"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Dil hazynasynyň göwheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa, hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýip parasatly belläp geçmeginden ugur alyp ýurdumyzda gadymy eserler alymlarymyza ene dilimiziň geçmiş taryhyny, onda ýüze çykan özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde, çeperçilik taýdan ýokary hilli eserler döretmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň diwany”) atly meşhur eseri häzirki döwürde içgin öwrenilýär. Dil hazynasynyň göwheri has

Gatlagy gidrawlik böwüsmek

Gatlagy gidrawlik böwüsmek kollektorda gatlaga şepbeşikli suwuklygy ýokary basyş bilen goýbermek arkaly kese we dik jaýryklaryň toparyny döretmekden ybaratdyr. Jaýryklaryň emele gelmegi we ösmegi gatlak kesiminiň meýdanynyň ulalyp başlamagyna getirýär. Suwuklyk gatlaga akyp geçmek bilen bar bolan jaýryklary giňeldýär we täze jaýryklary döredýär. Emele gelen jaýryklaryň gysylyşmagyna ýol bermezlik üçin işçi suwuklyga onuň bilen jaýryga goýberilýän berkidiji agent (proppant) goşulýar. Proppant (gatlagyň gidrawlik jaýrygy üçin suwuklyk) aralaşan ýerinde galýar we önüm çykarylýan ähli döwrüň dowamynda kollektoryň akyş zolagyny ulaldýan geçiriji kanaly saklamak bilen, jaýrygyň ýapylmagyna ýol bermeýär. Guýularyň geofiziki barlaglary ornaşdyrylan pursadyndan başlap, guýynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň esasy inženerçilik gurallarynyň biri bolup durýar. Şu aşakdakylaryň hasabyna görä netije gazanylýar:

Tebigy gaz hakynda

— Tebigy gazyň tagamy, reňki, ysy ýok. Ol ýakymsyz ysyny odorin goşulandan soň alýar. Odorin adamlaryň gazyň syzdyrýandygyny anyklamagy üçin ýörite goşulýar. — Şahtalaryň işçilerine haýsy guşuň kömek edendigini bilýäňizmi? Sarybilbiller howadaky metanyň möçberine örän duýgurdyr. Guşlaryň bu üýtgeşikligini şahta işgärleri ulanypdyrlar. Her sapar ýeriň aşagyna düşenlerinde, olar ýanlary bilen ketekde sarybilbilleri alypdyrlar. Eger-de guşuň sesi birnäçe wagtlap eşidilmese, onda howada metanyň möçberiniň öte kändigini aňladýar.

Alym-akademik, çagalar şahyry we terjimeçi

Soner SAGLAM,dosent, doktor (Türkiýe) Özüniň ylmy işleriniň hemmesini diýen ýaly türkmen şahyrlarydyr ýazyjylary bilen, olaryň döreden eserleriniň kämil nusgalary bilen türk okyjylaryny tanyşdyrmaga bagyşlan, Türkiýäniň Pamukkale uniwersitetiniň dosenti, ylymlaryň doktory Soner Saglam beýik Magtymgulynyň eserleriniň tankydy teksti hakynda 2013-nji ýylda çap edilen makalasyndan başlap, tä golaýda okyjylara gowşan «Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty» atly türk dilindäki kitaba girizilen makalalaryna çenli başda saýlap alan ylym ugruna wepaly bolup gelýär. Onuň 2020-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistan Çocuk Edebiyatı (Dönemler-Temsilcileri-Türler)» atly möçberi 474 sahypalyk kitaby bolsa tutuşlygyna türkmen çagalar edebiýaty baradadyr. Türk alymy, dosent, doktor Soner Saglamyň türkmen alymyna, şahyryna we onuň terjimesine bagyşlan bir makalasyny türkçeden türkmençä geçirip, hormatly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Ylym-bilim pudagynyň ösmegi ynamly geljege tarap aýdyň ýoldur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Mälim bolşy, ýaly türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris” – diýen söz

Bäsleşige taýýarlykly barýarys

Şu gün biziň orta hünär okuw mekdebimizde mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda talyplary ylmy gözleglere giňden çekmek, olary öňde durýan ders bäsleşiklerine göreldeli taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz aladalary edýär. Şeýle aladalardan ruhlanyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde netijeli işler alnyp barylýar. Edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine talyplarymyzyň ders bäsleşiklerinde şowly çykyş edýändikleri hem ynandyryjylykly subutnamadyr. Geçen ýylda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň 42-siniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşikde biziň mekdebimiziň talyplary baýrakly orunlaryň altysyny eýelediler. Zehin bäsleşiginde üstünlik gazananlaryň arasynda Enejan Seýidowa, Käbe Hojamyradowa, Nurtäç Nurgeldiýewa we beýlekiler bar. Olaryň şowly çykyş etmeklerinde Myrat Joraýew, Tawus Gotdaýewa, Bahar Myradowa ýaly tejribeli mugallymlarymyzyň uly zähmet paýy bar.

Ki­tap — ylym­la­ryň ha­zy­na­sy

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da ata-ba­ba­la­ry­myz ylym-bi­li­me, ki­ta­ba be­lent sar­pa go­ýup, yl­myň ös­me­gi­ne go­şant go­şup­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem dün­ýä meş­hur alym­lar, şa­hyr­lar, akyl­dar­lar ke­ma­la ge­lip­dir, ola­ryň mi­ras gal­dy­ran ki­tap­la­ry gym­mat­ly ha­zy­na öw­rü­lip­dir. Bu bol­sa pe­der­le­ri­mi­ziň ki­ta­ba we ki­tap­ha­na­la­ra uly üns be­ren­dik­le­ri­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Döw­rüň bar­ha ösüp-öz­ger­me­gi bi­len kä­mil­li­ge eýe bo­lan adam­zat jem­gy­ýe­ti ylym ar­ka­ly ös­mek ug­ru­ny na­zar­la­ýar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­na gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Olar ýaş­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hü­när taý­ýar­ly­gy, ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn ös­me­gi üçin yk­dy­sa­dy we hu­kuk şert­le­ri­ni dö­ret­mä­ge, şeý­le-de okuw­da, iş­de, ylym-bi­lim­de, jem­gy­ýet­çi­lik we döw­let işin­de öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin oňyn şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Hazar deňiz suwotunyň guşçulykda peýdasy

Ýurdumyzyň ot-iým goruny baýlaşdyrmakda Hazar deňzinde ösýän suwotularynyň uly ähmiýeti bar. Bu otlar düzüminde ýokumly maddalary, birleşmeleri, polisaharidleri, beloklary, lipidleri, makro we mikroelementleri köp mukdarda saklaýarlar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazar deňzinde suwotunyň 1 milliard tonnadan gowrak gory bar. Suwotulary gök, ýaşyl we gara-goňur reňklerde bolýar. Ösýän suwotulary barlanyp görlende, olaryň düzüminde polisaharidleriň 35 – 40, beloklaryň 30, makro we mikroelementleriň 30 – 35, witaminleriň bolsa, 5 göteriminiň saklanýandygy anyklanyldy. Mikroelementleriň içinde iň möhüm bölegi ýod we onuň birleşmesi bolup, düzüminde 0,19 göterime çenli ýod saklaýar. Munuň özi Hazar deňiz suwotuny oba hojalyk mallarynyň ot-iýmlik paýyna ýokumly goşundy hökmünde ulanmaga esas döredýär. Ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleriň biridir. Hazar deňziniň umumy meýdanynyň 25 göterimi Türkmenistana degişli bolup, ýyly howanyň täsiri bilen, onda suwotularyň köp görnüşi ösýär we onuň ep-esli bölegi tolkun bilen kenara çykarylýar. Olar uçup geçýän ýabany guşlar üçin esasy ot-iým bolup hyzmat edýär. Farmasewtikada suwotunyň käbir görnüşlerinden ýörite dermanlar hem ýasalýar.

Gymmaty egsilmeýän gollanma

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe süryän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli we halkara baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni-sport çärelerini geçirmeklik ajaýyp däbe öwrüldi. Adamyň saglygy barada gürrüň açylsa, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri göz öňünde janlanýar. Bu eser biziň durmuşymyzyň sagdyn hem ruhubelent bolmagy üçin esasy ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösyän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünyä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň ber

Pähim-paýhas ymmany

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy baýlygynyň medeni ojagy bolan kitaphana ulgamynda guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kitaphanalar ulanylmaga berildi. Olarda okyjylar üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Ylmyň, bilimiň ojagy bolan kitaphanalar bu günki gün adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Kitaphanamyzyň gaznasy çeper we ylmy, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli kitaplar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki döwürde kitaphanalarda hyzmat etmegiň täze usuly ýola goýuldy. Okyjylar özlerine gerek edebiýatlary diňe kataloglaryň we kartotekalaryň kömegi bilen däl, eýsem, elektron görnüşdäki kataloglardan, internet ulgamyndan gözläp, tapyp bilýärler. Bu bolsa wagty tygşytlamaga ýardam berýär.

Ha­ly­pa alym ha­kyn­da söh­bet

Ge­çen asyr­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ara­syn­dan ylym-bi­li­me hö­wes edip, il­kin­ji alym­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan ze­na­nyň kim­di­gi­ni, me­ge­rem, bi­le­si gel­ýän­ler bar­dyr. Şu so­rag öň­den bä­ri me­ni-de öz er­ki­me goý­ma­ýar­dy. Pi­kir­le­nip otur­sam, ahy­ry dil bi­li­mi ug­run­dan il­kin­ji bo­lup alym­lyk de­re­je­si­ni alan we soň­ra has ýo­ka­ry bas­gan­çak­la­ra ga­lan Zy­ly­ha Ba­ky­ýew­na Mu­ham­me­do­wa­nyň ady­ny ýa­dy­ma sal­ma­ly bol­dum. Bu gaý­rat­ly we akyl­dar türk­men zenanynyň ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lar­lyk ge­çen dur­muş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly bar. Onuň dur­mu­şy bi­len hor­mat­ly oky­jy­la­ry gys­ga­rak ýag­daý­da ta­nyş­dyr­ma­gy özü­me borç bil­dim. Zy­ly­ha Mu­ham­me­do­wa Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň Mülk­ýu­sup oba­syn­da 1922-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da ene­den do­gul­ýar. Ka­ka­sy Ba­ky Täç Mu­ham­me­dow (1899 — 1938) so­wat­ly adam­la­ryň bi­ri bo­lup­dyr.

Kämil ylym-bilim bilen geljegiň täze giňişliklerine tarap

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze düşünjeler we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris

Manyly ömür

Biziň söhbedini etmekçi bolýan we 93 ýaşy arka atan paýhasly türkmen ýaşulusyny köpler özüniň halypasy — gadyrdan mugallymy hasaplaýar. Agajan Babaýew öz manyly ömrüni bilime, ylma bagyşlady. Ol geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir... Ylym bilen meşgullanmak abraý-mertebedir» diýen parasatly sözleri ylmyň adamzat jemgyýetinde, her bir ynsanyň şahsy durmuşynda örän uly orny eýeleýändigini görkezýär.

Innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak başlangyç synplarda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, çaganyň işjeňligini artdyrmaga täsir edýär. Başlangyç synplarda multimedia tagtasynda geçirilýän test soraglary okuwçylaryň nazaryýetde alan bilimlerini anyklamaga, olary tejribede ulanyp bilmek endiklerini ösdürmäge

Ýaşlar — biziň geljegimiz

Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagyny, döredijilik hem sport bilen meşgullanmagyny, dünýä dillerini, edebiýatyny we sungatyny öwrenmegini gazanmak ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipedir. Şeýle sogaply hem örän jogapkärçilikli işleriň durmuşa geçirilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdepde etrabyň mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlar üçin usuly okuw geçirildi. Onda ýaşlara dil öwretmegiň has netijeli ugurlary barada dünýä tejribelerine salgylanyp, giňişleýin gürrüň edildi. Geljegimiz bolan ýaşlar barada edýän irginsiz aladalary üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglu

Kämil ylym-bilim – ösüşlere badalga

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän mukaddes ynamyň ýokarydygyna güwä geçýär. Şol ynama mynasyp bolmak üçin ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň

Himiýa we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ziň ýa­şa­ýyş gur­şa­wy­myz­da äh­li zat bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu­la­ry gö­ze gö­rün­me­ýän zyn­jyr­jyk­lar bag­la­ýar diý­sek hem bo­lar. Şol bag­la­ny­şyk ne­ti­je­sin­de hem bi­te­wü­lik ýa-da umu­my pi­kir dö­re­ýär.

Sirk sungatynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti has giň gerim bilen ösýär. Medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatyny täzeden döretmek hem-de ýokary derejelere çykarmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sirk sungatymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Şan-şöhraty dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň we türkmen ýigitleriniň, ýagny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä döwletlerinde üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylary haýran galdyrmagy hem-de baýrakly orunlara eýe bolmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Sirk sungatynyň ösmegi üçin üçin ähli ykdysady we maddy mümkinçilikler bilen utgaşyklykda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu çygyrdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, ýakynda «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we bellenen tertipde herekete girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslary hem-de sirkleriň işiniň hukuk esaslary, olary döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenen bu Kanunda sirk tomaşalarynyň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Sirk şagalaňlylyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, güýjüň, başarjaňlygyň, çalasynlygyň, batyrgaýlygyň, şeýle-de üýtgeşik we gülküli bir wakan

«Oguz Robotyň» üstünlikleri

Heňňamy haýrana goýýan ýagdaýlar öňem bolupdyr, häzirem bolýar. Ýaş türkmenistanlylaryň tehnika-tehnologiýanyň ösen döwri bilen aýakdaş gidip, täzeçe oýlap tapyşlarynyň, irginsiz gözlegleriniň netijesem edil şeýle. «Nädip?» diýýäňizmi?! Ine, «Oguz Robotyň» üsti bilen. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň diňe bir döwletimizde däl, eýsem, halkara derejesindäki bäsleşiklerde hem ýeňişli orunlary eýeleýändigini eşideniňde, olara «Tüweleme» diýeniňi duýman galýarsyň... Zehinli okuwçylaryň 90-a golaýyny özünde jemleýän bu gurnagyň gazanýan üstünlikleri soňky ýyllarda has-da artdy. Şu ýylyň oktýabr aýynyň 13 – 16-sy aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2022» – Halkara Robototehnika bäsleşiginde edilen şowly çykyş «Oguz Robota» nobatdaky ýeňşi bagyşlady. Bu halkara bäsleşik 162 döwletiň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan milli ýygyndy toparlaryny bir ýere jemledi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary – Jelaleddin Gylyçmuhammedowyň, Pirguly Öwezowyň, Nurmämmet Nazarowyň, Polat Baýramowyň, Arslan Poladowyň bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik edendigini bellemek gerek.