HABARLAR

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatn

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar

Türkmenistanda köpugurly döwlet syýasaty üstünliklere beslenýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler, biri-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalar ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini esasy maksat hökmünde kesgitläp, durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýär. 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler hem öňde goýlan wezipeleriň, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Mejlisde Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk hakynda Kanunlara girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar we kabul edilen kanunçylyk namalary barada aýdyldy. Olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilendigini bellemek gerek. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amal

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Maslahatda Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin niýetlenendir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhana

Adam baradaky alada — Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 8-nji iýulda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Diýarymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, şol sanda elewatorlara ýitgisiz daşalýar. Önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Maslahatda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri edermen gallaçylaryň bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri bara