Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

«Hazaryň» milli baýlyklary

Ýakynda biz Türkmenbaşy şäherindäki «Hazar» döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan «Tebigat» muzeýine bardyk. Bu ýerde goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Sähetmyrat MÄMMEDOW bilen duşuşyp, goraghananyň alyp barýan işi dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Sähetmyrat aga, bize goraghanaňyz, onuň döreýşi barada gürrüň beräýseňiz?

Kano kristales — Kolumbiýanyň reňkli derýasy

Kano Kristales – Kolumbiýanyň ajaýyp derýasydyr. Ispan dilinde onuň ady «kristal derýa» diýmegi aňladýar. Guşuçar belentlikden synlasaň, derýa akymy älemgoşara meňzeýär. Gyrmyzy-gyzyl, gara, sary, mawy we gülgüne reňkleriniň dürli öwüşginleri suwdaky endemiki suwotulary Makarenýa klawigera berýär. Landşaftlaryň gözelligi we tebigatyň baýlygy üçin ajaýyp derýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu derýa Kolumbiýanyň Serrania de la Makarena milli seýilgähiniň çäginden akýar. Suwda zibil duzlar we minerallar ýok diýen ýaly, şonuň üçin derýada balyk hem ýok. Suwasty dünýäniň doýgun gyrmyzy, sary, ýaşyl, gök we gara reňkleri bir metr çuňlukda-da görünýär. Älemgoşary ýada salýan bu derýanyň düýbünde tegelek tebigy guýular bar. Derýada reňkleriň öwüşginlerini diňe gurak möwsümde — iýun aýyndan noýabr aýyna çenli görüp bolýar.

Seýrek guşlaryň goragynda

Guşlar dünýä ýüzüne giňden ýaýran. Olaryň arasynda suwda ýüzýänleri, kenar ýakalaryndaky suw-batgalyk hem-de gury ýerlerde ýaşaýanlary bar. Guşlar dünýäsinde, adatça, köp sanlysy we juda seýrek duşýanlary bolýar. Seýrek gabat gelýänlere gyzylgaz, buýraly we gyzgylt gotan, toklutaý, bezbeltek, soltantowuk, turaç, gorçy ördek we beýlekiler degişlidir. Has az duşýanlara gamaburunlylar diýen topary mysal getirmek mümkin. Ýer ýüzünde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi mälim bolsa, şolardan 422-si Türkmenistanda duşýar. Gamaburun ala we gara garga ölçegli, uzyn aýakly we çüňkli bolýar. Çüňküniň ujy aşaklygyna egilen. Bu alamaty bilen ony meýdan işleri geçirilende, beýleki köp guşlardan aňsat tapawutlandyrmak bolýar. Çüňküniň uzynlygy 10 — 15, ganatlarynyňky 27 — 30 santimetre barabardyr. Guýrugynyň aşagy gara. Çüňki we kellesiniň ýalaňaç bölegi (gözüniň töweregindäki halka we alkymy) ýaşylymtyl goňur reňkde. Aýaklary ýaşylymtyl gara. Kellesi we boýnunyň üstki böleginiň ýelekleri gyşky örtükde ak gaýmaly toprakpisint goňur. Gamaburun dünýä ýüzünde giňden ýaýrandyr. Ol Günorta Ýewropada, Kiçi, Alynky, Orta Aziýada, Hindistanyň we Hindi-Hytaýyň demirgazyk böleginde, Awstraliýada, Merkezi we Günorta-Gündogar Afrikanyň käbir ýerlerinde, Demirgazyk hem-de Merkezi Amerikanyň günorta-gündogar kenarynda, Türkmenistanda uly derýalaryň jülgesinde, köllerde, Hazaryň boýunda duşýar. Höw

Bagy-bossan, gül Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýän ata Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli geljegi, agzybirligi we bagtyýar ýaşamaklary babatda uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Diýarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli hyzmat ediş binalary, dünýä ülňülerine gabat gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri, köpugurly sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary mähriban halkymyzyň hyzmatynda. Şeýle ajaýyp binalaryň töweregini, seýilgähleri güller, saýaly baglar bilen bezemek ýaşaýşa bolan höwesimizi beýgeldip, ruhuňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize ruhy lezzet eçilýär.

