Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ýaz pasly bilen bagly halk ýorgutlary

Eger ir baharda ýyldyrym çala çakyp, gök gürrüldisi eşidilmese, onda ýyl gurak bolar.***Ýaz günleri bürgüt al-asmana çykyp gaýyp ýörse, ertesi ygal bolmaz.***Bägülüň ir säher açylmaly gunçalary açylmadyk bolsa, ýagşyň ýagmagyna garaşyber!***Ir baharda ýagan ýagyş baglaryň golunda doňup, buz emele getirse, ýaz wagty bilen sowulmaz.***Ýazyna howa sowuk bolsa, tomusda-da ýagşyň ýagmagyna garaşyber!***Ýaz günleri ir bilen ikatýogyň sesini eşitseň, açyk howa bolar.***Durnalar ir baharda gaýdyp gelseler, ýaz ýagynly, bol ot maýsaly bolar.***Garga baharda suwa barsa, yssy adatdakysyndan ir düşer.***Ikatýok baglar ýapraklamanka gaýdyp gelse, ýyl gurak bolar.***Yssy ýurtlarda gyşlap gaýdyp gelýän gazlar al-asmandan uçup gelseler, ýaz ýagynly boljakdyr.***Eger ýaz ýagşy ýaganda suwda düwmejikler ýasasa, ygal köp düşer.***Ýagyp başlanda damjalary iri bolsa, ýagyş tiz diňer.***Bulutlar asmanda tizlik bilen geçip gidýän bolsa, basym açylganlyk bolup Gün çykar.***Bahar agşamy bilbil ýatman saýrasa, ertesi ýagşyň ýagjagynyň alamatydyr.

Çarwa nowruzy

Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky irki döwürlerden bäri tebigatda bolup geçýän hadysalara örän ünsli çemeleşipdir. Ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtlaryny kesgitlemek bilen, olary paýhas eleginden geçirip, dogry netijeleri alyp bilipdirler. Şoňa görä-de, hojalyk işlerini Aý-Gün senenamasyna laýyklykda ýola goýupdyrlar. Ata-babalarymyz şüdügär sürümini, tekizleýiş işlerini geçirmek, ýuwuş suwuny bermek, ekin ekmegiň dogry wagtyny meýilleşdirmek, baglara serenjam bermek, olaryň guran şahalaryny aýyrmak, düýplerini ýumşatmak ýaly işleri ýyldyz senenamasynyň Başky garagyş, Uly çille, Kiçi çille, Ahyrky garagyş ýaly döwürlerinde bolup biläýjek howa üýtgeşmelerini nazarda tutmak bilen, amala aşyrypdyrlar. Çarwalar bu möwsümi özleriniň iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürlerinde howa şertlerine laýyk taýýarlykly garşylapdyrlar. Asyrma-asyr, nesilme-nesil ýöredilýän synçylyk bolsa, olary dilgir etmändir. Şonuň üçin ýyldyz senenamasy biziň günlerimizde-de öz ähmiýetini ýitirenok diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Şeýle bolansoň, bizem türkmen halkynyň ýöredip gelýän Aý-Gün senenamasy barada mirasgär, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary Çerkez Allajykowdan ady agzalýan senenamada çarwa nowruzy döwründäki howanyň üýtgeşmeleri bilen baglanyşykly, onuň özboluşly aýratynlyklary hakynda gürrüň bermeg

Sähra pyşdyly

Ýurdumyzyň çäginde pyşdyllaryň 3 görnüşi gabat gelýär. Sähra pyşdyly, Hazar pyşdyly we batgalyk pyşdyly. Olaryň arasynda has giňden ýaýrany sähra pyşdylydyr. Ol dag eteklerinde, sähralyklarda, çölde, jeňňelliklerde we beýleki ýerlerde gök otlaryň köp ýerlerinde ýaşaýar. Bu pyşdylyň bedeniniň arka we garyn tarapy süňk buýnuzdan ybarat bolan gapaklar (çanaklar) bilen örtülendir. Ol üstüne howp abanan wagtynda aýaklaryny we kellesini gapaklarynyň aşagynda gizleýär. Çünki onuň gapaklary örän berk bolup, duşmanlaryndan goranmaga kömek edýär. Pyşdyllaryň gapaklarynyň çalyşma döwründe çanagynda ösüş çyzyklary emele gelýär. Olaryň gapaklarynyň çalyşmasy ýylda 1 gezek bolýar we ösüş çyzyklary boýunça pyşdylyň, takmynan, ýaşyny hasaplap bolýar. Sähra pyşdylynyň bedeniniň uzynlygy 20 santimetre, iň ulularynyňky bolsa 28 santimetre ýetýär. Ene pyşdyllar erkeklerine garanda, ulurakdyr. Gözleri görgür, burunlarynyň ys alşy ýitidir. Pyşdylyň oňurga süňkleriniň kelle we guýruk bölekleri gowy hereketlenip bilýär, beýleki bölekleri bolsa arka tarapyndaky gapagyna hereketsiz berkleşendir. Sähra pyşdylynyň esasy iýmiti otjumak ösümlikleriň ýaşyl baldaklary we dökülen miweleri bolup durýar. Bu süýrenijileriň işjeňligi köplenç olaryň iýmitiniň gögerip çykma döwri bilen bagly. Sähra efemerleriniň — möwsümleýin otlaryň guran ýagdaýynda pyşdyl tomusky uka gidýär. Eger pyşdyl oba hojalyk meýdanlarynda ý

Köwük pişigi

Köwük pişigi ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir. Bu pişikleriň tebigatda «Seýrek görnüş» derejesi berlen ýyrtyjy haýwanlaryň biri bolandygy üçin olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl Kitabynyň sanawyna şeýle hem Ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň (CITES) sanawyna girizildi. Bu jandaryň meýdan alamatlary barada aýtsak, onuň ululygy öý pişiginiňki ýaly bolup, bedeniniň uzynlygy 40 — 57 santimetr, guýrugynyňky 23 — 35 santimetre deňdir, aýaklary gysgarak, uzyn guýruklydyr. Gulaklary uly, çowly uçluja bolýar, duluklaryndaky tüýler ösgün, sakgalsap ýaly sallanýarlar, arka tarapy garamtyl çal reňkde bolup, onuň bedeniniň aşaky tarapy agymtyl reňklidir. Köwük pişiginiň ýurdumyzda ýaýraýşy we ýaşaýan ýerleri Garagumdaky Darjagum sähralygynda, Oktümgum, Çilmämmetgum, Üçtagan, Günorta Gaplaňgyr, Obruçew we Sandykly sähralyklarydyr. Olaryň ýaşaýan ýerleri sazak, sözen, gandym we ownuk gyrymsy agaçlar bilen örtülip, berkeşen, ýarym berkeşen çägeliklerdir gür, gara sazakly ýerlerdir. Bu pişikler aklaň çägeliklerde seýregräk gabat gelýärler. Dag etekleriniň toýunsow we kertli ýerlerine örän seýrek barýarlar. Olar ýurdumyzyň çäginden başga-da, Arabystanda, Sinaý ýarym adasynda we Sahara çöllerinde ýaşaýarlar. Köwügiň biologiýasynyň aýratynl

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Reň­be-reň gül açar ýa­şyl ýaý­la­sy

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýan eziz Wa­ta­ny­myz­da hal­ky­my­zyň kö­ňül küý­se­gi­ni gül­led­ýän oňyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gy esa­syn­da asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den ge­lý­än mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz sar­pa­lan­ýar, dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa, ede­bi gym­mat­ly­gy­my­za go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny bo­lup, Gün­do­ga­ryň be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň bi­ze gal­dy­ran dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny has-da çuň­ňur öw­ren­mä­ge ba­dal­ga ber­ýär.

Nowruzyndan belli bahar

Bu ýyl «Ahyrky garagyş» giç hem bolsa, öz häsiýetine görä, garly ýagşy, doňaklygy getirdi. «Bu ýyl goşa ýaz boljakmyka?!» diýdiren maýyl günleriň yzy birdenkä sowuk howa ýazdy. Munuň özi gyşyň entek tamamlanmandygyny ýatlatdy. Herhal, halkymyzyň milli senenamasy boýunça togsan günläp dowam eden gyş pasly 21-nji fewralda öz ornuny «Çarwa nowruzyna» berýär-de hoşlaşýar. Bu hoşlaşygyň käbir ýyllarda mart aýyna çenli hem dowam etmesi-de bolýar. Çünki pasyl çalşygy ähli döwürde-de dartgynly geçýär. Aýratyn-da, şu ýylky ýaly maýyl gelen ýyllarynda gyş, göýä birden ukudan oýanan ýaly, «Nädäýerkä?» diýdirýär. Görse-baksa, bütin töwerek ýazyň alamatlary bilen gurşalan. Şonuň üçin togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, ol bialaç öz ornuny ýaza bermeli bolýar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Derwüşler köňli jem dursun namaza,Ýigitler ýygylsyn söhbede-saza,Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz! —

Siz muny bilýärsiňizmi?

— Grek hozy diýlip bütin dünýäde tanalýan önümiň watany Gresiýa bolsa-da, söwdagärler ony Russiýanyň çäginden bütin dünýä ýaýradypdyrlar. — Kawkaz ýurtlarynda grek hozunyň agajyna keramatly agaç hökmünde garalypdyr. Önümiň agajy-da, miwesi-de ençeme keselleriň dermany hasap edilipdir. Häzirki wagtda bu ýurtda 400 ýyl ýaşan hoz agajyna duşmak mümkin.

Ýaýlamyzyň ýaraşygy

Düzüminde adama gowy täsir edýän biologik işjeň serişdeler bolan ösümlikler dermanlyk otlar hasaplanylýar. Dermanlyk ösümlikleriň 250-si farmakologiýa synaglaryndan geçip, lukmançylykda resmi taýdan kesel bejermäge ukyply diýlip ykrar edildi. Olaryň has peýdalylary lukmançylykda sintetiki dermanlar bilen bilelikde ulanylýar. Ýapraklarda, gabyklarda, gunçalarda we ençeme beýleki ösümliklerde has gymmatly maddalar bar. Otlar antibiotikleriň, çişe garşy serişdeleriň ýerini tutup bilmeýärler. Lukmanlar özbaşdak ýasalan dermanlaryň käbir ösümlige bolan allergiýa, garaşylmadyk reaksiýa, dermanyň nädogry möçberde berilmegi, ýalňyşlyk bilen berlen dermanyň bedeni zäherlemegi, beýleki keselleriň has möwjemegi ýaly ters ýagdaýlara getirip bilýändigini belleýärler. Dermanlyk ösümlikler bilen meşgullanmak üçin giňişleýin bilim gerek. Haýsy ösümligiň haýsy kesele emdigini bilmekden başga-da, onuň bedeniň beýleki ýerlerine edip biläýjek täsirlerini hem ýatdan çykarmaly däl.

Gözel ýerlere gezelenç

Golaýda ýaşlaryň gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary taryhy ýerler bilen içgin tanyşdyrmak maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň Bathyz döwlet goraghanasynyň bilelikde guramagynda goraghananyň muzeýine gezelenç guraldy. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda bagtyýar ýaşlar türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan gadymy ýadygärlikler bilen tanyş boldular. Şeýle-de, bu goraghananyň ýolbaşçysy Ilham Çaryýewiň, goraghananyň kiçi ylmy işgäri Akmyrat Geldiýewiň täsirli gürrüňini diňlediler. Olar ýaşlara goraghananyň taryhy, häzirki wagtda goraghanada ýola goýulýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gözel ýerlere guralan gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -10... -15 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +2... +7 gradus maýyl bolar.

Obamyň baglary hatar-hatardyr

«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024 Bagy-bos­san­lyk­da şeý­le bir tä­sin ja­dy bar. Te­bi­ga­tyň bu gö­zel ýe­ri adam­lar­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry oýar­ýar. Ba­gyň bar ýe­rin­de ser­gin, tä­miz ho­wa bar. Ba­gyň bar ýe­rin­de guş­ja­gaz­lar bar, owaz bar. Ba­gyň bar ýe­rin­de ba:r bar. «Bagy-bos­san­lyk» ede­bi­ýat meý­da­nyn­da göç­me ma­na hem eýe bo­lup­dyr. Bu söz aja­ýyp dur­mu­şyň, bag­ty­ýar ýa­şaý­şyň aň­la­dyl­ma­sy hök­mün­de söz us­sat­la­ry ta­ra­pyn­dan hä­zir hem iş­jeň ula­nyl­ýar.

Adam, badam we Gün

Ösümlik dünýäsinde, hususan-da, baglarda, onda-da miweli baglarda badam Günüň aşygy. Ol, edil adam ýaly, Günüň ýylysyna mätäç, oňa garaşýar hem onuň süňňüne ýyly aralaşandygy gülgüne ak reňkli güllerinden aňdyrýar. Hawa, Türkmenistanda badam ilki bolup gülleýän agaç. Ol gyş pasly çykyp-çykmanka gülleýär. Şol gülleri bilenem adamlaryň göwnüni göterýär. Ozallar badam diňe dagda hem dagetek ýerlerde bitýändir öýderdik. Görüp otursak, ol şäherde-de gögerýän eken. Birnäçe düýbi Aşgabadyň ozalky Sergi köşgüniň (häzirki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi) howlusynda, açyk asmanyň astynda gögerip, gülläp otyr. Şol badam nahallary Sumbar jülgesinden getirilip oturdylypdyr. Badama mes toprakly ýer hökman däl. Ol daşlyk ýerde-de bitýär. Magtymguly etrap merkezinden Ýokary Sumbara barýarkaň, ýoluň gyrasynda, dagyň eteginde gül açan badam agaçlary gyş bilen ýazyň sepgidinde seretmäge-synlamaga juda ýakymly. Olary görüp, göwnüň aram tapýar, basym ýazyň geljekdigine begenýärsiň hem-de islendik pasylda-da owadan görünýän türkmen topragynyň has görklenjekdigine ynanýarsyň. Şuny göz öňünde tutsaň, badam agajyna ýazyň buşlukçysy diýseň hem bolar.

Türkmen tebigaty – ajaýyplygyň hem-de gözelligiň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi, sebäbi ýurdumyzda ilatyň durmuş abadançylygy ekologiýa abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda daşky gurşawy goramaga, ony has-da baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär, şunuň bilen baglanyşykly giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen tebigatyny, onuň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak, geljekki nesillere miras goýmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, raýatlarymyz üçin amatly howa gurşawyny döretmäge gönükdirilen wezipeler üstünlikli çözülýär. Ozaly bilen, ol ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan örän ähmiýetlidir. Ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar bu günki gün has-da kämilleş

Giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işlerde ösüşlerimiziň täze sepgitlerini nazarlaýan wezipeleri kesgitledi. Milli ösüş maksatnamalarynyň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine hem-de howanyň üýtgemegi baradaky strategiýalaryna doly kybap gelýär. Türkmenistan döwletimiz uglewodorodyň uly gorlaryna eýe bolan, şol sanda pes uglerodly energiýa çeşmesi hasaplanylýan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek, içerki zerurlygy üpjün etmek bilen olaryň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak  arkaly dünýä bazaryna çykarmak bilen, bagly işler netijeli alnyp barylýar.

Geçigaplaň bilen garpyşan...

(Bolan waka) Öňdäki arçanyň aňyrsyndan hyňranyp çykan gaplaň göni çopana tarap gaýtdy. Ara bolaýsa, 20 metr. Geçigaplaň bu aralygy iki bökende alýar. Gelşine çopanyň üstüne bökdi. Jübüsinde çakgysy diýäýmeseň, çopanda ne tüpeň, ne-de pyçak bar. Iň bärkisi, elinde ujy tommaýly taýagy-da ýok. Ol geçigaplaň bilen garpyşdy...

Gandymyň seýrek görnüşi

Goýny gorly, lälezarly, güneşe baý ýurdumyzyň özboluşly, ajaýyp tebigaty bar. Eziz Diýarymyz dürli görnüşli ösümliklere baýdyr. Il içinde «Gamgyn gandym» diýlip atlandyrylýan çöl ösümligi hem güneşli ülkämiziň henize çenli doly öwrenilmedik täsin ösümlikleriniň biridir. Kyrkbogunlar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlige welaýatymyzda Kiçi Balkan dagynyň günorta-günbatar tarapyndaky giňişliklerde, Gumdag şäherçesiniň töwereklerinde duş gelmek bolýar. Her ýylyň baharynda täze şahalar ösüp ýetişip gülleýän-de bolsa, öňki ýyllardan galan şahalarynda hiç hili ösüş bolman, olaryň ýere tarap sallanyşyp durmagynyň bu gyrymsy agajy gamgyn şekilde görkezýändigi onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Çäge syramalary netijesinde üsti açylan aklaň çägeliklerde, gipsli toýunlarda ýabany ösüp ýetişýän gamgyn gandym bu ýeriň endemigidir. Bogun-bogun pürleri bolan bu ösümlik owunjak ak güllere beslenip, tohumyndan köpelýär. Gandymyň seýrek görnüşi bolan agaç gurakçylyga çydamlydyr. Ol güýz aýlarynda tohumdan gögerip çykýar. Aprel-maý aýlarynda gülleýär. Iýun-iýul aýlarynda tohumlary bişip ýetişýär. Gögerip çykandan 4-5 ýyl soňra köpelip ugraýar.

Köýtendag - täsin mekan

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024 we 2.02.2024 sanlarynda) Dinozawrlaryň belent tekizligi - Hojaýpil obasynda dinozawrlaryň belent tekizligi atly täsin bir ýer bar. Professor W.M.Sedleskiniň çaklamalaryna görä, bu sudurlarda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ot iýiji jandarlaryň - iguanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň yzlarynyň alamatlary bardyr. Yzlar daş keşbi boýunça üç barmagyň anyk bildirýän sudurlary bolup durýar. Yzlaryň aradaşlygy 1,5 metr töweregi bolup, iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresi 5 metre, agramy bolsa 5-den 10 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Uly möçberli yzlaryň arasynda uzynlygy 45 santimetre barabar bolan has kiçi sudurlar hem gabat gelýär. Bu ýerde aýak yzlaryň 400-den gowragynyň bardygy anyklanylandyr. Täsin belent tekizligiň uzynlygy 500 metr, ini 260 metr töweregidir. Umumy meýdany bolsa 6500 inedördül metre barabardyr. Bütin Köýtendagda dinozawrlaryň aýak yzlarynyň jemi 2500 sanysy bardyr. Bu täsinligi öwrenmek, goramak maksady bilen 1990-njy ýylyň 3-nji awgustynda dinozawrlaryň belent tekizligi tebigy ýadygärlik diýlip yglan edildi.

«Garga gary küýsär...»

«Gyşyň güni kyrk tüýsli…» diýilse-de, bu paslyň howasy hem gözel tebigatymyzyň keşbine özboluşly öwüşgin berýär. Gözýetimde seleňläp görünýän Köpetdagyň depesinde agaryp ýatan gar gatlaklary misli asman bilen birigip gidýän ýaly, hem Ýere, hem arşa ýagtylyk çaýýar. Gojaman daglaryň pesrägindäki baýyrlara göz aýlasaň, kerkawdyr arçalardan ýaňa göm-gök öwsüp duran baglygy diýsene?! Ýaşyl gözýetimi synlap doýup bolanok. Dag howasy bolsa janyňa tenekar. Gapdalymdaky dagdanyň çeýeje şahasynda hiňňildik uçup, petekesini gaýşardyp oturan garga: «Gar! Gar! Gar!» diýip, heşelle kakdy. Onuň gyryljyk sesine iniň jümşüldäp gidenini duýman galýarsyň. Gar bolsa diňe garganyň däl, hemmeleriň keýpini çaglap, seçelenip ýagyp dur, ýagyp dur. Gar Arşyň nury, topragyň berekedi ahyryn. «Gyşyň gary — ýaza däri» diýleni.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +14... +19 gradus maýyl bolar.