"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türk­men mil­li gö­re­şi

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Sport güý­jüň, gö­zel­li­giň, sag­ly­gyň we tä­ze be­lent­lik­le­re ym­tyl­ma­gyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Eziz Di­ýa­ry­myz­da iri sport top­lum­la­ry, şeý­le-de sport­da ýo­ka­ry sep­git­le­ri eýe­le­mek üçin hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan okuw mek­dep­le­ri­niň bi­na­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

Döredijilik işi bilen sportuň baglanyşygy

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew öndürijilikli işleýän heýkeltaraş hökmünde tanalýar. Ýedi onlugy arka atan halypa heýkeltaraş bilen bu saparky gürrüňdeşligimiz onuň döredijilik işi barasynda däl-de, saglygyň girewi bolan sport, sagdyn durmuş ýörelgesi hakynda boldy. — Halypa, her gezek ussahanaňyza gelenimizde, täze-täze eserleriňiz bilen gyzyklanýardyk welin, bu gün gürrüňimizi ussahanaňyzda duran welosipedden başlaýsak diýýärin. Bu döredijiligiň sportdan üzňe däldiginiň güwäsimi?!

Halkara tejribäni baýlaşdyryp

Ýakynda Kazan şäherinde geçirilen Tatarystan Respublikasynyň we yslam döwletleriniň kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin halkara tejribäni artdyrmagyň möhüm ädimleriniň biri boldy. Türkmen wekiliýetiniň sapary hokkeý boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyndan hem mynasyp orun aldy. Ýakynda dostlukly ýurduň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanda saparda bolanynda, Kazanda geçirilen halkara ýaryşda türkmen hokkeýçilerini görmegiň özüni şat edendigini aýratyn nygtady. Şaýbaly hokkeý boýunça Russiýa Federasiýasynyň iň öňdebaryjy sebitleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk sportuň bu görnüşiniň biziň ýurdumyzda hem pajarlap ösmegine itergi berer.

Baýramçylyk bäsleşikleri

ýurdumyzyň harby türgenleriniň ussatlygyny görkezdi Pederlerimiziň merdi-merdanalyga, gujur-gaýrata beslenen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Watan goragçylary ýurdumyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň goragynda durup, eziz Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji şanly senesiniň — Watan goragçylarynyň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi, tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglarynyňdyr hormatly atlaryň dakylmagy merdana ýurt goragçylarynyň göwünlerini galkyndyrdy. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy her bir raýatyň ýüreginde buýsanç hem guwanç duýgularyny oýardy.

Ýaş küştçüler ýurdumyzyň çempionatynda

Aşgabat şäherinde 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli duşuşyklar ýeňşe dalaşgärleriň az däldigini aýan etdi. Iň gowy netijä eýelik etmek, garaşylyşy ýaly, Azat Nurmämmedowa miýesser etdi. Ol mümkin bolan

Şa serpaýly türgenler

Gurultaýda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan guramanyň öňdebaryjy agzalaryna sowgatlar gowşuryldy. Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Alp Arslan Begenjow bilen Parahat Ataýew hem bar. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Alp Arslan Begenjow birnäçe ýyl bäri dünýäniň dürli künjeklerinde erkin göreş boýunça geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bilen Watanymyzyň sport abraýyna abraý goşup gelýär. Ýaş pälwan geçen ýyl hem uly üstünlikleri bilen sport muşdaklaryny begendirmegi başardy. Maý aýynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky erkin göreş boýunça ýaryşda 65 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan Alp Arslan garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. Şol ýaryşyň yzysüre, has takygy 19 — 26-njy iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda-da şol agram derejesinde ýeňiji bolmagy başardy. Şol ýaryşda ýaş olimpçileriň ýene biri hormat münberine çykmagyň hötdesinden geldi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy 80 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Ykbal özgerdiji çözgütler

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem şol taryhy wakalaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi bilen taryha altyn harplar bilen ýazlylan bu mejlis halkymyzyň hem-de döwletimiziň durmuşynda ykbal özgerdiji şanly waka bolup dabaralandy.

Çekeleşikli tutluşyklar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklan meýilnamasy esasynda geçirilýän dürli ýaryşlar täze zehinleri, täze ussatlary ýüze çykarýar. Bu türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem şeýle boldy. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ussat tälimçisi Nuraly Lollykowyň bellemegine görä, milli göreş boýunça 62 kg we 68 kg agramdaky tutluşyklar garaşylmadyk netije berdi. Ýagny şeýle derejeli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, öz tutluşyklarynyň dowamynda adygan pälwanlardan hem üstün çykan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndan Merdan Wepaýew (62 kg) hem-de Lebap welaýatyndan Gylyç Gylyjow (68 kg) çykyş eden agramlarynda güýçlüdiklerini görkezmegi başardylar. Beýleki agramlarda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Mämmedowyň, Amanmuhammet Batyrowyň, tälimçi Nuraly Lollykowyň şägirtleri öňdeligi eýelediler. Ýagny Hojamuhammet Suhanow (57 kg), Gurbangeldi Gurbangeldiýew (75 kg),

Paýtagtyň birinjiligi

Golaýda 64 öýjükli şaşka boýunça 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen ýaryşa şaşkaçy oglanlaryň 38-si, gyzlaryň 28-si gatnaşdy. Ýaryş 2 toparda oglanlaryň we 2 toparda gyzlaryň arasynda Halkara şaşka federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda geçirildi.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinde 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Sakarçäge, Murgap, Türkmengala etraplarynyň, Mary şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň topary birinji, Murgap etrabynyň sport mekdebiniň topary ikinji, Murgap etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport kluby hakynda Birkysmy düzgünnama

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 137-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy I bap. Umumy düzgünler

Milli göreş – halkymyzyň buýsanjy

Bu gün Watanymyzda gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däpleriň we dessurlaryň täzeden dikeldilmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň dabaralanmagyna, milli sport görnüşleriniň ähmiýetine uly üns berilýär. Türkmen milli göreşi hem halkymyzyň milli mirasynyň bir bölegidir. Şol sebäpden hem, biz şu ýazgymyzda toýlarymyzyň bezegi bolan türkmen milli göreşiniň ähmiýetinden söz açmagy makul bildik. Türkmen milli göreşi bilen meşgullanýan pälwanlar alyş, kuraş, guşakly göreş, şeýle-de başa-baş tutluşyklaryň beýleki görnüşleri boýunça tutluşmaga-da ökde hasaplanýar. Aslynda bu göreş ynsanyň saglygyny, gözelligini, kanagatlylygyny, güýjüni, eserdeňligini, ünslüligini we maksadaokgunlylygyny ösdürýär.

Spartakiada dowam edýär

Sişenbe güni «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadanyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasyndaky futzal bäsleşigi tamamlandy. Ýaryşa ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň ýigrimisi gatnaşdy. Toparçalaryň biriniň duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, beýlekisiniň oýunlary bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýaýbaňlandyryldy. Her toparçadan iki topar ýaryşyň ýarym finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

halkara ýaryşlarynda

Şu günler türkmenistanly türgenler abraýly halkara ýaryşlardaky çykyşlaryny dowam etdirýärler. Golaýda olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin zerur utuklary toplamaga mümkinçilik berýän Portugaliýanyň Gran-Pri ýaryşynda çykyş eden türkmenistanly dzýudoçylar şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga beriljek «Uly Tuwalga» ýaryşyna gatnaşarlar. Bu ýaryşda ildeşlerimiz Aýbek Ömirow bilen Hakberdi Jumaýewiň 60 kilograma çenli agram derejesinde, Serdar Rahymowyň hem-de Hekim Agamämmedowyň 66 kg-de, Parahat Nazarowyň 73 kg-de, Şatlyk Seýitmyradowyň bolsa 87 kg agramda olimpiýa utuklary ugrunda göreş alyp barmagyna garaşylýar. Aksoltan Hojageldiýewa bilen Kurbanaý Kurbanowa 48 kg-de göreş düşekçesine çykar. 57 kg-de Maýsa Pardaýewa göreşse, 63 kg-de Zülhumar Daşkinowa ussatlygyny görkezer. Bularyň ählisi hem Halkara Dzýudo federasiýasynyň reýtinginden orunlaryny tapan ussatlardyr.

Taryhda şu gün

Bu Oýunlara 37 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 1123-siniň (892 erkek, 231 zenan) gatnaşandygyny bellemek gerek. 4 –15-nji fewral aralygynda geçirilen gyşky Oýunlarda sportuň 10 görnüşi (biatlon, bobsleý, dag lyžasy, konkili we sanili sport, lyžada typmak, ikileme, tramplinden lyžada bökmek, figuralaýyn typmak, hokkeý) boýunça medal sanawynyň 37-si ugrunda bäsleşikler geçirildi. Türgenleri şowly çykyş eden öňki soýuzyň ýygyndy topary medal sanawynda öňdäki orny eýeledi (13 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç).

Taekwondo – terbiýe mekdebi

Taekwondo dünýäde meşhur gadymy koreý söweş sungatydyr. Bu söweş sungatynyň Ýer ýüzündäki muşdaklarynyň sany 50 milliondan geçýär. Koreýanyň ussatlarynyň türgenleşikleriň gadymy usullaryny we tärlerini häzirki zaman sportunyň meýilleri bilen utgaşdyrmaklary bu görnüşiň meşhurlygynyň esasy sebäbi bolup durýar. Adamda fiziki, psihiki, ruhy hem-de ahlak başlangyçlarynyň sazlaşygyny gazanmak taekwondony öwrenmegiň we türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Irki döwürlerden bäri bu maksat musul, mue hem-de do ýörelgelerinde kesgitlenýär.

Futzal bäsleşigi

Ýakynda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkan welaýatynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparlaryň arasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli futzal boýunça ýaryş geçirildi. Ýokary guramaçylykly we çekeleşikli geçen ýaryşda TIIM-niň Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň «Galkan», TMHM-niň Balkan welaýat milli howpsuzlyk müdirliginiň topary, Balkan welaýat adalat bölüminiň «Adalat» toparlary degişlilikde öňdäki orunlary eýelediler. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Rowaç menziller bagta rowana

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde “tegelek” stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan söhbetdeşlik “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän ýylyň çärelerine baý öwüşgin çaýdy. Söhbetdeşlige ýygnananlaryň esasy gürrüňi 21-nji ýanwarda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýeti dogrusynda boldy. Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň barha dabaralanýandygyny aýdyp, halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini “tegelek” stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar bellediler.

Spartakiadanyň çägindäki ýaryş

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Spartakiadanyň çägindäki nobatdaky ýaryşa onuň etraplarda geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglan-gyzlar gatnaşdy. Olar öz alarynda gyzykly duşuşyklary geçirdiler. Netijede okuwçy oglanlaryň arasynda Bäherden etrabynyň topary birinji, Gökdepe etrabynyň topary ikinji, Ak bugdaý etrabynyň topary üçünji orunlary, gyzlaryň arasynda Bäherden etrabynyň topary birinji, Babadaýhan etrabynyň topary ikinji, Kaka etrabynyň topary üçünji orunlary eýeläp, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

«Na­po­li­den» soň «Ro­ma­ny» hem ýa­ryş­dan çy­kar­dy

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da çär­ýek fi­nal­da «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Ata­lan­ta­ny» Dar­mia­nyň (57) ýe­ke-täk go­ly bi­len 1-0 ýeň­di. «Fio­ren­ti­na» hem öz meý­dan­ça­syn­da «To­ri­no­ny» Ýo­wiç (65) we Ko­ne­niň (90) gol­la­ry esa­syn­da 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Se­rie A»-da 20 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Kre­mo­ne­se» to­pa­ry «Na­po­li­den» soň «Ro­ma­ny» hem ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Ro­ma» bi­len du­şu­şan «Kre­mo­ne­se» to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny Si­ri­el Des­sers (28 p) bi­len Ze­ki Çe­lik (49 ö.d.) ge­çir­di. Be­lot­ti­niň 90+4-nji mi­nut­da­ky go­ly rim­li­le­re ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. «Kre­mo­ne­se» to­pa­ry soň­ky 18 ýyl­da ku­bok ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan il­kin­ji to­par bol­dy. 4-5-nji hem-de 25-26-njy ap­rel­de oý­nal­jak ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ryn­da «Kre­mo­ne­se» «Fio­ren­ti­na» bi­len, «In­ter» bol­sa «Ýu­wen­tus» ýa-da «La­sio» bi­len du­şu­şar.