlyklarynda filmlerde, gepleşiklerde ulanylýan döwrebap tehnologik enjamlar, bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň taýýarlamagynda hünärler bilen tanyşdyrýan ýörite wideorolikler görkezildi. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde ussat mugallymlar telewideniýä, kino we mahabata degişli ugurlardan ýaşlara bilim berýärler. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe arkaly has-da berkidýärler.

Kitap sahypalaryny agdarýan körpeler

Suratda: Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçylary «Harplyk» baýramynda.   Şu günler ýurdumyzyň bilim ulgamynda, aýratyn-da, orta bilim berýän mekdeplerde okuwlar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mekdepleriň iş meýilnamalaryna laýyklykda göreldeli sapaklaryň, usuly maslahatlaryň, çagalaryň arasynda sport, zehin bäsleşikleriniň guralmagy-da körpe nesliň okuwa bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ýaly ugurlar yzygiderli ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam üstünlikli ösdürilýär. Sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýip nygtaýşy ýaly, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Eziz Diýarymyzda ykjam we internet aragatnaşyk ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, sanly ulgama düşünýän ýaşlar kemala gelýär.

Dünýä dilleri — ylym-bilimiň çeşmesi

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler üstünliklere beslenýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan ylym-bilim ulgamyny geljekde has-da ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, medeniýetde beýik ösüşlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzy ösdürmegiň baş ugry Milli maksatnamamyzyň çäklerinde kesgitlenip, köpçülikleýin sanly ulgama geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim bermegiň iň kämil usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, iň täze kompýuter usullaryny netijeli ulanmak ýola goýulýar. Munuň özi ýaşlaryň ylym-bilimi tiz özleşdirmeklerine oňat ýardam edýär. Ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, dünýä dillerini öwrenmekleri hem aýratyn ugurlaryň biridir. Çünki dünýä dilleri iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge, dünýäniň ylmy kitaplaryny öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Kon

Zehinlileriň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň görkezijileridir. Bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedia, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwr

Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak babatdaky taýsyz aladalaryndan ugur alyp, bilim ulgamynyň hünärmenleri özleriniň döredijilikli zähmetlerini ýaş nesle bilimleriň esaslaryny giňden öwretmäge sarp edýärler. Ýaşlara ylym-bilim, terbiýe öwretmekde orta mekdeplerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmegiň döwrebap usullary ösdürilýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň, sapaklary guramagyň döwrebap usullaryna uly ähmiýet berilýär. Edebiýat sapagynda hem dürli şekilleri, suratlary ulanyp, multimedia tagtasynda goşgulary, edebiýata degişli maglumatlary okatmak bolýar. Orta mekdepleriň 5-nji synpynda türkmen nusgawy edebiýaty barada düşünje berilýär. Okuwçylara nusgawy edebiýat hakynda giňişleýin gürrüň bermekde multimedia tagtasynyň, okuw kitabynyň ähmiýetlidigini bellemek gerek. Mysal üçin, türkmen edebiýatynyň taryhy, XVIII asyr edebiýaty hakynda sapak geçenimde multimedia tagtasynda XVIII asyrda ýaşap geçen şahyrlaryň surat şekillerini, ýaşan döwri bilen bagly maglumatlary görkezýärin. Bu usul okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ýatkeşligini

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Ýaş nesiller ýurdumyzyň röwşen geljegidir, ýagty ertiridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän giň mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, iň täze kompýuter enjamlary bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi ýaş nesiller hakyndaky aladadan, giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda iň häzirki zaman bilim ojaklary, medeni dynç alyş we döredijilik merkezleri bardyr. Bu bilim edaralarynyň döwrebap tehnologiýalar, esasan hem, innowasiýa, multimedia, we interaktiw ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin giň şertler döredilendir. Bu bolsa ýaş nesilleri bilim öwrenmäge, dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge ruhlandyrýar.

Tejribäniň möhüm ähmiýeti

Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmekde Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda hünärmenler taýýarlanylýar. Taryhy tapyndylary dikeltmek boýunça ýokary okuw mekdebimizde halypa, ussat mugallymlarymyz bilen daşary ýurtlardan gelen alymlarymyz bilelikde tejribe okuwyny geçýärler. Biziň ýurdumyzda ýadygärlikleri öwrenmek boýunça gazuw-agtaryş işleri güýz, ýaz aýlarynda alnyp barylýar. Bu möwsümleýin işi öwrenmäge alymlarymyz, dünýäniň dürli döwletlerinden biziň taryhy gymmatlyklarymyza gyzyklanma bildirip gelen alymlar hem gatnaşýarlar. Bu alnyp barylýan işlerde talyplarymyzyň tejribe alýandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyzyň bilim derejesini baýlaşdyrmakda ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt alymlary ussatlyk sapaklaryny geçýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji aprelinden 3-nji maýy aralygynda Çehiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyndan dikeldiji we rejeleýji, arheologiýany öwreniji doktor Estel Ottenwelter institutyň tejribehanasynda mugallymlara hem-de talyp ýaşlarymyza arheologik tapyndylarda ýüze çykarylan keramika gap-gaçlaryny gorap saklamak boýunça kämilleşdiriş okuw sapagyny geçdi. Alym ýurdumyzyň çäginde tapylan birnäçe tapyndylaryň dürli görnüşli fotosuratlarynyň üsti bilen olaryň dikeldiş pursatlary barada gürrüň berdi. Aha

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Ýat diktantyny ýazdyrmagyň ähmiýeti Türkmen dili we edebiýaty derslerinden okuwçylara köp sözleri öwretmek, dürs ýazuw düzgünlerini öwrenmekleri üçin sözlükleriň üstünde işlemek hem-de ýatdan diktantlary ýazdyrmak ýaly usullary yzygiderli ulanmak bolýar. Munuň hem özüniň ýörite düzgünleri bar. 7-nji synpda edebiýat dersinden Magtymguly Pyragynyň «Näler görüner» goşgusyny öwredenimde, ilki labyzly okuw gurap, soňra ony okuwçylara ýat tutdurdym.

Kitap ruhy baýlykdyr

Türkmen halky şöhratly taryhynda kitaba we kitaphanalara aýratyn üns-alada bilen garapdyr. Biz muňa taryhyň sahypalaryndan, golýazma çeşmelerinden hem aýdyň göz ýetirýäris. Pähimdar pederlerimiziň kitaba hormat goýandygyny Orta asyr alymlarynyň eserlerinde aýdyň görmek bolýar. Gadymy Merwdäki, Köneürgençdäki ylmy kitaphanalar, obserwatoriýalar ençeme alymlaryň kemala gelmeginde möhüm orny eýeläpdir. Irki döwürden ata Watanymyz baý medeni mirasyň we ruhy gymmatlyklaryň pajarlap ösen mekany bolupdyr. Muňa ençeme gadymy galalar, köşkler we kerwensaraýlar bilen birlikde kitaphanalaryň, ylmy ojaklaryň yzlary şaýatlyk edýär. Taryhyň sahypalaryna ýüzlenip, gadymy kitaphanalaryň yzlary hakynda oýlanmak örän täsirli. Olaryň arasynda Merwiň aýratyn orny bardyr.

Okuw­çy­la­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my uly üs­tün­li­ge bes­len­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimiz: «Ylym­ly ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuw­wat­ly güý­jü­dir, hal­ky­my­zyň be­lent mak­sat­la­ra ýug­ru­lan nu­ra­na gel­je­gi­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Döw­re­bap okuw bi­na­la­ry yzy­gi­der­li gurlup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň gel­jek­de ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin or­ta mek­dep­ler­den baş­lap, ola­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş nes­li zäh­me­te we hü­när saý­la­ma­ga taý­ýar­la­mak döw­le­tiň esa­sy we­zi­pe­si­niň bi­ridir.

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa çagalarda bilime söýginiň has körpeje wagtyndan başlanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýakynda Mary şäherinde geçirilen «Çagalara bilim bermekde okatmagyň işjeň öwreniş usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilen baglanyşykly okuw-görkezme esbaplaryny, audio-wideo materiallary taýýarlamak boýunça hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmek» atly usuly-amaly maslahatda hem bular ba

Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň «Diller» kafedrasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça agzalarynyň guramagynda «Türkmenistan — bagtyýar we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly iňlis dilinde zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Bilim daragtynyň miweleri

Ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde, şeýle hem paýtagtymyzda ýerleşýän 99-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ýylyň mugallymy — 2024», «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» atly bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu bäsleşikleriň esasy maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekden, kämil aň-düşünjeli, sagdyn bedenli ýaş nesilleri kemala getirmekde döredijilikli işleýän, usul taýdan taýýarlykly, öňdebaryjy pedagogik işgärleri ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakdan ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ösüşini dowam etdirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde asylly käriň eýeleri bolan mugallymlardyr terbiýeçilere uly hormat goýulýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mugallymlardyr terbiýeçileriň bilimini, hünär derejesini, tejribesini artdyrmaga, täze usullary özleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalardan işjeň peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bilim-terbiýeçilik işiniň hilini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ý