Baş maksadymyz — howpsuzlyk

16 Iýul 2021
2021

Döwlet gözegçiligi bölümi önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiline, standartlaryň hem-de standartlaşdyryş boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar. Synag barlaghanalarynyň attestatlaşdyryş işlerini ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda hereket edýän önümçilikleriň, öndürilýän önümleriň toplumynyň hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sertifikatlaşdyryş işlerini alyp barýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen «Hil we ekologiýa ulgamyny dolandyrmak bilen baglanyşykly halkara standartlaryň talaplary boýunça edara-kärhanalary sertifikatlaşdyrmak işini ýaýbaňlaşdyrmak» diýen bendine laýyklykda işler alnyp barylýar. «Dag deňiz» hususy kärhanasynyň ýerine ýetirýän nebit-gaz ulgamynda ulag-logistika hyzmatlaryna 2021-nji ýylda TDS-ISO 9001:2015 (E) halkara standartyň talaplary boýunça hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty resmileşdirildi.

Aýmuhammet ANNAGELDIÝEW
Balkan welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň başlygy