Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi
Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem geçirilen harby-taktiki okuw türgenleşikleri, Milli goşunyň bölümlerini iň täze serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netij