Bugdaý we hil

16 Iýul 2021
1789

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar. Merdana daýhanlarymyzyň yhlasly we halal zähmeti netijesinde ýylyň-ýylyna saçaklaryň bereketi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň edermen babadaýhanlary galla oragyna ykjam taýýarlykly geldiler.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýeriň hakyky eýesine berilmegi, suw, dökün bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi, daýhanlaryň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi, ýer we howa şertlerine laýyk gelýän daşary ýurt tehnikalarynyň satyn alynmagy ekinleriň islendik görnüşinden, şol sanda bugdaýdan ýokary hasyl almaga giň mümkinçilikleri döretdi. Bugdaý hasylyny bökdençsiz ýygnamak üçin Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň hünärmenleri hem saldamly goşant goşdular.

Nuraly KANDYMOW
Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň bugdaýyň we pagta hasylynyň hiline baha beriş bölüminiň başlygy