Luw ýylynyň howasy

Müçe hasabynyň soňky it, doňuz ýyllary ýaly, luw—balyk ýyly hem aglaba ygally ýyl bolýar. 1964-nji, 1976-njy ýyllaryň baharynda gögüň «bujagy çözülen» ýaly boldy we ýyl bereketli geldi. Dowam edip duran luw ýylynda ygalymyz köp bolmaly, toprak gowy yzgarlanmaly. Çopanlary, çoluklary, babadaýhanlary ýylgyrydýan ýyllaryň biri bolmaly. Meýdanlar ýaşyl begrese bürenýär, gülälekler, çigildemler, kömelekler köp bolýar, dagetek sebitlerinde domalanlaryň bolmagyna-da şert döreýär.

Hazar düwlenleri

Ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi barada bilmek biziň her birimiz üçin gyzyklydyr. Şolaryň biri hem Hazar deňzinde ýaşaýan, süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolan Hazar düwlenidir. Düwlenleriň bu görnüşi Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdiriji jandary hasaplanýar. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçiligi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň bedeniniň uzynlygy 130 – 150 santimetre, agramy 50 – 85 kilograma golaýdyr. Hazar düwlenleri reňki boýunça ak düwlenler, gök düwlenler, ala düwlenler ýaly görnüşlere bölünýärler. Olar süri bolup ýaşaýarlar, gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, suwda çalt ýüzýän jandar hasaplanylýar. Olaryň käbir görnüşi suwda sagatda 25 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Olaryň öň tarapky ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Dünýäde düwlenleriň 30-dan gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Hazar düwleni ýylyň ýaz-tomus aýlarynda Hazar deňziniň orta we günorta böleginde, ýagny Ogurjaly adasynyň kenarlarynda, açyk suw giňişliklerinde gezýär, howanyň ýyly döwri bu ýerler balyklaryň sürüsidir suw leňňeçlerini awlamak üçin amatly hasaplanylýar. Güýzüne bolsa olar deňziň demirgazyk-gündogar böleginde toplanýarlar we şol ýerde gyşlaý

Tebigaty söýüjiler gözelligiň goragynda

Golaýda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guran çäresine welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Tutumly usuly-okuw maslahatynyň şu ýerde geçirilmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bar. Köýtendag ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolmak bilen, özünde janly-jandarlaryň, ösümlikleriň örän seýrek duş gelýän görnüşlerini jemleýär. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýewiň, şol bölümiň tebigat gözegçisi we wagyzçysy Rejepgül Huddyýewanyň, Lebap welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň uly leýtenanty Agajan Weliýewiň we beýlekileriň çykyşlarynda umumadamzat ähmiýetli meselelerde ýurdumyzyň dünýä nusgalyk görelde görkezýändigi, dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, tebigatda deňagramlylygy saklamakda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi buýsanç bilen bellenilip geçildi. Bu işlere tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalary işjeň gatnaşýarlar. Tebigata aýawly çemeleşmek, ýangyn howpunyň öňüni almak bilen baglanyşykly geçirilýän öwüt-ündew çäreleri saýaly we miweli agaçlaryň, dürli

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

ABŞ-da soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyk

Günbatar Wirjiniýa uniwersitetinden amerikaly alymlar ABŞ-nyň günbatar böleginiň soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyga duçar bolandygyny anykladylar. Yzgar ýetmezçiligi bu ýerde soňky 23 ýyl bäri saklanýar diýlip, ylmy edaranyň saýtynda habar berilýär. Hünärmenler agaçlaryň ýaş halkalaryny öwrenip, häzirki dowam edýän 23 ýyllyk gurakçylygyň, takmynan, b.e. VIII asyryndan bäri iň güýçlüsidigini anykladylar.

Ýewropada yssy howanyň yzýany gar ýagdy

Merkezi Ýewropa geçen hepdede gar ýagdy. Bu sebitleriň ýaşaýjylary şu baharda 30 gradus yssy howa bilenem ýüzbe-ýüz bolupdylar. Ýewropada howanyň şeýle üýtgemegi köpleri geň galdyrýar. Geçen hepdäniň sişenbe gününden başlap, Awstriýanyň käbir etraplarynda gar ýagyp başlan bolsa-da, öňki hepdäniň dynç alyş günleri ol ýerlerde howa 30 gradusdan hem ýokary derejede maýyldy. Gar düşmegi bilen baglylykda ýollarda hereket kynlaşdy.

Güller — göwünleriň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäherdir obalaryny has-da gözelleşdirmek, abadanlaşdyrmak babatda amala aşyrýan işleriniň, bu ugurdaky goldawlarynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini welaýatymyzyň merkezi Daşoguz şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde, meýdançalarynda, edara-kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň töwereklerinde emele gelýän gözel görnüşler ýylsaýyn artyp, hemmeleriň ünsüni çekýär. Bu ýerde alnyp barylýan şeýle işlere Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hatarynda kärhananyň ýyladyşhana bölüminiň agzalarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýtmak bolar.

Bahar gözelligi — fotosuratlarda

Türkmen tebigaty täsinliklere, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni çekýän ajaýyp künjeklere, gözelliklere juda baý. Jümle-jahanyň gaýtadan janlanyşy, täzelenişi başdan geçirýän nurana ýaz paslynda bolsa sahawatly sähralaryň, dag-dereleriň, deňizdir derýa boýlarynyň, köl ýakalarynyň gözellikleri, umuman, mukaddes türkmen topragyna mahsus ähli ajaýyplyklar özi-de tebigatyň bir bölegi bolan ynsan kalbyna aýratyn ylham berip, ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň doktoranty, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Allamyrat AKMYRADOWYŇ ýurdumyzyň dürli künjeklerine amala aşyran ylmy-döredijilik iş saparlary mahalynda düşüren köp sanly fotosuratlarynda hem şeýle ajaýyplyklar aýdyň şöhlelenýär. Onuň fotosuratlarynda, öz käri bilen baglylykda, Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsiniň, esasan-da, dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, jana şypaly dürli künjekleriniň gözellikleri açylyp görkezilýär.

Biler bolsaňyz!

Kepel agajyKepel agajynyň (Stelechoсarpus burahol) watany Indoneziýanyň Ýawa adasy hasaplanýar. Kepel agajy diňe ýyly ýurtlarda ösýär. Bu miweli agajy Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletlerinde hem ösdürip ýetişdirýärler. Kepel — hemişe ýaşyl öwüsýän agaç bolup, boýy 20 — 25 metre çenli ýetýär. Onuň dik ösýän baldagy çalymtyl-goňur ýa-da goýy mele reňklidir. Bir agajyň özünde uzynlygy 12 — 30 santimetr bolan goýy ýaşyl, gülgüne reňkli ýapraklary görmek bolýar. Baldagynyň aşaky böleginde uzyn miwe sapaklarynda miweleri bolýar. Miweleriniň ýakymly ysy bolup, olaryň uzynlygy 60 santimetr, ini 4,5 santimetr bolýar. Şekili boýunça armyda meňzeş bolup, daşy galyň mele gabyk bilen örtülendir. Miwesiniň süýji, mango meňzeş tagamy bolup, olaryň bişendigini diňe kesip görmek bilen bilip bolýar. Miwesiniň içki etlek gatlagy mele ýa-da goýy sary reňkde bolsa, onda onuň bişendigini aňladýar.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Bag ekmek — sogaply iş Bag ekmek sogap işleriň biri hasaplanylýar. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ýörelge ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň her ýyl köpçülikleýin bag ekmek boýunça ýörite Karara gol çekmegi bu işiň bahar, güýz aýlarynda giňden ýaýbaňlandyrylmagyna badalga berýär.

Iň uzyn derýalar barada

AMAZONKA Iň uzyn derýanyň haýsydygyny kesgitlemek ahyry alymlara başartdy. 2014-nji ýylda amerikan alymy Jeýms Kontos öz ylmy-barlaglarynyň netijesine görä, Amazonka derýasynyň Nil derýasyndan onlarça kilometr uzyndygyny subut etdi. Şeýlelikde, Amazonka derýasy dünýäde iň uzyn derýa bolup, onuň uzynlygy 6 müň 800 kilometre deňdir. Onuň suw howdanynyň tutýan meýdany bolsa 6,9 million kilometr inedördüle barabar. Bu derýa Braziliýa, Peru, Boliwiýa, Kolumbiýa, Ekwador, Wenesuela, Gaýana döwletleriniň çäginden akyp geçýär.

