"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi döwürlerdir nesilleriň dowamat-dowam bolýandygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr. 30-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda tabşyryklary berdi. Bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň taýýarlanylmagy babatda welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro hem-de ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Sizi türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde Türkmenistanyň durnukly ösüşine hem-de rowaçlygyna geljekde-de uly goşant goşjakdygyňyza ynanýaryn.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Nurmuhammet Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýew garşyladylar.

Ösüşlere ruhlandyrýan

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza bolan beýik buýsanjymyzy hemra edinip, täze sepgitleri nazarlamak bilen döredýäris we gurýarys. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleri hem-de Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi

3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi.

«Arkadagly Ýaşlar» atly täze žurnalyň ilkinji sany

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» atly žurnaly elektron görnüşde okyjylara ýetirildi. Täze neşir «Arkadagdan Arkaly biz» atly giriş makalasy bilen başlanýar. Makalada hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ýaşlarynyň bagtyýarlygyny, Arkadag Serdarly döwletimizi dabaralandyrýan ýylda žurnalyň ilkinji sanynyň okyjylara gowuşmagy redaksiýanyň agzybir döredijilik işgärleri üçin belent mertebedir. Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!» atly şygrynyň ýerleşdirilmegi täze neşir üçin şowly başlangyç boldy.

Berkarar döwletimiziň ýaşlary bagtyýar

Ata Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny has-da belende galdyrmaga, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işler watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Gazanylýan üstünliklerde bolsa ýaşlaryň uly gatanjy bar. 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklibiň tassyklanylmagy ähli watandaşlarymyzyň ýüreklerini joşa getirdi. Bu şatlykly wakanyň tutuş halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi, bagtyýar zamanamyzy esaslandyran hem-de agzybir halkymyzy, ata Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan belent hormatyň, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz ynamyň nyşanydyr.         Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan tutumly işleri bir başa bakyp, bir maksada gulluk edýän agzybir halkymyzy belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar. Täze taryhy eýýamyň ajaýyp üstünlikleri Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýänligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Öz­gert­me­ler­iň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­leri

3-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň gi­ňiş­le­ýin göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan 2022-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy. Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, 2022-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Halk bäh­bit­li be­ýik iş­ler

3-nji few­ral­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­ri­niň jem­le­ri jem­le­nil­di, res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň tas­la­ma­la­ry­na hem-de döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Mej­li­siň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa par­la­men­tiň şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri hem-de Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň saý­law­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­dow mag­lu­ma­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň hä­zir­ki ýag­daý­la­ry­ny hem-de döw­le­ti­mi­ziň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň örän wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Ösüş­le­re bes­len­ýän aý­dyň ýol­lar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­ýik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy üp­jün edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len äh­li ugur­lar ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ösüş­ler bi­len öňe bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de san­ly ul­ga­my ös­dür­mek bo­ýun­ça oňyn iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň şä­her dü­zü­mi­ni do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ony döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gaý­ra­go­ýul­ma­syz çä­re­ler gö­rül­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap bi­na­lar, des­ga­lar, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry gu­rul­ýar. Yn­ha, Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ýan bi­na­lar, düý­bi tu­tul­ýan des­ga­lar ha­kyn­da hem aý­ra­tyn bel­le­mek bo­lar. Ýa­kyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň baş met­ji­di­niň düý­bü­niň tu­tu­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­lä­si­miz gel­ýär. Çün­ki şeý­le dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na, mil­li des­sur­la­ry­my­zy ber­jaý et­mä­ge dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­dir.

Bagtyýar ýaş­lar — kä­mil hü­när­men­ler

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­le­nip, ýaş­la­ryň ru­hu­be­lent bol­mak­la­ry­na, ze­hin­le­ri­niň, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň wa­jyp ug­ry ösüp gel­ýän ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky ala­da­dyr. Bu ba­ra­da aý­da­ny­myz­da, ýa­kyn­da bo­lup ge­çen Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VIII gu­rul­ta­ýy­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi ýaş­la­ra giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­niň, olaryň be­lent mak­sat­la­ry­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň no­bat­da­ky VIII gu­rul­ta­ýy­na gat­na­şy­jy­la­ra we ýur­du­my­zyň äh­li ýaş­la­ry­na ibe­ren Gut­la­gyn­da şeý­le bel­le­ýär: «Ýaş­lar mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň, eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik gel­je­gi­ni gu­ru­jy­lar­dyr, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iş­jeň bö­le­gi­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň güýç-kuw­wa­ty, ab­raý-mer­te­be­si we aý­dyň gel­je­gi bo­lan ýaş­lar bi­ziň alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ze, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne öz my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Bu gün­ki gün ylym-bi­lim, sport, me­de­ni­ýet, su

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.  Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem geçirilen harby-taktiki okuw türgenleşikleri, Milli goşunyň bölümlerini iň täze serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netijeleri barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýokary hünär derejeli harby işgärleri taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.  Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleri hem-de Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň üçüsi we Mejlisiň kararlarynyň ikisi kabul edildi. Ýakynda geçirilen ählihalk forumynda kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryndan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.  Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen şu ýyl üçin öňde goýlan wezipeler mejlisiň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy. Mejlise gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny berjaý etmek babatda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň milli tejribeden we däplerden ugur alnyp, şeýle-de halkara tejribäni nazara almak esasynda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky işler konstitusion kadalary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek zerurlygy bilen baglylykda amala aşyrylýar. 

Ýylyň şygary – röwşen geljegiň çyragy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ösüşdir özgerişlere beslenip gelýän ýyllaryň her biri taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Durmuşa geçirilýän beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzy kemala getirýän ýyllary çuň mazmunly döwrebap atlar bilen atlandyrmak ajaýyp döwrümiziň mizemez ýörelgesi bolup durýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredip, ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgüsini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýagty geljegini nazarlaýan beýik işleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda amala aşyrylýan işler bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredýär.

Milli Lideriň aýdyň ýoly bilen

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň ilkinji aýynyň ýigrimi birinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Onda, esasan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi baradaky teklip doly goldanyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşini (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli alnyp barylýan döwletli işleriň gerimi barha artýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan belent binalary görenimizde hem ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň şaýady bolýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, buýsançly belleýär. Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatdaky ajaýyp işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Bu aýdylanlara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnama bolup durýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy hem ähli türkmenistanlylaryň ýüreginde egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi. Belent Köpetdagyň eteginde bina edilen bu ajaýyp hem-de tutuş sebit boýunça deňsiz-taýsyz döwrebap «akylly şäher» Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy ýokary durmuş şertlerinde ýaşatmak baradaky tagallalary esasynda guruldy.

Döwrebap ylmy usullar ornaşdyrylýar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden ybarat bolup, onda öňüni alyş-bejeriş işleri üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli lukmançylygy ähli ugurlar boýunça ylmy esasda yzygiderli ösdürmek, kämilleşdirmek, saglyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösen enjamlar bilen doly üpjün etmek baradaky tagallalary merkezde alnyp barylýan işleriň has-da ilerlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde kämil hünärli lukmanlar tarapyndan näsaglaryň göz keselleri takyk anyklanylyp, bejergileriň ylma esaslanyp geçirilmegi öz aýdyň netijelerini berýär. Merkezde göz şikeslenmeleri, dürli sebäpler esasynda gözüň içki basyşynyň birden ýokarlanmagy, garasuw inme ýa-da görüş ukyplarynyň ýiti bozulmalary ýaly keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Näsaglara çylşyrymly oftalmologiki operasiýalary geçirmek üçin 6 sany operasion toplum hereket edýär. Olar Germaniýa, ABŞ, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa ýaly bu ugurda uly üstünlikleri gazanmagy başaran ýurtlaryň dünýä belli önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilendir.