Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Diýarymyzyň tebigy gözelligi

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylyp, howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan edara-kärhanalaryň, beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda her ýyl ýazda we güýzde obalardyr şäherlerde pürli, saýaly, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy g

Türkmenistan — bagy-bossan

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bag ekmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli rowaçlanýan döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň çar künjeginde saýa salýan baglar nurana baharyň gözelligini artdyrýar.

Baharyň waspy

(Şahyrana oýlanma) Arly gyş egnine ak ýorgany ýapynyp ýatan mes toprak ir baharyň bol Güneşiniň nuruna gerinjiredi. Daýhanyň geçen güýz topraga atan tohumyny bu gün görmäge göz gerek. Ene ýere mäkäm penje uran güýzlük bugdaýyň göm-gök maýsasy ýaz ýeline özboluşly şybyrdap, tolkun atýar. Ýaňy dürterip ugran ýylakdyr gyrtyçlaryň üstündäki çyg damjalary Gün nury bilen çaknyşyp, göz gamaşdyryjy ýalkymy emele getirýär. Çyg düşen otlaryň arasyna girersiň welin, aýagyň dyzyňa çenli öl-suw bolar. Güjük, pişik ýaly haýwanlar çyg düşen otluga girmäge ýaýdanýarlar. Sebäbi çygda olaryň aýaklarynyň tüýleri ezilip, üşeýär. Goýun-guzy, owlak-geçi çyg düşen oty her niçik ajyksalar hem iýmezler. Sebäbi çygly maýsany iýseler, olar içleriniň sanjylajakdygyny bilýärler.

Durmuşyň bezegi

Adamzat taryhynda ykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt şäher — ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Merkezde döwlet ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagyna aýdyň ýollar açylýar. Aşgabatda hereket edýän ulaglaryň elýeterliligi, aragatnaşyk-infrastruktura, jemgyýetçilik-durmuş hyzmatlarynyň döwrebaplygy, myhman kabul etmek medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy göwnüňi galkyndyrýar, paýtagtymyza söýgimizi goşalandyrýar. Ak mermer paýtagtymyzyň gül goýnunda eziz Diýarymyzyň syýasy we ykdysady wakalary, jemgyýetimiziň medeni-ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik we intellektual mümkinçilikleri, durmuş ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen, tebigat bilen sazlaşýan Aşgabat ýyl-ýyldan öz çäklerini giňeltmek arkaly täze ýaşaýyş binalary, durmuş maksatly desgalary bilen ýurdumyza görk berýär, paýtagtymyzda şähergurluşyk wezipeleriniň netijeli amala aşyrylmagy durnukly ösüşiň keşbini şöhlelendirýär.

Bagy-bossan Diýarym

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, obalarymyzyň töwereklerinde ýaşyl zolaklary döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde her ýylda bag ekmek işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Miweli we saýaly agaçlaryň sanyny köpeltmek arkaly sesleriň, ýeliň güýjüni peseltmek, ýylylygy hem daşky gurşawyň howasynyň adam üçin has arassa bolmagyny gazanmaga uly ähmiýet berilýär. Howamyzyň arassa bolmagy üçin ak ýollarymyzyň ugrunda, dürli seýilgählerde ekilýän agaçlaryň möhüm orny bar. Diýarymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ekologiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş gurşawyny soňky nesillere göze we göwne ýakymly nusgada galdyrmak döwletiň baş wezipesi hasaplanýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde hojalyk galyndylarynyň zyýansyzlandyrylmagyna we gaýtadan işlenilmegine, gündelik durmuşda tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap çözgütler kabul edilýär.

Daşky gurşawy goramak – derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňzi

Biler bolsaňyz!

Benewşe reňkli bugdaý Russiýanyň K.A.Timirýazew adyndaky döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary bugdaýyň täze sortuny ösdürip ýetişdirdiler. Onuň däneleri benewşe (fioletowyý) reňkdedir.

Köýtendag gözellikleri

Eziz Diýarymyza bahar pasly geldi. Baharyň jana hoştap howasy, adaja öwüsýän şemaly her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Şeýle hem bahar pasly tebigatyň janlanýan, gözel keşbe eýe bolýan döwrüdir. Şeýle ajaýyp gözelligi ýurdumyzyň owadan künjegi bolan Köýtendagda hem görmek bolýar. Köýtendag döwlet goraghanasynyň merkezi bagyndan üç kilometr uzaklykda ýerleşýän Hojagarawul deresi hem örän täsindir. Şonuň üçin hem ol ýerden guşlar barada käbir ylmy maglumatlary almak mümkin. Baharyň ýürekleri joşa getirýän wagty haýwanlar hem ikiýana at salýarlar, ähli zat hereketde. Bahar otlarynyň ýüzlerçe görnüşi dag eteklerinde we derelerde ösüp, dürli güllere bürenýärler. Dürli otlaryň daş-töwerege ýaýradýan ysy bark urýar. Bularyň hemmesi türkmen tebigatynyň ajaýyp gözelligidir.

Ba­gy-bos­san Di­ýa­rym

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Türk­men hal­ky geç­miş dö­wür­ler­den bä­ri te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şap gel­ýär. Dün­ýä­niň ösen ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­ri­niň esa­sy ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, has ta­ky­gy, dag çeş­me­le­ri, amat­ly ho­wa gur­şa­wy bu ýer­le­riň ösüm­lik dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gyn­da wa­jyp or­ny eýe­läp­dir. Ge­çi­ri­len ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de ga­dy­my dö­wür­ler­de hem gül­läp ösen ýaý­la­la­ryň bo­lan­dy­gy, paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy, mi­we­li bag na­hal­la­ry­ny giň­den ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Agaç­lar adam zäh­me­ti­niň jan­ly ýa­dy­gär­li­gi bo­lup, onuň te­bi­ga­ta söý­gü­si­niň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Güllere yhlas edip

Gün dogup, ýaňy daň agaryp başlanda, gülçi zenan Jeren Hudaýkulyýewa iş ýerine ugraýar. Ýaz gününiň säheri şäheriň görkana keşbini barha nurlandyrýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygynyň şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň ýyladyşhanasynda gülçi bolup işleýän bu zenanyň her iş güni şeýle gözel görnüşler bilen başlanýar. Ol bu asylly kärde 24 ýyl bäri yhlasly işlemek bilen, halypalyga ýetişdi. Şäher eteginde ýerleşýän ýyladyşhananyň gülçüleri dürli görnüşli gül ýetişdirip, olary şaýollaryň ugrunda ýörite gabaraly güldanlarda oturdýarlar. Gözýetime uzap gidýän ýaşyl zolak Zemine begres ýazylan ýaly bolup görünýär. Hatar jaýlaryň çar ýany, meýdançalar gülzarlygy ýada salýar. Bu gözel görnüşe älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri aýratyn öwüşgin berýär. Tebigy sazlaşyk gözellik mukamyna meňzeýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Bahar — köňülleriň aýdymy

Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi. Baharyň — ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp.

Tebigatyň gözelligi – zeminiň ýaraşygy

Bahar! Sen ýene-de türkmen sährasyna mylaýym ýelleriň bilen gadam goýduň. Ýaşaýşyň, ömrüň başlangyjy - ajaýyp bahar! Köňülleriň soltany bahar! Eýsem seniň waspyňy etmedik, seniň gül-gülälekli mahmal ýaýlalaryňa, ýaşyl maýsalaryňa, hoştap howaňa, mymyk ýelleriňe melul bolmadyk adam barmyka?! Bahar paslynda açylýan gülleri, gülälekleri görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň tämiz howasynyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi, çagalaryň şadyýan gülküsi, olara mährini siňdirýän eziz eneler, owadan gelin-gyzlar ýazyň gelşigi. Baharyň - ýazyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Asmanda birden Gün çykyp, ähli ýer ýaldyrap duran bolsa, birden hem ýagyş ýagýar. Ýaz pasly ähli bag-bakjalar owadan güller bilen örtülýär, meýdanlar ýaşyl dona bürenýär. Bu pursadyň gözelligini synlamak diýseň ajaýyp. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Güllere bark bolup oturan türkmen sährasy! Sen şu pursat nähili gözel, nähili ajaýyp! Belki, seniň ynsan göwni bilen beýik sazlaşygyň öz dünýäň bilen biziň dünýämize bolan mahalyň bolup geçýändir. Ýumruk ýaly ynsan göwni nähilii mert, kuwwatly hem bolsa, ol duýga gezek gelende ejizdir. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, seniň ala-baharlaryň ynsanlaryň hersini bir ahwala salýar.

Köýtendag - täsin mekan

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024, 2.02.2024 hem-de 14.02.2024 sanlarynda) Umbar deresi - Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine hem haýran galýarsyň. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly adamyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly adam ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan halky talaňçylardan gorar ekeni. Bir gezek ol talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, talaňçylar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga ýarmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy ondan galmaýar. Şol barmana olaryň öňlerinden bir dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzügra böküp geçipdir. Kowguçylaryň bolsa biri hem bu bu dereden bökmäge milt edip bilmändir. Ine, şondan soň bu deräni “Umbaryň deresi” diýip atlandyrypdyrlar. Oňa Umbaryň şaglawugy hem diýilýär.

Biler bolsaňyz!

Dubaýda iň uly emeli rif gurlar Dubaý şäherinde «Dubai Reef» taslamasy esasynda dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri gurlar. Suwda ýüzýän şäheri ýadyňa salýan «Dubai Reef» taslamasy 600 inedördül kilometr meýdanda dürli ölçegli emeli rifleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Rif modullarynyň umumy göwrümi her ýyl 7 million tonna bolup, uglerod tutmak ukyby 400 müň kubmetrden gowrak bolar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi merjen riflerini dikeltmäge, kenarýaka zolaklaryny goramaga we Dubaýyň kenarýakasynyň deňiz biodürlüligini dikeltmäge ýardam berer.

Baharda güller açylýar

Ynsanyň ýaradylyşy örän täsin. Gözi gara düşüp ugrandan küýsegi owadanlyg-u-gözellik. Şolar ynsanyň kalbyna diňe joşgun bermän, eýsem, onuň ýaşaýyş-durmuşyna hem öz täsirini ýetirýän bolmaly. Alymlaryň köpýyllyk tejribesi adamyň häsiýetiniň, durmuş ýörelgesiniň, ömrüniň onuň dünýä inen topragy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny subut etdi. Bahar pasly mylaýym howasy, gülleriň pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, ýakymly ysy bilen jana tenekar. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käbir ýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň bark urýan, tebigatyň durkunyň we howasynyň täzelenýän döwrüdir.

Günüň parçasy ýaly

Mürepbeleriň hemmesi hem gowudyr welin, emma erik mürepbesine taý geljegi ýok. Onda hemme zat — hem tagam, hem ys, hem görnüş jemlenipdir. Iýmek üçin birje çemçäni agzyňa elteniňden, onuň reňki gözüňi dokundyrýar. Azajyk gyzyl goşulan dury sary reňk Günüň reňkine çalym edýär. Agzyňa atanyňdan onuň tagamyndan öň, ysy beýniňe dolýar. Şol wagt adam agzy bilenem ysy duýup bilýär-ow diýersiň. Tagamyny diýsene! Mürepbeleriň içinde erigiň mürepbesi ýaly süýjüsi ýok diýdirýär. Dodaklaryňy ýalap, agzyňy şapbyldadyp durşuňa çemçäni ýene kiçijik tabakdaky mürepbä uzadanyňy özüňem duýmarsyň. Sowuk günlerde irden işe gaýtmankaň, erigiň mürepbesi bilen birje käse çaý içseň, göýä daşardaky sowuk bir ýana giden ýalydyr. Köp garaşdyran tomus pasly çogly Güni bilen ýanyňa gelen ýalydyr. Ylla, agzyňa atanyň owkat däl-de, Günüň bir parçasy ýalydyr. Sebäbi ondan tomsuň ysy gelip dur, «haý» diýmän, çogly Güni, bal ýaly iýmişleri bilen tomus pasly, göwnüňe, ýazyň üstünden ätläp, işigimize geljek ýaly bolup dur. Adam diýeniň geň-ow: sowukda yssyny, yssyda sowugy küýseýär. Ýöne tebigat parasatly. Onda bolmaly zatlar öz nobatynda bolup dur. Gün dogýar, ýaşýar. Agaçlar gülleýär, miwe berýär. Bu yzygiderlilige adam täsir edip bilmeýär. Öz başarnygy bilen onuň lezzetini gaýtadan duýmaga mümkinçilik alýar. Mysal üçin, dürli miwelerden mürepbe gaýnadyp, gyşyň aýazynda tomsuň lezzetini duýup bilýär.

Ajap eýýamyň bahary

...Alabaharda asmandan ötýän lemmer-lemmer bulutlar kimin, gün yzyna gün, hepde yzyna hepde, aý yzyna aý, ýyl yzyna ýyl geçip, pelegiň gerdişi şo-ol aýlanyp dur, aýlanyp dur. Şunda adamyň bitiren işi, gazanan alkyşly ömri, ýagşy ady galýar. Emma şeýlebir ynsanlar bar, olar özleriniň ismini bakylyga ýaran etmegi başarýarlar, soňra eýýamlar ötüp, döwranlar dönse-de, nesilme-nesil ýatlanýarlar, hatyralanýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri-de türkmen halkynyň ruhy seždegähi Magtymguly Pyragydyr. Ine, bu ýylyň şygary-da beýik söz ussadynyň mübärek ady bilen bagly. Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan Garaşsyz Diýarymyza ýene-de ýaz geldi, şu günem onuň ilkinji güni. Ýazyň ýagmyrly, bereketli gelmegi hem bu ýylyň döwre ýaraşykly, düşümli ýyl boljakdygyndan nyşan.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Hut şonuň üçin ynsan ogly mydama tebigatyň, tebigy gözellikleriň aşygy. Çünki tebigat öz owadanlygy we sazlaşygy bilen adamyň diňe bir ýaşaýşyny, durmuşyny gözelleşdirmän, ruhy dünýäsini hem baýlaşdyrýar, ylham-joşgunyny oýarýar. Şuňa laýyklykda owadan tebigata, özboluşly ösümlikdir haýwanat dünýäsine eýe bolan güneşli Diýarymyzda biziň her birimiz olaryň has hem baýlaşmagy, gözelleşmegi, netijede daşky gurşawyň abadançylygy üçin yhlas etmäge borçludyrys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatdan tygşytly peýdalanmak, bioköpdürlüligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen juda oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylan, öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslandyrylan «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bu taglymatyň netijesinde ata Watanymyzyň ekoulgamy ýylsaýyn baýlaşýar, halkymyzyň saglygyna hem oňaýly täsir edýär.

Pasyllaryň soltany seýil-seýranda

Bu gün biz örän ýakymly duýgulary başdan geçirýäris. Aýazly-aňzakly gyş bilen hoşlaşýarys. «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz» diýlişi ýaly, gyş öz wagtynda hökmüni doly ýöredip bildi. Ýagyn-ygal köp boldy, ene toprak nemlendi, yzgar paýyny aldy. Bu bolsa geljekki bol hasyldan, bereketden nyşan. Ynha, indi gyşyň öz ornuny bahar-ýaza bermeli pursady geldi. Pasyllaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlygy, täsinligi bar. Ýöne pasly-baharyň ynsan üçin arzysy hem, lezzeti hem, ýakymy hem başgaça. Ol — täzelenişiň, ýaşaýşyň buşlukçysy. Hut baharda tebigat gaýtadan janlanyp, gök begrese, gül-jäjege beslenýär. Sähra-düzlerimiz, dag-derelerimiz ajaýyp keşbe girýär. Taňry ýalkan türkmen tebigatynyň bu gözelliklerinden hiç doýup-ganyp bolmaýar. Begenç, şatlyk hem buýsanç kalbyňy gurşap alýar.