"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Tä­ze ha­sy­lyň ala­da­sy

Go­wa­ça eki­şin­de Ka­ka et­ra­by­nyň kä­ren­de­çi­le­ri­dir ýer eýe­le­ri jo­gap­kär­li möw­süm bo­lan go­wa­ça eki­şi­ni ir­ki möh­let­de ta­mam­la­mak hy­ju­wy bi­len zäh­met çek­ýär­ler. «Pä­himpaý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da 22 müň gek­tar meý­dan­da go­wa­ça eki­şi­ni eke­ran­çy­ly­gyň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­gi me­ýil­leş­di­ren et­ra­byň oba zäh­met­keş­le­ri hä­zir­ki gün­le­riň her bir sa­ga­dyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar­lar.

Bananyň bol hasyly ýygylýar

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri köp öndürmek bilen, ildeşlerimiziň bu babatdaky isleglerini has doly kanagatlandyrmak barada beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan «FERHAR» hojalyk jemgyýeti Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda banan hasylynyň ilkinji tapgyryny alyjylara hödürläp başlady. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, telekeçi Batyrmyrat Orazsähedowyň ýyladyşhana şertlerinde banan önümçiligini ýola goýmagy maksat edinip, döreden jemgyýetiniň işi häzirki döwürde rowaçlyk tapdy. Bu ýerde yhlasly işleýän işgärleriň tagallasy bilen ýylyň-ýylyna bananyň bol hasyly alynýar. Mineral dökünler bilen kadaly iýmitlendirilýän, damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarylýan bananlar bu ýyl hem eýesini dilgir etmedi. Mart aýynyň ortalarynda hasyl ýygymyna girişen banançylaryň janypkeşlikli zähmeti netijesinde şu ýylky hasylyň ilkinji tapgyrlary ýerli ýaşaýjylara ýetirildi. Häzir hasyl ýygymy dowam edýär. Banan ösümliginiň bereketli bolmagy, ýetişen hasylyň öz wagtynda ýygylyp, alyjylara ugradylmagy üçin ýyladyşhanada işleýänleriň ählisi janypkeşlikli zähmet çekýär. Aýratyn-da, işgärleriň arasyndan Rejep Täşliýew, Nepes Welläýew, Parahat Akweliýew tutanýerli zähmet çekýärler.

«Tebigy ekinde» zähmet gaýnap joşýar

Çärjew etrabynda 953,5 gektar meýdana uzap gidýän Ruslan Bäşimowyň ýolbaşçylyk edýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda baharyň ilkinji günlerinden başlap hereket güýjedi. Hojalykda howanyň maýlamagy bilen ekilen ekinleriň agramly böleginden häzirki günlere çenli gowy gögeriş alyndy. Eýýäm 350 gektar meýdanda ýeralma, 7 gektar meýdanda ýazky kelem ekildi. 20 gektar meýdany bolsa sogan tutýar. Bu entek hemmesi däl. Wagtyň geçmegi bilen gök we bakja ekilen atyzlaryň meýdany artýar.

Yhlasly zähmet çekýärler

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň kärendeçi daýhanlary 2024-nji – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek, öňde goýlan borçnamalary ýerine ýetirmek üçin şu günler yhlasly zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga berlen gowaça ekişi şu günler gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda suwaryş we iýmitlendiriş işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ekişde kuwwatly tehnikalara erk edýän mehanizatorlar ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy ekişiň ýokary hilli, bellenen möhletde ýerine ýetiriljekdigine bolan ynamy döredýär.

Göwnüňi göterýän ýaşyl maýsalar

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşigi iri tohumçylyk hojalyklarynyň biri bolmak bilen, her ýyl bu ýerde ak ekiniň bereketli hasyly kemala getirilýär. Hojalygyň gallaçy kärendeçileri geçen ýylyň güýzünde 6 müň 200 gektar meýdana güýzlük bugdaý ekip, häzirki wagtda ýaşyl öwsüp oturan maýsalara göwnejaý ideg edýärler. Daýhan birleşiginde kemsiz idegi ýetirilýän ýaşyl maýsalaryň şu günlerdäki boý alşy örän gowy. Ýer eýeleriniň aladasyna gurşalan maýsalaryň ählisi bellenilen möçberdäki fosfor hem-de karbamid dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Pagta süýüminiň esasy hil görkezijileri we olaryň kesgitlenilişi

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde edermen pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gowaçalaryň hatar-hatar bolup, endigan gögerip çykmagy, ekin meýdanlaryna özboluşly gelşik berýär. Gowaçany, esasan, pagta süýümini almak üçin ösdürip ýetişdirýärler. Şonuň üçin pagta süýüminden dokalýan matalaryň hili hem süýümiň hiline bagly bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dokma senagatynyň döwrebap ösmegi bilen pagta süýüminiň hiline bolan talaplar has-da artýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren ylmy-barlag Pagtaçylyk institutynda hem «Pagta süýüminiň hil tehnologiýasy» bölümi açyldy. Ol bölümde pagta süýüminiň berkligi, inçeligi, üzüliş uzynlygy ýaly süýümiň birnäçe hil görkezijileri kesgitlenýär.

Çarwa hasaby

Mähriban halkymyzyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Aý-Gün senenamasyna laýyklykda, Nowruz döwri türkmen topragynda öz hökmüni ýöredip başlady. Şonuň üçin onuň özboluşly howa aýratynlyklary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykowa ýüz tutduk. Şonda ol Nowruz döwründe bolup biläýjek howa ýagdaýlary baradaky köp ýyllaryň dowamynda synçylyk esasynda toplan tejribesine we ylmy çaklamalara esaslanýan garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: — Türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biri hasaplanylýan Nowruzyň mart aýynyň 20-sine gije sagat on ikiden soň, ýigrimi birinji marta geçilýän güni, gije-gündiziň ýazky deňleşýän wagtydygyny okyjylarymyzyň köpüsi bilýän bolsa gerek. Adamlar sowuk howaly gyşdan soň, ak öýleriň üstüne örtülen galyň ak keçeleri aýryp, ak ýa-da çal reňklerdäki keçe bilen öýlerini basyrypdyrlar. Bu yrym täze günde, täze ýaşaýyşda «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýen hoşniýetli arzuwlardan ugur alnyp amala aşyrylypdyr. Şol gün adamlar daş-töwereklerini, mal ýataklaryny birkemsiz arassalapdyrlar.

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen gowaça ekişi möwsümine guramaçylykly girişen welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri ýadawsyz zähmet çekýärler. Başarjaň kärendeçi daýhanlaryň yhlasy bilen ene topraga tohum taşlanan meýdanlaryň gektar sany günsaýyn artýar. Häzirki gyzgalaňly günlerde Akdepe etrabynyň «Gyzyltakyr» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem bu babatdaky işlere saldamly goşant goşýarlar. Şu möwsümde daýhan birleşiginde 1360 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilip, onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Daýhan birleşiginiň başlygy Baky Babaýewiň gürrüň bermegine görä, Ýarykbaý Allabaýewiň, Gülşen Paltaýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlary gowaça ekişinde has-da tapawutlanýarlar. Toparlaryň kärendeçileri agrotehniki talaplara laýyklykda nusgalyk işleri alyp barýarlar. Ekişi ýokary depginde geçirmekde oba hojalyk tehnikalarynyň öňdengörüjilikli işledilmeginiň ähmiýetini aýratyn bellemek möhümdir. Bu babatda mehanizatorlar Arslan Hudaýbergenow, Serdar Gurbanow dagynyň yhlasly zähmeti muňa oňat şert döredýär.

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda pomidor eksportyny artdyrdy

Türkmen pomidory daşary ýurtlaryň bazaryndaky ornuny barha berkidýär. 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda türkmen pomidorynyň daşary ýurtlara eksporty 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 göterim ýokarlandy. Türkmen pomidorynyň esasy satyn alyjylary Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy bolup durýar. Hususan-da Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen pomidoryň möçberi babatda uly ösüş hasaba alyndy. Has takygy, şu ýylyň birinji çärýeginde gazak bazaryna iberilýän türkmen pomidorynyň mukdary 20 göterim ýokarlandy.

Ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar

Daýhanlaryň ýerden bereketli hasyl almagy ugrunda çekýän janypkeşlikli zähmetiniň ýerine düşmegi üçin suw hojalyk işgärleri ýylyň ähli pasyllarynda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar suwaryş we zeý suw akabalaryny wagtly-wagtynda arassalamak bilen ýeriň hasyllylygyny ýokary galdyrmaga önjeýli goşantlaryny goşýarlar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki suwaryş akabalarynyň kadaly akmagy, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almakda zeý suw akabalarynyň arassa ýagdaýda bolmagy ugrunda dynuwsyz işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Daşoguzýersuw gurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň  kuwwatly ýer gazyjy tehnikalary bilen etrabyň Aýböwür, Görelde, Bitaraplyk we Nazly Gylyjow adyndaky geňeşlikleriň çäklerindäki içerki suwaryş we zeý suw akabalaryny arassalamakda netijeli işler amala aşyrylýar. Bu kärhananyň 3 sany «Komatsu – 210» kysymly ýokary öndürijilikli ýer gazyjylary hem-de bir sany ýer tekizleýjisi bilen etrabyň Dostluk geňeşliginiň çäginde «Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak» maksatnamasynyň 2-nji tapgyry boýunça 3 kilometr 400 metr ýerde täze zeý suw akabasyny gazmak işi alnyp barylýar. Bu maksatnamanyň 1-nji tapgyry öň Köneürgenç etrabynyň çäginde amala aşyryldy. Zeý suw akabasynyň gazylmagy onuň töweregindäki ekerançylyk ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, netijede, ýerden oba hojal

Oba hojalygy

Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary ýylyň-ýylyna bugdaýdyr pagtadan başga gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde guwandyryjy üstünliklere eýe bolýarlar. Munuň özi bu ýerde ilat arasynda gündelik isleg bildirilýän ýeralmanyň, käşirdir kelemiň we beýleki ekinleriň ekişine, ideg edilişine uly ähmiýet berilmeginiň netijesidir.

Oba hojalygy

Yhlasly zähmetiň netijesi Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekiş möwsümine Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda uly dabaralar bilen badalga berilmegi bu daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlaryny has-da galkyndyrdy. Şeýlelikde olar şol dabaralaryň yzysüre öz kärende meýdanlarynda gowaça ekişine agzybirlik bilen girişip, şu günlerde bu gaýragoýulmasyz çäräni ýokary depginler bilen  dowam etdirýärler.

Yhlasyň bar ýerinde...

Ata-babalarymyzyň örän irki döwürlerden bäri dowam etdirip we ösdürip gelýän ýüpekçiligi bu günki günde-de rowaçlyklara eýe. Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşiginiň öndürýän önümleri diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, ol daşarky bazarlarda hem iň bir islegli önümler hasaplanýar. Hatda dürli öwüşginli ýüpek parçalar bilen bilelikde dokalýan ýüpek halylar hem indi hemmeleriň köňül küýsegine öwrüldi. Aýratyn-da, milli öwüşgin berlip dokalýan bu halylary alys ýurtlardan gelýän jahankeşdeler hem iň gowy sowgatlyk hökmünde satyn alýarlar. Şeýdibem, türkmen topragynda öndürilen milli öwüşginli önümler dünýäniň çar künjegine ýaýraýar. Ine, şeýle gadyrly önümiň esasy çig maly bolan piläniň Lebap topragynda her ýylda bir müň tonnadan gowragy öndürilýär. Şu ýylky möwsümde hem welaýatyň zähmetsöýer ýüpekçileri 1010 tonna pile öndürmegi öz öňlerinde belent maksat edip goýdular. Göräýmäge köp ýaly görünmese-de, pile taýýarlamak örän hysyrdyly iş we köp zähmet talap edýär. Mundan ötri tejribeli ýüpekçiler ýüpek gurçuklaryny idetmek işine örän höwesli çemeleşýärler. Olaryň köpüsi möwsümde ýüz kilogramdan hem geçirip pile taýýarlaýarlar. Aprel aýy ýüpek gurçuklaryny idedip, pile alynýan döwür hasaplanylýar. Bu möwsüme ýüpekçiler irgözinden taýýarlyk gördüler. Meýdanlardaky ýaplaryň, atyz-çilleriň gyralaryndaky tutlaryň düýpleri ýumşadylyp, suwarmak işleri geçirildi. Ýüpek gurç

Yhlas bar ýerinde ynam döreýär

Dänew etrabynyň Ysbaz obasynyň ýaşaýjysy, «Dostluk» daýhan hojalygyny esaslandyryjy Ýaňybaý Rahmankulyýewiň bugdaý ekilen 3,8 gektar meýdanynda ýekeje çile-de gözüň düşmeýär. Ekerançylyk meýdany göwnejaý tekizlenilipdir. Ýeriň tekizligi eliň aýasyndaky ýaly görnüp dur. Daýhan munuň topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridigini belleýär. Bereketli bugdaý meýdany ýaşyl begres geýnen ýaly bolup görünýär. Daýhan ekinini eýýäm üç gezek mineral dökünler bilen iýmitlendiripdir, mazaly suwarypdyr. Ýaňybaý aga her ýyl atyzyny ekişe kemsiz-köstsüz taýýarlaýandygyny gürrüň berdi. Ekişden öňki işler, ekine ideg edilýän döwürdäki agrotehniki çäreler talabalaýyk berjaý edilende, ýokary netije berýändigini hem belledi. Aýdanlaryna subutnama hökmünde geçen ýylky gazanan netijesine salgylandy. Baglaşylan şertnama laýyklykda ol bu ýerden 12,4 tonna bugdaý tabşyrmaly eken. Iş ýüzünde onuň tereziden geçiren hasyly 17,86 tonna barabar bolupdyr. Şonda her gektaryň hasyllylygy 47 sentnere ýetipdir. Gök öwsüp duran maýsalar ideginiň ýetirilýändiginden, diýmek, üstümizdäki ýylda hem bol hasyla garaşybermelidiginden habar berýär.

Ýüpegiň uçly bolsun!

Ýaz paslynyň gelmegi bilen ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm başlandy. Welaýatymyzda gündogar etraplaryň ýüpekçileri gurçuklary idetmäge beýleki etraplardan hem 3-4 gün ir girişýärler. Bu ýyl hem ussat ýüpekçilerimiz kümüşsöw çäje senagat üçin gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny goşmagy meýilleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi daýhanlaryň bu önümi öndürmäge bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär. Gadymy taryhçylaryň ýazgylarynda iň gözel we mübärek ýüpek hem-de nah matalaryň türkmen topragynda öndürilýändigi baradaky maglumatlar duş gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen parçalarynyň Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolandygy, ata-babalarymyzyň iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussatlary bolmak bilen birlikde uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýandyklary barada taryhy maglumatlar getirilýär. Ýüpekden dokalan halylar bolsa has-da meşhurdyr. Ýüpekçilikde we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri bolsa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Çärjew etrabynyň babadaýhanlary 1533 gektar meýdanda ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki ekinleri ekdiler. Ýazlyk soganyň ekişi bu ýerde fewral aýynyň soňky ongünlüginiň ortalarynda tamamlandy. Ýer eýeleriniň yhlasly zähmeti netijesinde azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär. Etrapda daýhan hojalyklarynyň we önüm öndürijileriň uly topary gök we bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Şu günlerde ýazlyk ýeralma ideg edilýär. Ýazlyk ýeralma 480 gektar meýdanda ekilip, şonça meýdandan 6720 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirildi. Ýeralmanyň aglaba bölegi şu ýyl «Tebigy ekin» daýhan hojalygy tarapyndan ekildi. Bu ekini ekip, bol hasyl almakda hususy önüm öndürijileriň hem uly paýy bar.

Gowaça ekişiniň depgini ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer pagtaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýer eýeleri üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gowaça ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Olaryň gowaça ekişini irki möhletde tamamlamak üçin bar yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň daýhan birleşiklerinde bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýyl 1250 gektar ýerde gowaça ekişini amala aşyrmagy maksat edinýärler. «Ir eken utar» diýen pähime eýerýän, birleşigiň Anna Muhammedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 10-njy kärendeçiler toparynda alnyp barylýan işleri synlanyňda, daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we hünärmenleriň tagallalary netijesinde gowaça ekişiniň barha gyzyşýandygyny görmek bolýar.

Şu günki yhlas — ertirki üstünlik

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gowaça ekişini, şonuň ýaly-da atyz-meýdanlardaky bugdaýa ideg çärelerini ýokary depginlerde alyp barmak şu günleriň esasy wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak, bilen welaýatymyzyň pagtaçy, gallaçy daýhanlary bu ugurlardaky iş-aladalary giň gerim bilen ýaýbaňlandyrýarlar. Munuň özi bereketli hasylyň kemala getirilmeginiň esasy şertidir. Şeýle jogapkärli döwürde Görogly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň alyp barýan işleriniň mysalynda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olaryň agzybirlikli, yhlasly zähmetleriniň netijesinde gazanylýan öňegidişlikler hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň, aýynyň hem-de ýylynyň bagtyýarlyga, rysgal-berekede, rowaçlyklara, beýik ýeňişlere, üstünliklere beslenmegine, ata Watanymyzyň mähriban halkymyzyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir» diýen sözlerine iş bilen jogap berýändiklerini subut edýär.

Gowaça ekişi dowam edýär

Ülkämize ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen ene topragy işläp bejerýän oba adamlarynyň iş-aladasy has-da artýar. Oba hojalyk işgärleri möhüm işe, has takygy, gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Bu jogapkärli möwsüme Mary etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri hem doly taýýarlykly geldiler. Daýhan birleşiginde kärendeçiler bugdaýdyr pagtadan we beýleki ekinlerden bereketli hasyl almak bilen azyk bolçulygyna goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Geçen ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän oba hojalyk işgärleri üstümizdäki — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem gowy netijeler bilen jemlemegi maksat edinýärler. Şu nukdaýnazardan hem topragy hemmetaraplaýyn ekişe taýýarlap, jogapkärli işe guramaçylykly girişdiler.

Ýüpekçilik

Bereket çeşmesi Ýaz paslynyň öz hökümini ýöredip başlamagy bilen oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlaryň, maldarlaryň, şol sanda türkmen ýüpekçileriniň hem hysyrdyly iş-aladalary artýar. Irgözinden, ýagny, ýazyň ilkinji günlerinden başlap, gurçuk idediljek ýerlerde taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.