Aragatnaşyk ulgamynyň kuwwaty innowasion ösüşiň özenidir

17 Noýabr 2022
663

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly XV halkara sergisi hem-de ylmy maslahat üstünlige beslendi. Her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döretmek, ykdysady taýdan gülläp ösmek ýoly bilen ädýän täze üstünlikli ädimleri bilen tanyşdyrdy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmek bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezildi.

Sergi Diýarymyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynda gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwrebap wideotehnikalar bilen üpjün edilen zallarda görkezilen örän uly monitorly, yşyklandyryjy bannerli we pannoly sergi diwarlyklary, sanly eşitdiriş hem-de wideo arkaly görkeziş, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamynda innowasion önümleriniň nusgalary, audio hem-de wideo ýazyjy we gözegçilik, howany çaklaýan serişdeler, kabel önümleri hem-de beýlekiler ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly subutnamasydyr.