Ýurdumyzda täze tokaý-seýilgäh zolaklary döredilýär

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir. Iň gadymy döwürlerde-de adamlar dogduk ülkesini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek üçin suwaryş ulgamlaryny döredip, dürli görnüşli baglary ýetişdiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçilikleriň we öňdebaryjy usullaryň netijesinde bu işler netijeli häsiýetde ýerine ýetirilýär. Bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň möçberini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallara barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda olary ýetişdirmegiň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyrylýar. Ýaşyl tokaý zolaklarynyň kemala getirilmeginiň öňdebaryjy suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir.

Täsin tebigatly Täjigistan

Gün sistemasynda-da Täjigistan bar. Has takygy, Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky kiçijik planetalaryň biri şeýle atlandyrylýar. Bu at oňa dünýä astrofizika ylmynyň ösüşine mynasyp goşant goşan täjigistanly alymlaryň hormatyna dakyldy. Ýöne biziň gürrüňimiz asman giňişligindäki däl-de, goňşy döwletimiz Täjigistan Respublikasy barada. Täjigistan — zoroastrizm, yslam, pamir we budda medeniýetleriniň ulaşan ýurdudyr. Bu ýurtda halkyň milli mirasyndan, datly tagamlardan başlap tebigatyň gözelliklerine, taryhy ýadygärliklere çenli ähli zat syýahatçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Olaryň arasynda Buddanyň toýundan edilen 12 metrlik heýkeli, Samanidleriň we Kir II patyşanyň, Garakölüň we «Ýedi gözel» şaglawugynyň ajaýyp görnüşleri, dünýäniň iň beýik belentlikleriniň 50-siniň sanawyna girýän Ysmaýyl Somony belentligi ýaly täsin ýerler bar.

Hoş geldiň, bahar!

Ganat bolup Arşyň ylham atyna,Zeminiň kalbyny yran, baharym.Meýmiräp kuýaşyň muhabbetine,Yşgyň közi bolup körän, baharym. Älemiň gümmürdäp huşa gelmesi,Derýalaň lummurdap joşa gelmesi,Duýgulaň serhetden aşa gelmesi,Sämeden serlerňe seýran, baharym.

Çeşme-çaýlar dolup akýar

Gojaman Köýtendagda bahar pasly hökmürowanlyk edýär. Şahandaz paslyň ýyly demi ähli barlyga özüniň jadylaýjy täsirini ýetirýär. Ot-çöpler gülläp, ýaprak çykaryp, dagyň gözelligine gözellik goşýar. Baglaryň şahalarynda bolsa dürli guşlar owaz edip, ülkämizde ýene bir täzeleniş döwrüniň başlanýandygyny äleme jar edýär. — Üstümizdäki ýylyň gyşy öňki ýyllar bilen deňeşdirilende aşa ygally geldi. Bu ýagdaý bizi örän guwandyrýar. Sebäbi dagyň we dag eteginiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abadançylygy köp derejede tebigatyň bu ýagdaýyna bagly bolup durýar— diýip, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri Näzik Öwezowa kanagatlanma bilen gürrüň berýär.

Ýaz nygmaty

Ýaz nygmaty bolan kömelek gök gürläp, ýyldyrym çakyp ýagan ýagyşdan soň gögerýär. Kömelek gözlemegiň, tapyp almagyň hem özboluşly düzgüni barada ene-atalarymyzyň beren maslahatyny biz bu gün öz çagalarymyza gaýtalaýarys. Kömelegiň köp bolýan ýerine «kömelekhana» diýilýär. Kömelekhanadaky uzynja, akja sapaklar ýüzlerçe ýyl ýaşap bilýär. Şol akja köklerden hem kömelek emele gelýär. Kömelegi tapanyňda ony düýbüniň gumy bilen goparmaly däldigini, aýratyn hem, güberilip duran ýeri çöpjagaz bilen dyrmalaşdyryp kömelek alnanda, ony köki ýerde galar ýaly edip almalydygyny tabşyrýardylar. Ýene bir bilmeli zat, kömelek alan ýeriňdäki emele gelen çukurjygy gum bilen gömmeli. Ýogsam, kömelegiň kökleriniň gurap, ýeliň ugruna uçup gitmegi mümkin.