Durnukly ösüşiň möhüm ugry

16 Iýul 2021
1578

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny berjaý etmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäkleriniň daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gülbahar TÄÇGULYÝEWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy