"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Milli ýörelgeler — mizemez binýat

Halk Maslahaty ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Bu gün ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň hemaýaty bilen her bir adamyň, ýurdy özgerdiji her bir subýektiň döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygy, ýokary baha mynasyp bolýandygy Diýarymyzyň ösüşleriniň kepilidir. Bu hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň netijesinde amala aşýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pähim-paýhaslaryň halkyň we her bir adamyň öňünde duran wezipeleridir maksatlary aňlamagyň hem-de amal etmegiň ýol-ýörelgeleri bolup çykyş edýändigini aýratyn bellemeli. Şol esaslar barada alym Arkadagymyz: «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýýär. Bu bolsa adamlaryň, dürli jemgyýetçilik toparlarynyň we gatlaklarynyň, tutuş halkymyzyň ýurduň geljegi üçin agzybirlikde bitirmeli işleriniň üstünlikli durmuşa geçmeginde ýurduň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýörelgeleriniňdir tagallalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aňladýar. Sebäbi olarda il-hal

Geňeşli salamat bolar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär Halk pähimleriniň birinde «Geňeşli salamat bolar» diýilýär. Ata-babalarymyzyň mizemez durmuş kadasyna, ruhy-ahlak ýörelgesine öwrülen geňeşmek däbiniň mazmunyny açyp görkezýän bu paýhasdaky «salamat» sözüne üns berip göreliň! Salamatlyk — sag-gurgunlyk, dynçlyk, parahatlyk. Diýmek, islendik mesele geňeşilip çözülse, onuň netijesi ähli adamlary kanagatlandyryp, hemmeleriň bir pikire gelmegine esas bolýar. Şu jähetden, pederlerimiziň asylly ýörelgesi häzirki wagtda döwlet syýasaty derejesinde döwrebap röwüşde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Gökderedäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Aşgabat şäher Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirilen bäsleşikde ökdeler öňe saýlanyp, ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi çagalaryň gyzykly dynç alşyny ýatdan çykmajak pursatlara besledi. Ajap BAÝGELDIÝEWA, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Ýollar «Aşgabada» barýar (Oýlanma)

Öýden işe ýa-da işden öýe tarap ýola düşenimde maňa hemişe çagalygymy ýatladýan bu ýer diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem ünsüni özüne çekýär. Hyýal bilen hakykatyň birleşen ýeri, ady paýtagtymyz bilen kybapdaş bolan «Aşgabat» seýilgähi siz üçinem tanyşmy? Gowusy, men bu barada size gürrüň bereýin, siz bolsa meniň bilen gamsyz çagalygyňyza syýahata çykyň!

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Bagtyýar çagalyk Golaýda Köýtendag etrabyndaky Dostluk şäherinde ýerleşýän sport toplumynda çagalaryň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Bu ýerde çagalar öz aralarynda «Merdana» we «Çalasyn» atly toparlara bölünip, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşdiler. Uly ruhubelentlikde geçen ýaryşda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşik täsirli geçdi

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy»,  aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi. Bäsleşige onuň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary, aşpezleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňijiler yglan edildi.

Milli “Ak bugdaý” muzeýine syýahat

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň Ak bugdaý etrap komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan syýahat guraldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli guralan syýahat muzeýiň arheologiýa bölüminden başlandy. Dürli ýyllarda gadymy Änewiň taryhy ýerlerinde geçirilen ylmy barlag, gazuw işleri netijesinde tapylan eksponatlar agzalan bölümiň esasy gymmatlyklarydyr. Syýahata gatnaşanlar Änewiň taryhy depelerinden tapylan, bäş müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň ilkinji dänelerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçen wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyga agzalan müdirlikde zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, döwlet we milli maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýän, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen işler barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň gözelleşmegi ugrundaky tagallalarda her bir ildeşimiziň mynasyp goşandynyň bolmalydygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Gurmak gurplulykdan nyşan

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan gurmak, döretmek ýoluny belent mertebe bilen ýöredýär. Munuň şeýledigine biziň etrabymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Obalarymyzda göwünleri galkyndyrýan täze-täze binalar, önümçilik desgalary gurulýar. Kaşaň ýaşaýyş jaýlary ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna hyzmat etse, medeni-durmuş maksatly ymaratlar olaryň ruhy dünýäsiniň barha baýlaşmagyna uly ýardam berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabymyzda gurluşyk-gurnama işleri has-da giň gerim alýar. Şanly ýylyň geçen 6 aýynda etrabymyzda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň 35,9 million manatlygy özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterime golaý artykdyr.

Uly höwes döretdi

TMÝG-niň etrap geňeşi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, netijeli çäreleri yzygiderli geçirýär. Ýaňy-ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşi ýaş nesillerimizi kitaphanalara çekmek we olarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen etrapdaky 2-nji, 5-nji çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Kitap meniň dostum!” ady bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guradylar. Çagalary kitaphana çekmek maksady bilen geçirilen bu çärede körpe nesillerimiz kitaphananyň bölümlerindäki gyzykly kitaplar bilen tanyş boldular. Aýratynam, kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili ajaýyp suratlar bilen bezelen kitaplar körpeleriň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi, özlerine tanyş bolan “Böwenjik”, “Hudaýberdi gorkak” ýaly ertekileriň bezemen suratly kitaplaryny görmek körpeleri örän begendirdi we beýleki ertekileri hem okamaga uly höwes döretdi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Gender deňligi dabaralanýar Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi gender deňligine bagyşlanyldy. «Gender deňligi — bagtyýar geljegiň miwesi» diýlip atlandyrylan bu wagyz-nesihat çäresini Mary şäher we Mary etrap zenanlar bölümleri bilelikde guradylar. Çärä şäheriň we etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresini şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa alyp bardy.

Beýik akyldara bagyşlandy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyraga, watansöýüjilik, edep-ekram meselelerine bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar, şeýle-de beýik akyldaryň goşgularynyň many-mazmunyny, ähmiýetini çeper dilde düşündirdiler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada gürrüň etdiler.  Bäsleşige  gatnaşanlara we onuň ýeňijilerine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Magtymguly Pyragy — Jemşidiň jamy

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly Pyragy — Jemşidiň jamy» atly maslahat geçirildi. Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri gymmatyny hiç haçan ýitirmejek bahasyz baýlykdyr. Ol eserler asyrlar geçse-de, şamçyrag deý lowurdap, durmuşymyza nur çaýýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny arzuw edendigi bilen düşündirip bolar.

Ýaş ýol gözegçileri bäsleşdiler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gara Altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we Balkanabat şäheriniň  Hazar şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň bilelikde guramaklarynda «Men — ýaş ýol gözegçisi» atly bäsleşik geçirildi. Ýol hereketiniň düzgünlerini çagalara düşündirmek, olar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan mekdep okuwçylary toparlaýyn gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar dürli oýunlaryň üsti bilen ýol hereketiniň düzgünleri, ýolyşyk we ýol belgileri boýunça düşünjelerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döwletara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hemde ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk- de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan- da, syýasy- diplomatik, söwda- ykdysady, medeni- ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz syýasy- diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenis

Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy Wengriýanyň Madiorod şäherindäki belli «Hungaroring » trassasynda geçirildi. 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda «McLaren » toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri pellehanany 1 sagat 38 minut 01,989 sekuntda geçmegi başaryp, ýeňiş gazandy. Bu onuň karýerasyndaky ilkinji ýeňşi bolup, 23 ýaşyndaky pilot bu birinjilik üçin 35 ýaryş garaşmaly boldy. Ýaryşda 2-nji ýeri Piastriniň britaniýaly topardaşy Lando Norris eýeledi. Ol 1-nji bolup bat alan ýaryşynda topardaşyndan 2,141 sekunt yza galdy. 3-nji orna başga bir britaniýaly sürüji, «Mercedes» toparynyň weteran piloty Lýuwis Hamilton mynasyp boldy. «Ferrari » toparynyň sürüjileri 4-nji hem-de 6-njy orny eýeläp, monakoly Şarl Lekler bilen ispaniýaly Karlos Saýns Junioryň arasyna «Red Bull» toparynyň niderland piloty Maks Werstappen girdi. Maks Werstappen soňky 3 möwsümiň dowamynda ilkinji gezek yzly- yzyna 3 ýaryşda ýeňiş gazanyp bilmedi. Oňa şu möwsümde 13 ýaryşyň 6-synda ýeňiş gazanmak başartmady. Wengriýa «Gran Prisinden » soň sürüjileriň sanawynda üýtgän zat bolmady. Sanawyň lideri Maks Werstappen ornuny goramagyny dowam edýär. Onuň 265 utugy bar. 2-nji ýerdäki Lando Norris 189, 3-nji orundaky Şarl Lekler 162 utuk toplady. Karlos Saýns Junior 154, Oskar Piastri 149 utuk bilen 4-5-nji orunlary eýeleýärler. Möwsümiň 14-nji ýaryşy 28-nji iýunda Belgiýada geçiriler. Şol «Gran Priden » soň

Pogaçar taryhy üstünligiň bosagasynda

Dünýäniň iň abraýly welosport ýaryşy hasaplanýan «Tour de France» bäsleşigi tamamlandy. 111-nji gezek geçirilen ýaryşda «UAE Team Emirates » toparynyň sloweniýaly türgeni Tadeý Pogaçar ýeňiş gazandy. Ol 23 günläp dowam eden ýaryşy 83 sagat 38 minut 56 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň «Tour de France» ýaryşyndaky 3-nji çempionlygy bolup, ol 2020-nji we 2021-nji ýyllardada ýeňiş gazanypdy. 4-nji tapgyrdan soň umumy sanawyň 1-nji basgançagyna ymykly ornaşan Pogaçar jemi 6 tapgyrda pellehana hemmeden öň gelmegi başardy. Pogaçar 4-nji, 14-nji, 15-nji hem-de soňky 3 tapgyry ýeňiş bilen tamamlady. 25 ýaşyndaky Pogaçar şu möwsümde 3 uly bäsleşigiň ýene biri bolan «Giro d’Italia »-da hem ýeňiji boldy. Tadeý Pogaçar awgust- sentýabr aýlarynda geçirilen «Vuelta a España »-da hem ýeňiş gazanan ýagdaýynda bir ýylyň dowamynda uly bäsleşikleriň 3-sinde- de ýeňiji bolan ilkinji türgen hökmünde taryha girer. Ol şol bir wagtyň özünde 3 uly bäsleşikde ýeňiş gazanan 7-nji welosipedçi bolar. Ýaryşda Pogaçardan 6 minut 17 sekunt az netije görkezen «Visma– Lease a Bike » toparynyň daniýaly türgeni Ýonas Wingegor 2-nji ýere mynasyp boldy. Ol bassyr 3-nji gezek ýaryşy 2-nji bolup tamamlady. «Soudal– Quick-Step» toparynyň belgiýaly türgeni Remko Ewenepoel 3-nji orny eýeledi. Bu gezek tomusky Olimpiýa oýunlary sebäpli Parižde tamamlanmadyk ýaryşyň soňky tapgyry Monako bilen Nissanyň aralygy boldy. I

Olimpiýa oýunlarynyň gysgaça taryhy

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň gelip çykyşy barada ençeme gürrüňler, mifiki rowaýatlar bar bolup, bu oýunlaryň haçan, nirede dörändigi hakynda anyk maglumat aýtmak juda kyn. Ýöne şol myş-myşlaryň, rowaýatlaryň arasynda iň ýörgünlisi şudur: miladydan öň 500-nji ýyllarda gadymy grekleriň arasynda yzygiderli ýeňil atletika festiwallary geçirilýärdi. Şol festiwallaryň arasynda- da iň meşhury 4 ýyldan bir gezek Olimpiýa dagynda Zeusa bagyşlanyp geçirilýän Olimpiadady. Bu Olimpiadada gysga, orta we uzak aralyklara ylgamak, pentatlon (bäş görnüşli), boks hem-de göreş ýaly sport görnüşleri bolup, ýaryşlara aglaba diýen ýaly erkekler gatnaşýardy. Miladydan öň II asyrda bu Olimpiýa oýunlary Rim imperiýasy tarapyndan ýatyrylýar. 1892-nji ýylda Pariždäki Sorbonn uniwersitetinde çykyş eden fransiýaly baron, pedagog hem-de taryhçy Pier de Kuberten halkara sport çäresini, halkara sport ýaryşlaryny geçirmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Ol çykyşynda sportuň peýdasy — halklary dostlaşdyrýandygyny, jebisleşdirýändigini, parahatçylygy ündeýändigini, şol bir wagtyň özünde, adamyň bedenine, saglygyna hem-de ruhuna peýdasynyň ýokarydygyny belläp geçýär. Ähli milletleri bir ýere jemlemek, zemindäki halklary bilelikde bir maksada gönükdirmek üçin Olimpiýa oýunlarynyň döredilmeginiň ýa-da iň bolmanda, şol köne nusgasynyň dikeldilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ýygnananlardan Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge

2-nji möwsümi awgust aýynda başlanýar

Mundan 2 ýyl ozal 1-nji möwsümi ýaýlyma berlen «Güýç ýüzükleri » (The Rings of Power) serialynyň 2-nji möwsümi tomsuň iň soňky günlerinde tomaşaçylara ýetirilip başlanar. «Prime Video»-da görkeziljek serialyň 2-nji möwsümi- de 8 bölümden ybarat bolar. J.J. Tolkieniň meşhur «Ýüzükleriň hökümdary » eseriniň ýanamasy bolan serialyň 2-nji möwsüminiň ilkinji 3 bölümi 29-njy awgustda görkeziler. Galan bölümleriň bolsa 3-nji oktýabra çenli her hepde birisi ýaýlyma berler. Serialyň 4 bölümine Şarlott Brandstrom režissýorlyk edip, bu möwsümde otrisatel gahrymanlar öňe saýlanýar. Sauronyň Orta dünýäni özüne boýun etmek isleýşi täze möwsümiň iň esasy temasy bolup durýar.

Lawrensiň täze keşbi

Oskarly aktrisa Jennifer Lawrensiň surata düşjek indiki filmi «Sen meni näme üçin söýeňok » (Why Don’t You Love Me?) atly kino bolar. Pol B. Raýnyň adybir çyzgy romany (komiksi) esasynda ekranlaşdyryljak komediýa görnüşli filmde Lawrens Kleýr atly zenanyň keşbini janlandyrar. Filmiň ssenarisini Robert Funk ýazar. Filmde Kleýr we onuň ýanýoldaşy Markyň bilelikdäki durmuşyny kynlyk bilenem bolsa dowam etdirmäge çalşyşy, maşgalanyň başdan geçirýän depressiýasy, pursatlary elden giderişi barada gara komediýa görnüşinde gürrüň berler. Filmiň režissýory öňümizdäki günlerde belli bolar