Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat!

16 Iýul 2021
2477

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu şanly senäniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gabat gelmegi has-da guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 140 ýaşy arka atan gözel paýtagtymyzyň toý dabarasynyň belentden belent tutulmagy günbe-günden gülläp ösýän berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza, eşretli durmuşymyza, Aziýanyň merjeni hasaplanýan şäherimize bolan çuňňur buýsanjymyzy alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa ornaşdyryldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň hökmany ileri tutulýan ugurlary boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, sport desgalary we beýleki önümçilik maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu uly özgertmeler häzirki wagtda ýokary depginde dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, gözel paýtagtymyz «Aziýanyň merjeni», «Parahatçylyk şäheri», «Aziýanyň Ženewasy», «Merkezi Aziýanyň ýüregi», «Ak mermerli Aşgabat» diýen ýaly buýsandyryjy häsiýetlendirmelere mynasyp boldy. Ýöne şolaryň içinde «Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» adynyň has-da ýörgünli bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Sebäbi döwrümiziň beýik binagäri bolan hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen baş şäherimiz Aşgabat gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede özgerdi.

Mämmetmyrat MEREDOW
Türkmen standartlar maglumat merkeziniň direktory