Bedewim — ganatym, alabaýym — wepadarym

16 Iýul 2021
2153

2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda halk arasyndaky iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Çapyşyklaryň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Jemleýji ýaryşyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy, degişli diplom berildi.

Behişdi bedewlerimiz okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaý itleri hem öz gezeginde aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň bu iki milli buýsanjynyň baýramynyň bir günde bellenmegi özboluşly many-mazmuna eýedir.

Gurban BABAGULYÝEW
«Standart, hil we howpsuzlyk»