Bu Watany, ine, şeýdip söýmeli!
Dabarasy ümmülmez äleme dolýan, taryply söhbedi jahana keşt eýleýän halkara derejedäki sport ýaryşlaryny ýurdumyzda geçirmek däbe öwrüldi. Onda-da iň ýokary derejede guramagyň hötdesinden gelinmegi dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly ýörelgeleri bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen uly sport baýramçylygydyr. Bu işleriň aňyrsynda ynsan saglygyny ilkinji orunda goýmak bar, sporta, sagdynlyga ünsi göndermek bar. Şeýle-de eziz Diýarymyzyň at-abraýyny, mertebe-derejesini äleme ýaýmak bar, belende götermek bar. Şeýdilende, uly üstünlikleriň gazanylýandygy hemmä aýan. Ösüşlerem, özgerişlerem, batly baryşlaram, belende galyşlaram türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň reýhana ýolundan gaýdýar. Üstünlikleriň haýsy birini sanajak?! Hersi bir dünýä! Nähili ýakymly, nähili guwandyryjy bu! Şahyr bolsaň, söz äleminde ýüzseň, buýsanjyňdan zybanyňa şirin setirler dolýar. Göwün güzeriň gülhana öwrülýär. Bu ahwaly düşündirip bilmez söz-söhbet.