Ça­ga we ki­tap

6 Dekabr 2022
291

Kä­rim ki­tap­ha­na­çy bo­lan­soň, ýa­şa­jyk yn­san­la­ryň ru­hy dün­ýä­si­ne ara­la­şyp, kö­ňül is­leg­le­ri­ni öw­ren­mek men­de uly tä­sir gal­dyr­ýar. Nä­zik, kal­by aras­sa, bal­kyl­dap du­ran göz­ja­gaz­la­ryn­dan mä­hir ço­gup du­ran ça­ga­lar — dur­şu­na bir älem. El­le­ri­ne alan ki­tap­la­ry­na gu­wanç bi­len se­re­diş­le­ri­ni diý­jek­mi, olar­da­ky su­rat­la­ry göz­le­ri bi­len ha­ky­da­sy­na ýat bek­leý­şi­ni diý­jek­mi, okan eser­le­ri­niň gah­ry­man­la­ry bi­len gür­le­şip, je­dir­däp ba­ryş­la­ry­ny diý­jek­mi — bu­la­ryň äh­li­si gö­re­ni gu­wan­dyr­ýar. Ki­tap­lar ça­ga dur­mu­şy­nyň bir bö­le­gi­ne öw­rü­len­de yn­san ba­la­sy­nyň ter­bi­ýe­si, gör, ne­neň aja­ýyp­lyk­la­ra bes­len­ýär. Kör­pe­le­riň, mek­dep ýa­şyn­da­ky ça­ga­la­ryň çe­per ede­bi­ýa­ta bo­lan hö­we­si­ni gö­re­niň­de ki­tap­ha­na­lar­da, mek­dep­ler­de ge­çi­ril­ýän ede­bi­ýat ag­şam­la­ry­nyň, iň köp ki­tap oka­ýan oky­jy­lar bi­len bol­ýan bäs­le­şik­le­riň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ryň gel­jek­ki wa­tan­çy ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek­dä­ki um­ma­syz äh­mi­ýe­ti biyg­ty­ýar ýa­dy­ňa düş­ýär.

Wa­ta­ny söý­me­giň, ha­lal ýa­şa­ma­gyň, du­za-na­na hor­mat goý­ma­gyň, dos­ta, ýol­da­şa we­pa­ly bol­ma­gyň, il-gün ha­kyn­da oý­lan­ma­gyň, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy sar­pa­la­ma­gyň il­kin­ji baş­lan­gy­jy­ny eziz kör­pe­le­ri­miz şol ki­tap­lar­dan al­ýar. Ça­ga ki­ta­by söý­se, on­da­ky ede­bi gah­ry­man­lar bi­len hy­ýa­lyn­da dost­la­şyp, olar bi­len oý­na­ýar, gü­lüş­ýär, röw­şen gel­je­ge deň ga­dam ur­ýar. Şu­nuň bi­len kör­pe­le­ri­miz öz ýa­şaý­şyn­da dur­mu­şa akyl­ly-baş­ly çe­me­leş­me­gi öw­ren­ýär. Şu ýer­de şa­hyr Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň:

Zü­leý­ha KA­KY­ŞO­WA,
Da­şo­guz we­la­ýat Ça­ga­lar ki­tap­ha­na­sy­nyň ki­tap­ha­na­çy­sy.