"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Atçylyk: gadymy hünär, döwrebap bilim

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze — 2024-2025-nji okuw ýylyna uly taýýarlyk görülýär. Şu günler welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Arkadag şäherindäki bilim ojaklary hem zehinli ýaşlara giňden gujak açýar. Olaryň biri-de şu ýyl täze okuw binasynda ilkinji gezek giriş synaglaryny geçirjek Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasydyr. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hünärmen maksatnamasy boýunça atçylyk, weterinar lukmançylygy hünärlerinde, bakalawr maksatnamasy boýunça seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugurlarynda ýaşlara bilim berilýär. Atly sport we atly syýahatçylyk ugrunda okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl dil taýýarlygy, 4 ýyl bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir. Akademiýada giriş synaglary 31-nji iýul — 13-nji awgust aralygynda geçiriler.

Ýaş matematikleriň üstünligi

65-nji halkara matematika olimpiadasynda türkmenistanly mekdep okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olimpiada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde geçirildi. Halkara matematika olimpiadasyna dünýäniň 109 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 609-sy gatnaşdy. Olimpiadada ýurdumyza okuwçylaryň 6-sy wekilçilik etdi. Olar dünýäniň beýleki ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen bäsleşigiň ýokary halkara talaplara laýyk gelýän şertlerini ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny görkezip, oňat netijeleri gazandylar.

Yhlasyň gowuşsyn, dalaşgär!

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilime teşne zehinli ýaşlarymyz talyplyk bagtyna eýe bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar. Degişli işler Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda-da guramaçylykly dowam edýär. Mary şäherinde ýerleşýän bu institutyň mugallymy, kabul ediş toparynyň agzasy Maral Agaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi: — Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda edilýän köpugurly tagallalar bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine şu günler degişli resminamalaryny tükelläp, uly umyt-arzuwlary ýüreginde besleýän yhlasly dalaşgärleri synlanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Arzuwlaryň hasyl bolsun, dalaşgär! (Bilim we geljek)

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bilime höwesli, zehinli ýaşlarymyz «talyp» diýen arzyly adyň eýesi bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar hem-de giriş synaglaryna taýýarlanýarlar. Talyplygyň bosagasyndaky bu möhüm möwsüm ýaşlaryň durmuşyndaky iň bir jogapkärli hem-de tolgundyryjy pursatlara beslenýär. Güneşli Diýarymyzda hünäre, ylym-bilime hyjuwly ýaşlar diýseň kän. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlaryň synaglara ykjam taýýarlanandygyny takyklajak, zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.

Türkmen ýaşlary Kazanda

2024-nji ýylyň 8 — 22-nji iýuly aralygynda daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasy geçirildi. Şu ýyl bu taslama 13 ýurtdan — Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si gatnaşdy. Bu taslama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy ylym-bilim ulgamynda bar bolan mümkinçilikleriň täze sahypasyny açdy. Biz hem bu taslama gatnaşan türkmenistanly talyplaryň biri bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Halkara kadalardan ugur alyp

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini tamamlan diňleýjilere Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýörite şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy. Okuw merkezinde diňleýjiler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri diplomatik protokolyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda kabul edilen kadalary we düzgünleri bilen giňden tanyşdyryldy. Hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan özüniň gyşarnyksyz we üstünlikli alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ählumumy hem-de sebit derejesindäki meselelere dahylly öňe sürýän, gyzgyn goldanylýan başlangyçlary bilen halkara derejede uly abraýa eýe bolan döwletleriň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda döwrebap diplomatlaryň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Müň ýol bar, biri seniňki!

Talyplyga dalaşgärlere käbir maslahatlar 2. Özleşdireniň özüňki

Bilim almaga bolan hukuk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýlip berkidilen. Bilim almak hukugy Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar.

Jo­gap­kär­li möw­süm. Tä­ze­lik­ler. Müm­kin­çi­lik­ler

12-nji iýul­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çe­ken de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek möw­sü­mi 15-nji iýul­dan 26-njy aw­gus­ta çen­li do­wam eder. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän da­laş­gär­ler­den res­mi­na­ma­la­ry ka­bul et­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hö­kü­met mej­li­sin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ze­hin­li, my­na­syp ýaş­la­ry ka­bul et­me­gi, gi­riş sy­nag­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ada­lat­ly ge­çi­rip, jem­gy­ýet­çi­lik gö­zeg­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy öň­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da oku­wa ka­bul et­mek möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de tä­ze okuw ýy­lyn­da bol­jak üýt­geş­me­ler ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ber­len kä­bir mag­lu­mat­la­ry oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra fi­zi­ka olim­pia­da­syn­dan hoş ha­bar

Ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Han­ty-Man­siýsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my fi­zi­ka olim­pia­da­sy­na gat­na­şyp, üs­tün­lik ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Olim­pia­da Rus­si­ýa, In­do­ne­zi­ýa, Hin­dis­tan, Ga­za­gys­tan, Tä­ji­gis­tan, Gyr­gy­zys­tan, Öz­be­gis­tan, Er­me­nis­tan, Be­la­rus, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Ka­na­da, Ka­tar, Pe­ru, Ga­na, Pa­kis­tan, Si­ri­ýa, ABŞ, Çer­no­go­ri­ýa, Mü­sür, Ku­ba, Ku­weýt ýa­ly döw­let­ler­den 100-den gow­rak okuw­çy, şol san­da bi­ziň ýur­du­myz­dan hem 4 mek­dep okuw­çy­sy gat­naş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen bäs­le­şik­de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy J.Nu­ry­ýew we dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy M.Jan­my­ra­dow bü­rünç me­dal­la­ra, Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy A.Wel­ja­no­wa bol­sa hö­wes­len­di­ri­ji baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar.

Geljegimiz geljeginiň bosagasynda

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Belläp geçsek, dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 15 — 28-nji iýul aralygynda kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýip belleýär. Ýeri gelende bellesek, tamamlanan okuw ýylynda Arkadag şäheri boýunça ýaşlaryň 100-e golaýy orta mekdepleriň uçurymy boldy. Häzirki wagtda ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýörite iş toparlary hereket edip, dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilýär.

Nesiller — röwşen geljegimiz

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary esasynda, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bakalawr we magistr maksatnamalary esasynda, ýaşlaryň jemi 16 müňe golaýyny okuwa kabul eder.Her ýylda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany yzygiderli artdyrylýar, täze hünär ugurlary açylýar. Täze okuw ýylynda hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag ko

Kämilligiň ýolunda

Muhammetde özgelerden üýtgeşik zehin-başarnyk çagalar bakja-bagynda terbiýelenilýän döwründe ýüze çykyp başlady. Ol älemiň geň-taňlyklary, saýýaralar, asman jisimleri, dünýä ýurtlary, olaryň geografik ýerleşişi, paýtagtlary, ilaty, pul birlikleri ýaly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp ugrady. Onuň bilesigelijiligi barha artýardy. Çagasynda bilime bolan ukyp-höwesiň güýçlüdigine göz ýetiren hossarlary oňa dünýä kartasyny, globus alyp berdiler. Şondan soň kartadyr globus Muhammediň esasy güýmenjelerine öwrüldi. Geň ýeri, ähli öwrenenleri onuň ýadynda galýardy. Onuň kämilleşmegine enesi Resolat, ejesi Munajat, başlangyç synp mugallymy Güljan Rahmanowa dagy hem ýakyndan kömek berdiler.

Raýat goranyşy geljegi nazarlaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Kuwwatly döwletimiz hormatly Prezidentimiziň amal edýän beýik işleriniň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Geljegiň akylly şäheri bolan Arkadag şäheri şolaryň iň irileriniň we naýbaşylarynyň biridir. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen dünýäni aňk edýär. Gurulýan täze binalaryň we desgalaryň uzak ömürli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr.

Kitap — ynsanyýetiň kalp baýlygy

Taryhymyza nazar aýlasak, türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä taryhyna ýazylan ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym-bilim, medeniýet we sungat sallançagyna öwrüldi. Alymlar biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl öň türkmenleriň ata-babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan dünýä taryhynyň ösüşinde öňdäki hatarlarda goýulýar. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrypdyr. Medeni miras — bu gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda hoşalap çöplän paýhas hakydasydyr, şu gününe we ertirine bolan ygtybarly ynamydyr. Pederlerimizden miras galan baýlyklarymyzyň biri hem kitapdyr. Çünki kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, genji-hazynadyr. Adamlar kitap okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylym baýlykdan haýyrlydyr. Halkymyz kitaba uly gadyr-gymmat goýýar.

Bilim binýady berkidilýär

Ýurduň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine baglydyr. Çünki bilim ulgamyna degişli kanunlary kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidilen raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi bilim ulgamynyň ösdürilmegine giň mümkinçilik berýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek babatynda zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bilim babatynda kabul edilen kanunlar, düzgünnamalar we maksatnamalar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly ýapyşýan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmelere laýyklykda, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, ýokary hilli okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak, ýokary tizlikli internet torunyň ähli bilim edaralarynda hereket etmegini guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Bilim — üstünlikleriň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, ýokary aň-düşünjeli, bilimli nesliň kemala gelmegi ugrunda giň şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejelerine çykmagynda ähmiýetli bolup durýar. Bu ugurdaky tagallalar netijesinde berkarar Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary bilimleri çuňňur özleşdirmek arkaly halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, zehin-başarnyklaryny görkezýärler, ýurdumyzyň halkara ders bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilýän merkezi hökmündäki abraýy barha pugtalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylan maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Hökümetiň şu ýylyň geçen alty aýynyň netijelerine bagyşlanan şol mejlisinde bellenilişi ýaly, okuwçy-talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde jemi 156 altyn, 242 kümüş we 339 bürünç medallary gazandylar. Ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnam

«Türkmenhowaýollary» agentligi ICAO bilen bilelikde sebit treningini geçirer

Şu ýylyň 30-njy sentýabry — 18-nji oktýabry aralygynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde guralýan «Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory – hünärmenlere şahadatnama bermek» okuw maksatnamasynyň çäginde nazaryýet okuwy geçiriler. Nazaryýet okuwy awiasiýa hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ony ICAO-nyň standartlaryna we hödürlenilýän tejribelere laýyk getirmek maksady bilen geçirilýär. 

Diller — dostlugyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki dil daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda aragatnaşygyň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dürli ugurlarda barha giňeldilýän we ösdürilýän özara gatnaşyklary ýaş nesle dünýä dillerini öwretmegi has-da kämilleşdirmegi, onuň döwrebap usulyýetlerini özleşdirmegi talap edýär. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegini gazanmak bilim ulgamynda esasy wezipeleriň biri bolup, ol, esasan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň paýyna düşýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň dil bilimini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, biz, mugallymlar, talyplaryň dil taýýarlygy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, erkin gürläp bilmegi ugrunda çalyşýarys. Sözleýiş dilini ösdürmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanýarys.

Müň ýol bar, biri seniňki!

Talyplyga dalaşgärlere käbir maslahatlar Ýurdumyzda her ýyl gaýtalanyp gelýän möhüm we gyzgalaňly möwsüme — ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edişlige badalga berildi. Öz hormatlaryna ýaňlanan «Soňky jaňyň» sesi gulaklaryndan gitmedik uçurymlar bu gün ömürlerine hemra edinjek hünärleri boýunça okuwlaryny dowam etmäge dalaşgär bolýarlar. Olaryň arasynda nowbahar agtygymyň bardygy üçin özümi bu möwsüme has hem dahylly duýýaryn. Heniz ädilmedik ädimi ölçerip bolýar, edilmedik saýlawy oýlanyp bolýar. Şu jogapkärli pursatda öz agtygyma aýdýan, ýatladýan, sargaýan zatlarymy ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna-da ýetiresim gelýär. Aýtmaga-diýmäge birneme zat bar, çünki ömrümiň 40 ýyldan gowragyny bagyşlan mugallymçylyk tejribämde ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, dürli bäsleşiklere taýýarlamak, giriş synaglaryna gatnaşmak, şowsuzlyga uçran dalaşgärlere teselli berip, talyplyga saýlananlarynyň şatlygyny paýlaşmak kän gezekler miýesser edipdi. 1973 — 1975-nji ýyllarda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgär hökmünde başdan geçiren ahwalatlarym, alan sapaklarym hem käbir pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.