HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, onda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň sogan, ýeralma ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses berdi

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Şu gezekki saýlawlar Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetliliginiň guralynyň netijelidigini görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýän demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky möhüm ädim boldy. Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan syýasy-jemgyýetçilik çärä milli synçylar bilen bir hatarda, halkara synçylaryň we bilermenleriň işjeň gatnaşmaklary bolsa onuň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döredilen saýlaw uçastoklaryna adamlaryň ir bilen özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanmak — milli parlamentiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň düzümlerine hödürlenen mynasyp dalaşgärlere ses bermek çäresine agzybirlikde gatnaşmaklary güneşli Diýarymyzda demokratik ýörelgeleriň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen toplumlaýyn çäreler saýlawlary milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, demokratik esasda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berdi.

Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki mejlis

Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, geçen ýylyň dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Arkadag şäheriniň guramaçylyk meselelerine garamak boýunça teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz öňe sürlen teklipler esasynda işlenip taýýarlanan Kararlara hem-de degişli Kanuna gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol 26-njy martda geçiriljek bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygy guramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalary esasynda alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň degişli karary kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Aşgabat, 23-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostluk we ynanyşmak syýasaty — ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi, ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary Doha — Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi. Umuman, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde 3 million düýp bag nahalyny ekmek meýilleşdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň ýazky möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan bu dabara ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.