Önümçiligiň howpsuzlygy — ösüşlere badalga

16 Iýul 2021
1897

Gullugymyzyň işgärleri tarapyndan welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talabalaýyk ýola goýluşy hemişe üns merkezinde saklanýar.

Täze gurulýan we durky täzelenýän desgadyr binalarda tehniki seljermäniň öz wagtynda geçirilmegi zerurdyr. Netijede, şol desgalarda ornaşdyrylýan tehnologik usullaryň hem-de enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi gazanylýar. 2021-nji ýylyň aprel aýynda Daşoguz nebit önümleri kärhanasynyň 84-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň durky täzelendi we S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze kerpiç öndürýän kärhana guruldy. Gullugymyzyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň işgärleri tarapyndan bu kärhanalarda taslama resminamalaryna tehniki seljerme işleri geçirildi.

Merdan GURBANGELDIÝEW
Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň başlygy