Berkarar Watana buýsançly ýaşlar

12 Fewral 2021
800

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde 19-njy orta mekdepde «Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar» atly maslahat geçirdi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Halkymyzyň, ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Hanmeňli JOJAMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň başlygy.