"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Standartlaşdyrmak ulgamy ösüş ýolunda

Türkmenistanda standartlaşdyrmagyň häzirki zaman nusgasynyň yzygiderli kemala getirilmegi milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň has möhüm ugruny ýüze çykardy. Standartlaşdyrmak bäsleşigi ösdürmäge, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyrmaga, sarp edijileriň bähbitlerini goramagyň derejesini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy aýap saklamaga, serişdeleriň ähli görnüşlerini tygşytlamaga ýardam edýär. Arkadagly zamanamyzda standartlaşdyrmak ulgamynyň kanunçylyk binýady hem berkidildi. «Standartlaşdyrmak hakynda» hem-de «Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi standartlaşdyrmak işiniň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Türkmenistan bilen Pakistan ýakyn wagtda üstaşyr söwda ylalaşygyny baglaşar

Türkmenistan bilen Pakistan ýakyn wagtda gol çekilmegi meýilleşdirilýän üstaşyr söwda boýunça ylalaşygyň üstünde işleýär. Ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasyny ylalaşmak üçin ministrlerden ybarat bolan wekiliýet ýakynda sapar bilen Pakistana barar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň işewürleri bilen duşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda aýdanlaryna salgylanyp, Pakistanyň "The Nation" gazeti habar berdi. Geçirilen duşuşyga “LPG Industry” Assosiasiýasynyň başlygy Irfan Hohar, “SAARC” Söwda-senagat edarasynyň sekretary Zulfiqar Butt, “E-Light” kompaniýalar toparynyň baş müdiri Muhammad Abbas Malik, “Gold Gas Pvt. Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Shafqat Hussain we “Gold Gas” kompaniýasynyň müdiri Aziz Halid gatnaşdylar.

Energiýa tygşytlaýjy ýyladyşhana: azyk howpsuzlygy, täze iş orunlary, eksport mümkinçilikleri

Ýer ýüzünde ilatyň barha artmagy azyk meselesine çynlakaý çemeleşilmegini talap edýär. Ilatyň köpelmegi bilen bir hatarda, islegleriň hem günsaýyn artýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ykdysadyýetde şeýle bir şert bar: özüňde bar mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly içerki islegleri kanagatlandyrmagy başarmaly. Şunuň bilen baglylykda, «azyk howpsuzlygy» we «azyk garaşsyzlygy» diýen iki düşünje ýüze çykýar. Köplenç, olar manydaş ulanylýan bolsa-da, aslynda aýry-aýry mana eýedir. Mysal üçin, ýurduň gerekli azyk harytlaryny satyn almaga ykdysady kuwwatynyň bardygy we ilata gerekli azyk önümleriniň bökdençsiz ýetirilýändigi azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini aňladýar. Azyk garaşsyzlygy üçin bolsa içerki bazarda sarp edilýän umumy önümleriň azyndan 80 göterimi ýurduň çäginde öndürilýän bolmaly. Şol bir wagtyň özünde, içerki islegleri 100 göterim özüňden üpjünlemegiň mümkin däldigini-de unutmaly däl. Muňa ýurduň howa we geografik şertleri hem sebäp bolup biler. Mysal üçin, ekzotik miweleri hemme ýurtda ýetişdirip bolmaýar ýa-da peýniriň mysalynda düşündirenimizde, islegleriň ýokarlanmagy bilen, dünýä belli brendleri, isleseň-islemeseň, daşary ýurtlardan satyn almaly bolýar. Aýdaly, golland peýniri diňe Niderlandlar Patyşalygynda öndürilýär. Şonuň üçin ony hökman import etmek zerurlygy ýüze çykýar. Peýniri ýurduň içinde-de öndürmek mümkin, ýöne bu ýerde brendleşen önüml

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan netijeler we durnukly ösüşiň möhüm ugurlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ata Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryna iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan özgertmeler milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine ýardam berýär.

Täzelik

«Lebap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde şu ýylyň geçen ýanwar—aprel aýlarynda gatyk, peýnir, dorog ýaly süýt önümleriniň 35 tonnasy, şöhlat önümleriniň bolsa 23 tonnasy öndürilip, alyjylara hödürlenildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 2 million 74 müň 552 manatlyga deň boldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr.

Ümzükleri ileri, maksatlary aýdyň

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň bir ýüz otuza golaýynyň agzybirlik bilen işleýän zähmet köpçüliginde her bir işde halypa gazçylaryň göreldesine eýerilýändigini, ýaş hünärmenleriň öz hünär ussatlyklaryny artdyrmaklarynda baý iş tejribesine eýe bolan işgärleriň möhüm ornunyň bardygyny edaranyň ýolbaşçylary buýsanç bilen gürrüň berýärler. «Ata kesbi — ogla halal» diýlen parasatly ýörelgä eýerip, halypa gazçylaryň biri bolan Sapar Babaýewiň zähmet ýoluny mynasyp dowam etdirýän tejribeli gazçy Bekdurdy Babaýewiň baştutanlyk edýän bu edarasynda näsazlygy habar beriş, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş hem-de daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylara gözegçilik gulluklaryna Myrat Otuzbaýew, Muhammetmyrat Kakaýew, Guwanç Saryýew ýaly tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmegi munuň aýdyň güwäsidir. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde etrapda dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlarynyň bolsa üç ýüz kyrka golaýyna ýokary derejede gözegçilik edilip, Boldumsaz şäherinde we oba ýerlerinde ýaşaýan on üç müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde «mawy ýangyjyň» eşretli

«Mizemez gadam» Täjigistana izogam eksport eder

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda öndürilýän izogamy ýakyn geljekde Täjigistana eksport etmek ýola goýlar. Bu barada ýakynda Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik işewürlik forumynda ylalaşyga gelindi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berilýär. Indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri Çärjew etrabynda üstünlikli işläp gelýän hususy kärhana häzirki wagtda önümlerini Özbegistana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edip gelýär. Indi bolsa täjigistanly işewürler bu hususy kärhanadan izogamyň müňlerçe inedördül metrini satyn almak isleýärler.

«Miwe merkezi» dürli gaplamalary taýýarlap başlady

Hojambaz etrabyndaky «Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetine degişli 10 gektarlyk bagyň ilkinji hasyly ilata ýetirilip başlandy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty ilkinji erik hasylyndan eýýäm gaplamalaryň taýýarlanylyp başlanandygyny hem habar berdi. Bu hojalyk jemgyýetiniň ekin meýdanynda ýetişdirilýän erik, alma, ülje ýaly dürli görnüşli miweli baglar kadaly ösüp, olardan şu ýyl bol hasyla garaşylýar. Aýratyn bellemeli zat bolsa, bu baglara ideg edýän ussat bagbanlar eýýäm ir ýetişýän eriklerden ilkinji hasyly ýygnap başladylar. Owadan görnüşe eýe bolan irbişer erikler her günde hojalyk jemgyýetiniň gaplama işlerini alyp barýan kärhanasyna getirilýär.

Ýur­du­my­zyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dur­nuk­ly ösü­şi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow: — Türk­me­nis­ta­nyň ulag-lo­gis­ti­ka­sy Ýewraziýa yk­ly­my­nyň üs­ta­şyr dü­zü­mi­niň mö­hüm bölegidir. Her bir ýurtda ulag ulgamynyň ykdysadyýetiň we durmuşyň ösüşinde wajyp ähmiýeti bardyr. Şeýlelikde biziň döwletimizde hem ulag ulgamy milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup, onuň ösmeginde uly orun eýeleýär. Senagat, oba hojalygy, üpjünçilik we söwda kärhanalarynyň ösüşi hem kadaly işlemegi ulag ulgamynyň bökdençsiz hereket edýän işine baglydyr. Daşary ykdysady gatnaşyklarda, ýurdy goramakda, täze ykdysady sebitleri ösdürmekde hem onuň ähmiýeti uludyr.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň şowly ga­dam­la­ry

Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýan polat gurala öwrüldi. Esasan hem, sanly ykdysadyýete geçilmegi netijesinde, hyzmatlaryň ulgamlaýyn elektron görnüşde bolmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş zerurlyklaryndaky elýeterlilikleriň gerimini has-da giňeltdi. Bu ugurdan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň esasynda Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha öňe ilerleýär.

«Ak şä­he­rim Aş­ga­bat!» at­ly XXII kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi­ geçirildi

Ýa­kyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi hem-de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat!» at­ly XXII kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi­si geçirildi. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ug­ra­dan Gut­la­gyn­dan ba­dal­ga alan açy­lyş da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len ut­gaş­dy. Ser­gä ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­dyr kär­ha­na­la­ry­nyň köp san­ly­sy, mi­nistr­lik­ler­dir pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

GA­RA­BO­GA­ZYŇ TÄ­ZE TER­JI­ME­HA­LY

Öň­rä­jik Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len türk­men-rus işewürlik fo­ru­myn­da üns beren bol­sa­ňyz, Ha­zar deň­zi hak­da ga­ty kän ag­za­lan­dyr. Şon­da go­ja Ha­za­ryň aý­ryl­maz go­ly bo­lan Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy, onuň üs­tün­den gu­rul­ýan köp­ri, Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­din­den baş­la­nyp, Türk­men­ba­şy por­tu­na çen­li uza­jak aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da tä­ze sa­hy­pa bol­jak­dy­gy, has any­gy, bu tas­la­ma­nyň Azi­ýa — Ýew­ro­pa ulag-lo­gis­ti­ka ge­çel­ge­si­niň «al­tyn hal­ka­sy­na» öw­rül­jek­di­gi de­lil­ler bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­di. Şol pur­sat älem içi­ne ady do­lan, bir­wagt­lar­dan bä­ri ta­ryh sa­hy­pa­la­ryn­da ady agz­al­ýan Ga­ra­bo­gaz hak­da oka­lan, bi­lnen, gö­zü­miz bi­len gö­ren tä­sin­lik­le­ri­miz ýe­ne bir öw­re ýa­da düş­di.

Görkezijiler ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, dürli ugurlarda ösüşler gazanylýar. Bu buýsançly hakykata Balkan welaýatynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Has takygy, şu ýylyň dört aýynda welaýat boýunça senagat önümleriniň jemi 6 milliard 559 million manatlyga barabary taýýarlanylyp, içerki we daşarky bazarlara ugradyldy. Olaryň gylla ýaryna golaýy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat önümlerini taýýarlamakda gazanylan ösüş depgini 107 göterime golaý ýokarlandyryldy. Şeýle hem şu döwürde dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümlerini taýýarlamakda guwandyryjy netijelere eýe bolundy. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda gazanylýan bu üstünlikler welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şu ýylyň geçen döwründe tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 2 milliard 592 million manatlyga barabar bolup, bu ugurda 109 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy hem muňa aýdyň güwä geçýär. Şunda haryt dolanyşygynyň 2,6 milliard manatlykdan hem gowragynyň hususy eýeçiligiň paýyna düşýändigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Ýaşy bir asyra golaýlan kärhanada

Ir säher bilen, iş wagtynyň başlanmagyna ýarym sagat galanda, derwezäniň agzynda durup, topar-topar bolup gelýän işçi zenanlary synlaýaryn. Biri-birleri bilen degşip-gülüşýän zenanlar uly ruhubelentlik bilen täze iş gününe başlarlar. Sähel salymdan ýörite iş eşiklerini geýip, hersi öz iş ornuna barar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen bu gün çagalar we ulular üçin niýetlenen egin-eşikleriň, hojalykda ulanylýan mata önümleriniň, gör, näçesi taýýarlanylar. Bu ýagdaý fabrikde indi segsen ýyla golaý wagt bäri gaýtalanýar. Mundan segsen ýyl öň «TSSR-iň 15 ýyllygy» ady bilen açylan tikinçilik arteliniň ilkinji tikinçileriniň aglabasynyň agtykdyr çowluklary häzirki günde bu fabrigiň gapysyndan girip çykýarlar. Bu tötänden däl, kesbi-käriň nesilme-nesil dowam etmegi pederlerimizden gaýdýan asylly ýörelge. 1952-nji ýylda iki gatly täze binanyň işe girizilmegi netijesinde arteliň önümçiligi giňeldilip, ýeňil senagaty pudagyna geçirilýär. Şondan on ýyl töweregi wagt geçenden soň bolsa Jeýhun derýasyny ýakalap oturan gadymy şäheriň tikinçilik fabrikleriniň ikisi birikdirilip, «TSSR-iň 15 ýyllygy» adyndaky tikin fabrigi işläp başlaýar. Ol şol döwrüň iň iri önümçilik kärhanasyna öwrülýär. Geçen asyryň segseninji ýyllarynda dört gatly täze önümçilik binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen «Türkmenabadyň tikin fabrigi» diýlip atlandyrylan önümçilik kärhanasy ýurdumyzyň dokma senagatynda i

Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde umumy serişdeleriň $2 trilliondan geçmegine garaşylýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça logistika taslamasy üçin umumy serişdeleriň 2 trillion ABŞ dollaryndan geçmegine garaşýar. Bu barada BAE-niň Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi 18-19-njy maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy. Halkara ykdysady forumyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, BAE bu logistika işini ösdürmäge dünýä ýurtlarynyň 100-e golaýynyň gatnaşjakdygyny çaklaýar.

Energetikleriň göreldeli zähmeti

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny tok bilen ygtybarly üpjün etmekde häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil kuwwatlyklary arkaly ýokary derejede enjamlaşdyrylan Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Kompýuter ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda ygtybarly dolandyrylýan beketde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen dört aýynda 829 million 47 müň kilowat-sagatdan hem köp elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi meýilnamanyň 101,5 göterime barabar ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işledilýän Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy tutuş sebitde öndürilýän elektrik togunyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat-sagada golaý elektrik toguny artyk öndürmegi başaran kärhananyň hünärmenleri sarp edijileri üznüksiz elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler.

Durnukly ösüşiň ulag ýoly

Hoş habar göwünlere galkynyş berýär. Hormatly Prezidentimiziň 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilendigi barada aýdanlary Aşgabat şäheriniň gününi baýram edýän günlerinde halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda 2016-njy ýylda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilen senesiniň, ýagny 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi. Munuň özi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan yzygiderli, oýlanyşykly zähmetiň datly miwesidir. Çünki dünýäniň ulag-üstaşyr gatnawlary bilen baglanyşykly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda amala aşyrylan işler, taryhy pursatlar örän köp. Bu başlangyçlar 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Brýussel Jarnamasyny goldamagyndan we oňa gol çekmeginden we şol Jarnamanyň esasynda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) boýunça maksatnamanyň kabul edilmeginden g

TRASEKA awtoulag arkaly Ýewropadan Merkezi Aziya synag ýük daşamalaryna badalga berer

Ýewropadan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ugry boýunça ýükleri daşamak maksady bilen, TRASEKA-nyň hökümetara toparynyň hemişelik sekretariaty ýükleriň synag daşamalaryny ýarym tirkegler arkaly çalşylýan ýük ulaglary arkaly badalga bermegi meýilleşdirýär. Eýýäm bu daşamalary amala aşyrmak boýunça gysgaça syn, şeýle hem degişli ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy.

Ýüreklerde baky aýdym, Aşgabat!

Şu gün — Aşgabat şäheriniň güni. Baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler! Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII halkara köpugurly sergi öz işine başlady. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli her ýylda geçirilýän bu sergi paýtagtymyzyň okgunly ösüşlerini giňişleýin açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir.