Madawly ýazyjy
Öz-özüm bilen ikiçäkkäm siz bilen sessiz söhbet edýän mahalym wagtal-wagtal bolup dur. Ýöne olaryň ählisini ýazga geçirmäge mümkinçiligim ýok. Ertire goýaýýaryn. Her bir günüň aladalary bolsa özüne-de ýetik. Arada ýaş döredijilik işgärleriniň iki sanysy jedele gyzyşyp otyrkalar üstlerinden bardym. Olar anyk tutarykly deliller getirip bilmän, Annageldi Nurgeldiýew bilen sizi — Annatagan Nurgeldiýewi açyk tapawutlandyryp bilmän, hersi özüniňkini dogry etjek bolýardylar. Onsoň ýaş galamdaşlarymyň ikisini-de tananlygym üçin gapdallaryndan men hem at goşup, «gordurmaly» boldum. Olara gürrüňi edilýän iki ýazyja-da beletligimi, Annageldi Nurgeldiýewiň ömür boýy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işländigini, kazyýet oturdaşy bolup, bu işe-de goşulyşandygy üçin köplenç jygba-jygly başdan geçirmeler, aýdylyşy ýaly detektiw eserleri ýazandygyny, beýlekisiniň, ýagny siziň — Annatagan Nurgeldiýewiň bolsa obada ýaşap, mekdepde mugallym bolup işlände-de, oba arçyny mahaly-da, suw edarasynda ýolbaşçylyk edende-de romanlar, powestler, hekaýalar, hekaýatlar, ýaşan sebitleriniň taryhy şahsyýetleri bilen bagly makalalar ýazandygyny düşündirdim. Olaryň bir däl-de, iki ýazyjydygyny düşündirjek bolup, ebeteýini tapman duran ýaş galamdaşym «Madaw...» diýenimden sözümi agzymdan kakyp aldy: