"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý ýygýan kombaýnlar, sürüm we bejergi traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Balyklar üçin janly iýmiti köpeltmegiň taslamasyny 2024-nji ýylda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

3-nji fewralda «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň artemiýany öwrenmek we synagdan geçirmek boýunça Belgiýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen bilelikde Aşgabatda geçiren duşuşygynda artemiýa salinany köpeltmek boýunça taslamany işläp düzmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamanyň esasy maksady, balyk üçin sagdyn we doly iýmit meselesini çözmek bolup durýar. Bu konsepsiýa artemiýa salinany köpeltmegi we olaryň ýumurtgalaryny iýmit hökmünde ulanmagy maksat edinýär. «Hazar balyk» AGPJ 2024-nji ýylda artemiýa salinany köpeltmek üçin synag taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýanwar 2023: Russiýa 5 müň tonna türkmen pomidoryny import etdi

Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik federal gullugynyň («Rosselhoznadzor») Moskwa şäheri, Tula we Moskwa oblastlary boýunça edarasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Moskwanyň çägine Türkmenistandan 270-den gowrak ýük awtoulagynda getirilen ter pomidorlaryň 5 müň tonnasyny barlagdan geçirdi. Türkmen pomidorlarynyň rus bazarynda paýy uly bolup, olaryň eksporty ýylsaýyn artýar. Bu barada «Rosselhoznadzor» gullugynyň geçen hepdäniň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Ömrüň ölçegi — abraý

(Oçerk) Onuň mahal-mahal eşidiler-eşidilmez: «Abraýymdan aýlanaýyn!» diýäýmesi bardy. Bu, meger, ömür ýüküniň agramyny bilýänliginden, ýaşalan ýyllaryň «harmanyny» terezä salyp görýänliginden dörän edähet bolmaly. Hernä, Goşjan Rahmediň ady agzalanda, il içinde, «Hä-ä, olmy, azaby bilen gyrmyzy don geýen, abraý ýüki artyk adamdyr» diýleni-hä çyn.

Oba hojalygy

POMIDORYŇ BEREKETLI HASYLY Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumy indi birnäçe ýyldan bäri hereket edip, onda her ýyl pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, bu ýerde 4 bölüm hereket edýär, işgärleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Işgärleriň aglabasy ýaşlar bolup durýar. Olar özlerine berkidilen işi ýokary hil derejesinde berjaý edýärler. Ýyladyşhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýylylyk, çyglylyk ýagdaýny kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterleriň kömegi bilen dolandyrylýar. Göreldeli işgärlerden Gülendam Gazakowa, Aýnur Nuryýewa, Göwher Sabyrowa, Aýbölek Begmyradowa dagylary görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýyladyşhananyň agzybir işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde bol pomidor hasyly ösüp ýetişýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen ilatymyzy ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň doly berjaý edilýändigini tassyklaýar.

Ýokary işjeňlik üstünlige ýetirýär

Welaýatymyzyň edermen daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen ekin meýdanlarymyzdan önýän guşgursak dänäni gaýtadan işlemekde degişli kärhanalarda ýokary zähmet üstünliklerine ýetilýär. Halkymyzy zerur bolan azyk önümleri bilen üpjün etmekde ýokary öndürijilikli işleýän şeýle kärhanalaryň biri-de «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşigidir. Kärhananyň işgärleriniň geçen ýylda ýeten belent sepgitleri-de bu ýerde zähmetiň gaýnap joşýandygyna doly şaýatlyk edýär. Ilki bilen geçen ýylyň 12 aýy boýunça birleşigiň özünde we onuň garamagyndaky kärhanalaryň ählisinde uny, kepegi, tüwini, bugdaý we manny ýarmalaryny we süýji-kökedir unaş önümlerini öndürmekde bellenilen meýilnamalaryň ählisiniň artygy bilen berjaý edilendigini bellemek gerek. Iň ýokary zähmet üstünlikleriniň hatarynda çörek we çörek önümleriniň önümçiligini görkezmek bolar. Çünki bu boýunça bellenilen meýilnama 3 essä golaý artyk ýerine ýetirildi. Ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň meýilnamada bellenilen 16 290 tonnasynyň deregine 45 207 tonnasy öndürilip, meýilnama 277,5 göterim berjaý edildi. Bu belent sepgitde önümçilik birleşigine degişli bolan Türkmenabadyň 1-nji we 2-nji, şeýle hem Kerkiniň we Seýdiniň çörek kärhanalarynyň işgärleriniň hyzmatynyň uludygyny nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da şol döwürde «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşigi we onuň garamagyndaky «Dostlukga

Maksat — bol hasyl almak

Geçen ýylyň galla oragynda «Türkmenistan» daýhan birleşigi Darganata etrabynda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdi. Bu ýerde oragyň netijesi hem örän gowy boldy. Meýilleşdirilen 1856 tonnanyň ýerine 2000 tonnadan geçirilip, bugdaý ýygnaldy. Etrabyň edermen gallaçylary bugdaý ekilen 2300 gektar meýdandan 5300 tonnanyň deregine 5325 tonna hasyly ýygnap, geçen ýylyň oragynda welaýatymyz boýunça ilkinji ýeňşi gazandylar. Gazanylan ýeňşe «türkmenistanlylaryň» goşandy örän uly boldy. Olar beýleki hojalyklara-da nusgalyk görelde görkezdiler. Sebäbi ilkinji ýeňiş hemmäni gobsundyrýar.

Bereket bolçulygynyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, suwy tygşytly ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bugdaýdan, gowaçadan hem-de gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alýan welaýatymyzyň «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň işgärleri özlerine ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, yhlasly zähmet çekýärler. Golaýda biz önümçilik birleşiginiň suw ulanyş bölüminiň başlygy Öwezdurdy Gaýypow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde bar bolan suwaryş we şor suw akabalarynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. — Welaýatymyzyň esasy suw çeşmesi Amyderýa bolup, suwaryş ulgamlary Türkmenderýa, Hanýap, Gylyçbaý, Jumabaý saka,  Türkmenarna, Gypjak, Boz suw akabalarydyr. Döwletimiz tarapyndan bellenen möçberdäki suwlary möhletinde we doly almak barada önümçilik birleşigimiz tarapyndan ähli degişli çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça, bugdaý, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň kesgitlenen paýlarynyň çäginde suw bilen üpjün edilmegi üçin hem zerur çäreler geçirilýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, ekerançylyk meýdanlaryndan bol hasyl almakda daýhanlar bilen bir hatarda, miraplar hem özleriniň gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda Ýagşygeldi Saparow, Çowdur Su

Çopan atanyň ýodasy bilen...

“Çopanyň her güni edermençilik” diýlip, megerem, ýöne ýere aýdylmaýar. Çünki, sähra merdanalary pasyllaryň her bir gününe döz gelip, yhlas bilen mallaryna eýeçilik gözi bilen seredip, çopan atanyň ýodasy bilen barýarlar. Çopan-çoluklaryň köpüsi giň sährada ata kesbini dowam etdirip, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyna saldamly goşantlaryny goşup gelýär. —Maldarlarymyz öňde goýlan sepgide ýetmek üçin gyş möwsüminde hem mallarynyň orta semizlikde bolmagy ugrunda yhlas edýärler. Hojalygymyzda bar bolan Maksat Annasähedowyň, Permanguly Tirkäýewiň ýolbaşçylyk edýän 1-nji, 2-nji fermalaryň öz arasynda ýaryş ýaýbaňlandyrylýar. Geçen ýyl maldarçylyk hojalygymyz boýunça 39314 ene goýundan 32494-e derek 32722 önüm alyndy. Edermen maldarlarymyz ýerine ýetirýän işlerine oňat düşünýärler. Birinji fermadan Maksat Bekmedow, Musa Hanow, Derýa Kuwwatow, ikinji fermadan Gurbanmyrat Öwezkulyýew, Şamyrat Hommadow, Saparguly Tirkäýew we beýlekiler ata kesbini dowam etdirýän çopanlardyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda maldarlarymyz Süýji guýy, Çanak gaş, Jomart, Jeren çeşme we beýleki ýaýlalarda mallaryny talaba laýyk gyşladýarlar. Gyş agyllarynyň bar bolan 36-synda hem gyşa abatlaýyş işleri geçirildi.

Erigiň täze görnüşleri döredildi

Täze Zelandiýanyň «Plant & Food Research Ltd» (PFR) kompaniýasynda erigiň täze görnüşleri döredildi. Häzirki wagtda täze görnüşli erikler ýerli bagbanlar tarapyndan synagdan geçirilýär. Elbetde, täze görnüşlerde erigiň tagamy, daşky görnüşi we uzak wagt terligine durup bilmegi aýratyn göz öňünde tutuldy. Bu barada ýurduň  «Krishak Jagat» neşiri habar berýär.

Ýerleri gowaça ekişine taýýarlamagyň kadalary

Gowaçanyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmekde topragy öz wagtynda göwnejaý ekişe taýýarlamagyň ähmiýeti örän uludyr. Ýerleri ekişe taýýarlamaga başlamazdan öň ýuwuş we tagt suwlarynyň netijeli bolmagy üçin zeýkeş hem suwaryş ulgamlary gowy arassalanmalydyr. Ýurdumyz boýunça gowaça ekişi, esasan, iki usul bilen geçirilýär. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerasty suwlaryň ýeriň ýüzüne ýakyndygy sebäpli gowaça tekiz ýere ekilýär. Ahal we Mary welaýatlarynyň daýhan birleşiklerinde bolsa, gerşiň üstüne ekilýär. Tekiz ýere gowaça ekişi geçirilende, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak üçin gowaça ekiljek meýdanlar çillenip, atyzlara bölünýär we wagtlaýyn suwaryş ýaplary gazylýar. Şonda her atyz aýry-aýrylykda suw içer ýaly edilip çekilmelidir. Mehaniki düzümi boýunça ýeňil toprakly ýerlerde atyzlaryň ululygy 0,25 gektar, orta we agyr toprakly meýdanlarda bolsa, 0,25 – 0,35 gektar bolmaly. Atyzlaryň ondan artyk giňeldilmegi ýuwuş suwunyň netijeliligini peseldýär. Ýuwuş suwy tekiz ýere berlen ýagdaýynda, onuň mukdary topragyň düzümine we şorluk derejesine baglylykda, jemi 3000 – 5000 kubmetr möçberinde bolmaly. Ýuwuş suwuny bermegiň esasy maksady toprakdaky duzuň mukdaryny azaldyp, topragyň düzümini kada laýyk getirip, gowaça tohumlarynyň sagdyn we endigan gögermegini gazanmakdan ybaratdyr.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Mandariniň 100 müň tonnasy ýyglar Amatly howa şertleri, dünýä bazaryndaky ýokary isleg Ysraýylda sitrus miwelerini ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerini ýokarlandyrdy. Ýurduň Ösümlikler we marketing müdirliginiň söwda we mahabat boýunça wekili Orna Inbariniň aýtmagyna görä, möwsümiň giç başlandygyna garamazdan, şu ýyl «Jaffa Orri» mandarinleriniň 100 müň tonna golaý hasylynyň alynmagyna garaşylýar. Bu bolsa geçen ýylky hasyldan 18 göterim çemesi kän bolar.

Ak ekin — arzyly ekin

Babadaýhan etrabynyň hojalyklarynda şu günler gyş aladalary bilen gurşalan maýsaly meýdanlarda ýaş bugdaýlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary has-da tapawutlanyp zähmet çekýärler. Ýaşajyk maýsaly meýdanlara oňat ideg etmekde daýhan birleşiginde bar bolan 25 sany däneçilik toparlarynyň arasynda Baýramgeldi Annagylyjow, Orazdurdy Kakajanow, Wepa Datdyýew, Baýramsähet Narow, Myratgeldi Permanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlaryň kärendeçileri öňdeligi elden bermän gelýärler. — Zähmetsöýer gallaçy kärendeçilerimiz bugdaýly meýdanlary ekilen gününden başlap uly aladalar bilen gurşadylar. Çünki daýhan birleşigimizde zähmet çekýän her bir gallaçy kärendeçi oňat idegiň, öz wagtynda geçirilen ýokary hilli agrotehniki çäreleriň we meýdan işleriniň geljekki bol-bereketli hasylyň girewi bolup durýandygyna oňat düşünýär — diýip, daýhan birleşigiň başlygynyň däneçilik işleri boýunça orunbasary Gurbanmyrat Akorazow bize gürrüň berdi.

Mallar ýyly hem dok gyşladylýar

Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda häzirki dowam edýän möwsümde mallary ýyly hem dok gyşlatmak, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak babatda göwnejaý işler alnyp barylýar. Pudaga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biri bolan Görogly etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynda bu möwsümi oňat geçirmek üçin amatly şertler döredildi. Bu hojalyk boýunça ätiýaçlyk ot-iýmleriň 6 müň tonnasy taýýarlanylyp, olaryň esasy bölegi mallaryň gyşladylýan ýerlerine daşaldy. Möhüm möwsümiň üpjünçilik meselesiniň göwnejaý çözülmegi, çopan-çoluklaryň zerur durmuş hajatlary bilen doly üpjün edilmegi işleri sazlaşykly guramaga, iň esasy-da, hojalykdaky dowarlarydyr beýleki mallary orta semizlikde saklamaga, önümçiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň 38 müňden we düýeleriň 2 müň 200-den gowragy bar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny täze üstünliklere beslemegi maksat edinýän hojalygyň dowardarlary öňde durýan jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümine şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýärler.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan edara-kärhanalarda okuw maslahatlaryna giň gerim berildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda geçirilýän şeýle çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu jemgyýetçilik guramasynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipelere üns çekilip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylda olarda işleri döwrebap guramagyň hem-de wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti dogrusynda durlup geçilýär.

Bolçulygyň binýady

Gyş pasly, göräýmäge, daýhanlaryň arkaýynlaşýan döwri ýaly. Ene toprak uka giden wagty olaryň iş ýüki azalýandyr öýdýärsiň. Hakykatda welin, ekerançylyk bilen iş salyşýan adamlaryň hysyrdysy arly ýyl dowam edýär. Biz muňa etrabymyzyň «Aşgabat» daýhan birleşigine baranymyzda hem, magat göz ýetirdik. Bu hojalyga partiýanyň etrap komitetiniň işgärleri bolup, kärendeçileriň armasyny ýetirmek hem-de güýzlük bugdaýyň ýagdaýy bilen tanyşmak maksady bilen geldik. Daýhan birleşiginiň çägine girenimizden, gök öwsüp duran maýsalara gözümiz düşdi. Ter, doýgun ýaşyl reňkli ekinler ideginiň ýetendiginden, kadaly ösýändiginden habar berýärdi. Biz kärende ýerinde hysyrdanyp ýören daýhanlaryň biriniň ýanyna baryp, onuň bilen tanyşdyk. Kärendeçi Kerim Kadyrowyň adyna 4 gektar ýer berkidilen eken. Şu ýylyň güýzünde onuň atyzyna sepilen tohumlar endigan gögeripdir.

Oba hojalygy: gyş-meýdan işleri

Hereketde bereket bar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşleri we özgerişleri başdan geçirýär. Şol sanda oba hojalyk pudagynda hem döwre mynasyp işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda zähmetkeş daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Bol hasyla ynam bilen

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen welaýatymyzyň gallaçy, pagtaçy daýhanlary gyş meýdan işleriniň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Olar häzirki günlerde bugdaýa ideg etmekde, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda bellenilen çäreleriň talabalaýyk amala aşyrylmagynyň ähmiýetine oňat düşünmek bilen, şu ýyl bereketli bugdaý, pagta hasyllaryny kemala getirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini olaryň gündelik gazanýan netijeleri doly tassyklaýar. Belli bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watan harmanyna bugdaý, pagta hasyllaryny goşmakda uly üstünliklere eýe bolmagy başardylar. Munuň özi olaryň şol ýylda çeken agzybirlikli zähmetleriniň ýerine düşendigini, göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetip, uly abraý gazanandyklaryny görkezýär.

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar

Şu günler Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary täze hasylyň düýbüni tutmak işlerine giň gerim berýärler. Olar 1000 gektar meýdany gowaça çöplerinden doly arassalap, ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Häzirki wagtda hojalykda sürüm, tekizleme, çil çekmek, ders taýýarlamak ýaly möhüm işler utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle jogapkärli işlerde hojalygyň 7 sany traktory işledilýär. Taýýarlyk işleriniň barşynda Sapargeldi Arazow, Baýrammät Kerimow, Kuwwat Gurbangylyjow ýaly mehanizatorlar daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Olaryň tutanýerli hem-de öndürijilikli zähmetiniň netijesinde, daýhan birleşigi boýunça tekizleme geçirmek, çil çekmek işleri ýerine ýetirildi. Meýdan işleri hojalygyň pagtaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçiler toparlarynyň 12-sinde-de guramaçylykly alnyp barylýar. Olarda Myrat Ödäýewiň, Öregylyç Öregylyjowyň, Aşyrmyrat Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän 3, 5, 11-nji kärendeçiler toparlarynyň daýhanlary has-da yhlaslylyk görkezýärler. Hojalykda şu günler alnyp barylýan işleri synlanyňda, täze ýylyň hasylynyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna ynamyň artýar. Şu işlerde gujurly zähmet çekýän kärendeçilerden Mahym Arazmämmedowa, Arzygül Guljagazowa, Azat Saryýew, Nazarmuhammet Töremämmedow dagy kärende ýerlerini ekişe taýýarlamakda öňdäkileriň hatarynda barýarlar. Olar ara ýaplaryň, salmalaryň gazuw-arassalaýyş işlerini

Halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň halkara derejede barha ýokarlanmagy, gazanylýan buýsandyryjy üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler agzybir halkymyz bilen birlikde, oba hojalyk ulgamynyň hünärmenlerini-de guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ylmy-tehniki ugurda soňky gazanylanlara, önümçilik üçin öňde durýan wezipelere esaslanylyp, gerekli ugurlarda hünärmenleri ýetişdirmäge düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Häzirki zaman bilimlerine we innowasiýalara daýanylyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde oba hojalyk ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Şeýlelikde, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzda öňe sürülýän we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülýär.