Kyssalarda ýaşaýan duýgular
Durmuşda täsin ykbally adamlar bolýar. Olary günde-günaşa görüp, gürleşesiň, derdinişesiň gelýär. Şeýle kişilere bolan alkyşyň bolsa, asla egsilmeýär. Şeýle adamlaryň birem öz ömrüni döredijilige bagyşlan, degişmäniň aşygy, ençe ýyl bäri «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynda zähmet çekip gelýän Nurberdi Dädebaýewdir. Nurberdi aga bilen köp ýyl bäri bir edarada zähmet çekip gelýäris. Öz işiniň ussady, halypa hökmünde-de işgärleriň arasynda abraýy uly. Haçan görseň bir zada dümtünip oturandyr. Daşyndan göräýmäge agras, ýöne salamlaşyp, hal-ahwal soraşanyňdan soň, Nurberdi aga bilen gürrüňiň nädip gyzyşanyny bilmän galýarsyň. Degişmänem gowy görýär. Gülküli kyssalarynyň gory entek-entek egsilerli däl. Ýaş nesli terbiýelemekde-de halypanyň döreden eserleriniň gymmaty uly. Gazet-žurnallaryň sahypalarynda ýygy-ýygydan çykyş edýär. «Sazanda», «Magşuk gyzyň şerti», «Balykçy», «Arzuwçyl aşyk», «Özüme sowgat», «Söýgi haty», «Mata söwdasy» atly gülküli kyssalary, «Kalbyň owazy», «Nazar Baganyň ýaşlygy», «Yhlas», «Ýaşajyk çapyksuwar», «Ynam», «Sygyr söwdasy», «Ýaşajyk bagban» atly hekaýalary okyjylaryň söýgüsini gazandy.