Hem gymmatly, hem islegli baýlyk

28 Noýabr 2022
381

Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar. Önümçilige daşky gurşawy hapalamak derejesi pes bolan, şonuň ýaly-da serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, himiýa pudagyny ösdürmegiň ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen ugurlaryny kemala getirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň esasy wezipeleridir. Häzirki wagtda welaýatda ýod önümçiligi boýunça üç sany kärhana bolup, olar — «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» we «Bereket» ýod zawodlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň ýod zawodydyr. Olaryň önümhanalarynda häzirki zaman tehnologiýalary esasynda taýýarlanylýan tehniki ýoduň agramly bölegi dünýä bazarlaryna eksport edilýär.

Mendeleýewiň periodik tablisasynyň VII toparyndaky himiki element, galogenleriň biri bolan ýody 1811-nji ýylda fransuz himigi Bernar Kurtua açypdyr. Ol deňiz suw otlarynyň külüniň esasy şor erginini konsentrirlenen kükürt kislotasy bilen gyzdyranda, gara reňkli, ýylpyldaýan plastinkajyklar şekilli kristallar görnüşinde kondensirlenýän melewşe («ýod» ady hem «melewşe sözünden gelip çykýar) buguň bölünip çykýandygyny görýär. Biosferada, aýratyn-da, deňizde ýaşaýan organizmleriň (suw otlarynyň, gubkalaryň we ş.m.) ýody toplaýandygy hem mälimdir. Juda seýrekdigine garamazdan, ýod tebigatda giňden ýaýran himiki elementdir. Onuň ätiýaçlyk gorlarynyň agramly böleginiň Çili we Ýaponiýa döwletleriniň kenarýaka suwlaryna degişlidigi nygtalýar. Bar bolan maglumatlara salgylansaň, Çilide tehniki ýoduň her ýylda öndürilýän möçberi 720 tonnadan hem köpdür. Şu ýerde bir pursata aýratyn ünsi çekesimiz gelýär. Ol hem geçen ýyl tutuş ýurdumyz boýunça öndürilen tehniki ýoduň ähli möçberleriniň 746 tonna golaý bolanlygydyr. Şonça önümiň 170 tonna golaýy «Balkanabat» ýod zawodyna, 239 tonnadan gowragy «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetine, 338 tonna golaýy bolsa «Bereket» ýod zawodyna degişlidir. Zemin kartasyna nazar aýlanyňda, taýýar tehniki ýody dünýä bazarlaryna çykarmakda Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly künjekde ýerleşýändigine göz ýetirmek kyn däldir. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe welaýat boýunça bu gymmatly önümiň 639 tonnadan hem gowragy taýýarlanylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylmagy bolsa, bu ugurda bitirilýän işleriň döwrebap dowamat tapýandygyna güwä geçýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».