"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

«...Goýun gije diýip aglar»

Çarwalaryň arasynda «Çaga eje diýip aglar, goýun gije diýip aglar» diýlen aýtgy bar. Sebäbi gije bakylýan mallaryň beýleki mallardan mese-mälim tapawudy bolýar. Gije bakylýan mallar ikindinara suwa ýakylýar we güýzde sentýabr aýynyň başyndan — oktýabr aýynyň ahyryna çenli bir aşyma gije bakmaga çykarylýar. Iki gijäni we bir gündizi meýdanda geçirip, gün irki guşluk bolanda suwa inen dowarlara, bir aşymdan gelen diýilýär. Ol mallar ilki agşam öriniň üstünde ýataklaýarlar we ýary gijeden täzeden örüzilýär hem-de şol tertipde bakylýar.

Söz manysy

Teg Ozallar obalarda çagalary ýatyrmak üçin ýüpden sallançak edilerdi. Häzirki döwürde onuň ýerini demir sallançaklar tutdy. Şol sallançagyň arasyny açmak üçin teg agajy ulanylýar.

Magtymguly, sözle herne bileniň

Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti, dana döredijiligi diňe bir Ýakyn hem Orta Gündogaryň gadymy halklaryndan biri bolan şahandaz türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň köpasyrlyk taryhynda däl-de, bütin Gündogaryň edebiýatynda  hem  örän uly ähmiýete eýedir. Magtymgulynyň dana döredijiligi biziň halkymyzyň şahyrana-filosofik pikirleriniň ajaýyp gymmatlygydyr. Akyldar şahyryň watançylyk temadaky goşgulary häzirki döwürde hem ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup, halkyň kalbynda mydamalyk  orun alypdyr. Şahyryň  «Türkmeniň», «Türkmen binasy»,  «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly birnäçe goşgulary bütin türkmen halkyny agzybirlige, Watany söýmäge, dost-doganlyga çagyrýar:

Ýedilikleriň äleminden

Murgaply belli mirasgär Ümür Esenowyň folklor materiallaryndan: Ýedi ata. Adam ata, Nuh ata, öz ataň, azan ata, sünnet ata, ylym ata, gaýyn ata.

Tebigatdan nusga alyp...

Türkmen gelin-gyzlarynyň hünärli gollarynyň keşdelän, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän tahýalary, gültahýalary barada halk arasynda birnäçe rowaýatlar döräpdir. Gadym zamanlarda gum obasynda ýaşan oba kethudasynyň sekiz sany men diýen garadangaýtmaz ogly bolupdyr. Olaryň sekizisi hem edermenlikde, pähim-paýhasda oba ýigitlerinden saýlanypdyr. Şol döwürlerde oba häli-şindi ýagy çozup, ogul-olja, gyz-ýesir edilip talanar eken. Bir gün goňşy oba ýagy çozdy habary düşýär. Ony eşiden oba kethudasy ogullaryny ýygnap: «Kyýamat güni — goňşudan» diýlişi ýaly, goňşy oba kömek bermegimiz gerek!» diýip, olary oba ýigitleri bilen kömege ugradýar. Hiç wagt atalarynyň sözünden çykmaýan gerçek ýigitler desbi-dähel atlanýarlar. Ýöne ýakynda öýlenen körpe inileri ýaş gelniniň ýanyndan gussaly çykýar. Ýagy gaýtarylýar, ýow sowulýar, ýöne kethudanyň sekiz ogly hem şehit bolýar.

Sun­gat­da se­kiz­burç­lu­gyň be­ýa­ny

Hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­lip, dün­ýä gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­syn­dan orun alan sun­ga­tyn­da, me­de­ni mi­ra­syn­da se­kiz­burç şe­kil­li mil­li ny­şan­la­ryň hem aý­ra­tyn or­ny bar. Ne­pis­li­gi, in­çe­li­gi, sün­nä­li­gi, owa­dan­ly­gy bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýan türk­men ha­ly­la­ryn­da, ke­çe­le­rin­de, keş­de­le­rin­de se­kiz­burç­luk dür­li gör­nüş­de we maz­mun­da çe­per be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Ar­şyň ne­pis­li­gi» at­ly ki­ta­byn­da: «Ýyl­dyz­pi­sint şe­kil­ler ha­ly­la­ry­my­za mah­sus nus­ga­lar­da or­nan­dyr. Aý, Gün, ýyl­dyz, dag, de­ňiz, gök şe­kil­le­ri ha­ly na­gyş­la­ry­na si­ňip­dir. Ha­ly göl­le­ri-de as­man ýyl­dyz­la­ry­ny ýa­dy­ňa sal­ýar. Se­kiz­burç­luk abst­rakt hä­si­ýet­li na­gyş top­lu­my­na de­giş­li, şeý­le-de dün­ýä­niň çar­hy­ny-da aň­lad­ýar. Dün­ýä bi­len bag­ly pi­kir­le­riň asyl ha­na­sy älem hak­da­ky hy­ýa­ly oý­lar­da­dyr» di­ýip bel­le­ýär. Şu paý­has­ly pi­kir­ler­den ugur alyp, se­kiz­burç­lu­gyň aň­lad­ýan ma­ny­sy­nyň aý­la­nyp du­ran dün­ýä­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris. Mag­tym­gu­ly­nyň öz şy­gyr se­tir­le­rin­de: «Aý­la­nar pe­le­giň çar­hy» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, mu­nuň özi dün­ýä­de ýa­şaý­şyň, dur­mu­şyň do­wam­ly­ly­gy­ny, ba­ky­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz «Jan­ly ro­wa­ýat» ki­ta­byn­da türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga

Milli oýunlar we nesil terbiýesi

Türkmen halky öz taryhy ösüşinde ýaş nesle terbiýe bermegiň dürli tärlerini esaslandyrypdyr. Biziň günlerimize gelip ýeten şeýle tärleriň biri hem çagalary milli oýunlaryň üsti bilen terbiýelemekdir. Olar çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, terbiýe we ählumumy bilim bermek häsiýetine hem eýedirler. Türkmen milli oýunlaryny mazmuny we häsiýeti boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar. Olaryň birnäçesi ýaş nesli zähmete, durmuşa uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bolsa, birnäçesi durmuşda görýän we göz ýetirýän zatlarynyň wezipeleriniň ornuny ýerine ýetirýär. Çaganyň özbaşdak, erkin häsiýete eýe bolup başlamagy olaryň döredijilik ukybynyň ösmegine ýardam edýär. Oýundaky aýdylýan sanawaçlar, oýun aýdymlary çagalaryň gepleýiş ukybyny ösdürmäge, aýdym aýtmagy, sanamagy öwretmäge gönükdirilipdir we bu häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Türkmen milli oýunlarynyň aglabasy hereketli oýunlardan ybarat bolup, ähli döwürlerde-de çagalara we ýetginjeklere beden terbiýesini bermekde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Şonuň üçin hem, çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, milli oýunlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanylypdyr.

Depämdäki täjim sen!

— Hany, ýegenlerim, bärik geliň! — diýip, aňyrdan ýylgyryp gelýän Umyt Merjendir Göwheri ýanyna çagyrdy-da, penjeginiň goltuk jübüsinden çykaran gültahýalaryny gyzlaryň başyna geýdirdi. Ol: — Muny mamaňyz iberdi, alyň, nesip etsin! — diýdi.

Magtymguly we «Mertler Watany beýgeldýär»

Watan waspy, Watan mertebesi hemişelikdir, müdimidir we dowamlydyr. Edil halkyň, milletiň ömri kysmydyr. Dili senaly we dili dogaly kişileriň Watan hakda sözlemedigi ýokdur. Çünki beýikler Watan beýikligini dabaralandyrmak bilen beýgelendirler. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez ylham çeşmesine eýlenen ajaýyp eserleriniň ählisiniň süňňünde ömrüni Watanyň mertebesine mertebe goşup, öňki derejesinden bir gez beýgeltmek islegi bilen ýaşan gerçekleriň sütün-sütün ykballary örän ussatlyk bilen yzarlanýar. Bir gezek 2009-njy ýylyň ýanwar aýyndaky taryhy çykyşlarynyň birinde hormatly Arkadagymyz pederleriň häsiýetiniň hemişelik ýörelgedigi dogrusynda: «Hormatly adamlar, halk biz üçin işlemeli däl-de, biz ýolbaşçylar halk üçin, onuň bagtyýarlygy üçin zähmet çekmelidigimizi hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, bir ajaýyp paýhasy dabaralandyrdy. Bu paýhas kämil şahsyýetiň zehinine eýlenip, 2017-nji ýylda biziň elimize «Mertler Watany beýgeldýär» atly watansöýüjileriň müdimilik gollanmasyna öwrülen ajaýyp eser bolup gowuşdy. Adamzadyň parahat we asuda ýaşaýyş hakyndaky sowallaryna döwrebap seslenýän ideýalary we taglymatlary özünde jemleýän gymmatly eserleri ýazmagyň ussady bolan Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly bu eseri Oguz han, dädem Gorkut, Jygalybeg, Görogly, Alp Arslan,

Änewli haly

XV asyra degişli Seýit Jemaleddin metjidi we öz döwründe dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan «Ak bugdaýyň watany» diýlip atlandyrylan Änew medeniýeti dürli ýyllarda milli haly sungatymyzda öz waspyny tapdy. 1948-nji ýylda haly suratkeşi Kemal Asgerowyň taýýarlan nusgasy boýunça halyçy Bossan Geldiýewa Seýit Jemaleddin metjidiniň ýokary bölegini haly sungatymyza geçirýär. 2.12x1.69 ölçegli, 25 reňk ulanylyp dokalan «Güberçekli haly», «Aždarhaly haly» ady bilen giňden tanalýan bu haly milli sungatymyzyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir.

Mirasa köňül goýan

Sungatyň beýikligi onuň ähli halklar üçin düşnükliligidir. Ussat keramikaçy Wera Miloşewiçi hem, başga milletiň wekilidigine garamazdan, halkymyzyň milli senetçiliginiň täsin dünýäsine getiren sungatyň jadyly güýji bolsa gerek. Wera Miloşewiçiň surat çekmäge bolan höwesi Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde okap ýören wagtlary ýüze çykýar. Özüniň zehinini ilki bolup duýan mekdebiň surat mugallymy Nikolaý Wasilýewiçi Wera hoşallyk bilen ýatlaýar. Ykbal zehinli gyzy başga ugra gönükdirýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň, ene-atasynyň maslahaty bilen hasapçylyk hünäri boýunça başlangyç bilim alýar, soňra Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebini tamamlaýar. Wera alan hünäri boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa kärhanasyna işe iberilýär. Ol bu uly kärhananyň çägi bilen tanşyp ýörkä keramiki önümler ýasalýan bölümine barýar we şu ýerde işlemäge isleg bildirýär. Wera orta mekdepde okuwdan daşary surat çekmegiň syrlaryny öwrenendigini, eger isleseler, şu ýerde zehinini görkezip biljekdigini aýdýar.

Kitabyň gymmaty

Gadymy Köneürgenç dünýä belli alymlaryň ýaşan mukaddes topragydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda Gündogaryň beýik akyldary Abu Ali Hüseýin Ibn Abdallah Ibn Sinanyň ylmy işlerinden söz açyp, onuň döredijiligine ýokary baha berýär. Aşgabat şäherindäki «Ylham» seýilgähinde alymyň heýkeliniň oturdylmagy oňa goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Biz ussat lukmanyň durmuşyndan bir tymsaly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Günlerde bir gün Buhara emiri Nuh Ibn Mansur as-Samany agyr keselläpdir. Hiç bir tebip onuň derdini dep edip bilmändir. Emiriň lukmany Kamary kömek sorap, Ibn Sina ýüz tutmaga mejbur bolupdyr. Ibn Sina emiriň saglyk ýagdaýyny içgin öwrenipdir we degişli bejergi geçiripdir. Az wagt geçip-geçmänkä, emir doly sagalypdyr. Hoşallyk hökmünde hökümdar ýaş lukmana altyn ýüzük sowgat beripdir hem-de köşk lukmany wezipesine kabul edilendigini aňladýan hormat hatyny gowşurypdyr. Emir lbn Sinanyň ýüzüne seredende, onuň nämedir bir zatlar aýtmak isleýändigini aňypdyr-da:

Milli aýdym-sazlarymyzyň täzeçe öwüşgini

Welaýatymyzda ir döwürlerden bäri halypa-şägirtlik gatnaşyklary esasynda bagşyçylygyň ärsary ýoly dowam edip gelýär. Bu ýol türkmen halkymyzyň bagşyçylyk sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolmak bilen, öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan ahal, salyr-saryk, ýomut-gökleň, damana, çowdur ýollaryndan tapawutlanyp, Lebap boýlarynda ýaşaýan ähli kowumlaryň gylyk-häsiýetlerini, şiwe äheňlerini özüne siňdirip, süýjy owaz, bokurdak jukguldylary we hüwwüldileri bilen ýerine ýetirilip aýdylýan aýdymlar toplumydyr. Ol aýdymlary Amyderýa jülgesinde ýaşap geçen şahyr hem bagşy Mahmyt Gaýyby, Pudak bagşy, Magrup Saltyk, Aýal bagşy, Myrat şahyr, Seýit bagşy, Ärsary bagşy, Durdy bagşy, Kyrkar bagşy, Nazar bagşy, Haky bagşy, Goç bagşy, Bazar bagşy, Mämmetmyrat bagşy ýaly halypalar ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Olaryň bu jadyly sungata berlen beýik söýgüsi baradaky gürrüňler bolsa häli-häzirler hem ilat arasynda ýaşaýar. Bagşyçylygyň beýleki ýollarynda bolşy ýaly, ärsary ýolunda hem Babagammar dutaryň, Aşyk Aýdyň sazyň piri hasap edilipdir. Şol bir wagtda bolsa Lebap boýlarynyň bagşy-sazandalary Myrat bagşy atany bagşyçylygyň, Gorkut atany dessançylygyň piri diýip hasap edipdirler.

Taryha ser salyp...

Şan-şöhrat getiren şahsyýetler Bu toprakda ençeme halklaryň taryhy ykbalyna täsirini ýetiren alymdyr beýik şahsyýetler ötüp geçipdir. Şeýle görnükli şahsyýetleriň biri hem Abusagyt Abulhaýyrdyr. Onuň gadyr-gymmaty Magtymguly Pyragynyň “San bolsam” goşgusynda hem öz ornuny tapýar. Alymlaryň durmuş ýoluny öwrenmek ylym-bilim, medeni gatnaşyklarymyzyň baýlaşmagyna we täze ylmy çeşmeleriň ýüze çykarylmagyna getirýär.

Milli mirasyň belent sarpasy

«Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, baýlaşdyrmak, Ýer ýüzünde wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilip, olar gymmatly mirasymyza goýulýan sarpanyň bimöçberdiginiň güwäsi bolup dabaralanýar. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý mirasyny öwrenmek, wagyz etmek, aýawly saklamak hem-de nesillere ýetirmek, ilkinjileriň hatarynda, biziň — muzeý işgärleriniň wezipesi bolup durýar. Bu wezipä hötde gelmekde Arkadagly Serdarymyzyň ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýändigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Döredilen şert-mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkyň arasyndan milli mirasymyza degişli maglumatlary, eksponatlary ýygnamak, muzeý gymmatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barýarys. Bagtyýar ýaşlarymyzyň milli mirasymyza söýgi-sarpasynyň çäksizdigi hem aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip

Naýbaşy gözellik

Güneşli Diýarymyzda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, olaryň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmekde muzeýleriň hyzmaty uludyr. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde-de bu işlere aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ýörite keşdeçilik senedine bagyşlanan otag bolup, onda bu senet barada maglumatlar, nagyşlaryň dürli görnüşleri, keşde bilen bezelen milli lybaslarymyz ýerleşdirildi. Milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän bu medeni ojakda gadymy keşde nagyşlary bilen bejerilen kürte, tahýa, çyrpy, çagalaryň tahýalary, alatowdan taýýarlanan zenan köýnegi, don ýaly milli egin-eşikleriň, gapjyk, at we düýe bezegleri ýaly esbaplaryň dürli görnüşleri bardyr. Häzirki wagtda inçe el senedimiz bolan keşdeçilik öz gymmatyny ýitirmän, eýsem öňküden-de has kämilleşdirildi. Gelin-gyzlarymyzyň toýdur baýramlara geýýän egin-eşikleri, ýantorbalary keşde bilen bezelip, häzirki döwürde bu senediň gadymy nusgalary täze röwüşde dikeldilýär.

Ussaly il — abat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Men birnäçe ýyllardan bäri mekdepde zähmet dersinden sapak berýärin. Çagalarda ilkinji döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, olara zähmet terbiýesini bermek maksady bilen, okuwçylara agaçdan, demir böleklerinden hojalykda ulanylýan dürli esbaplary ýasamagy öwredýärin. Amaly sapaklarda ýaşlar agaç ussaçylygyny birkemsiz ele alýarlar. Okuwçylara has gadymy oba hojalyk gurallaryny ýasamagy öwredenimde, olara dürli esbaplaryň atlandyrylyşyny, bitirýän hyzmatyny hem düşündirýärin. Bu bolsa ýaşlaryň indi ulanyşdan galan gadymy iş gurallarymyz baradaky düşünjelerini artdyrmaklaryna kömek edýär.

Mähirden dörän hüwdüler

Dünýäde şeýle bir aýdym bar. Ol ýaňlananda, älem-jahan bir pursat ümsümlige gaplanyp, uçup barýan guş-gumrularam pessaýlapdyr diýýärler. Ene hüwdüsi. Dünýäde bu aýdymy eşitmedik ynsan ýok bolsa gerek. Haýsy dilde, nähili aýdylandygyna seretmezden, ol ýaňlananda, sallançakda ýatan çagajygyň kalby, özi bilmezden, guwanja gaplanarmyş. Enäniň kalbyndaky mähir-muhabbet bulagy möwjäp, joşup, çäksiz derýa aýlanarmyş. Belki-de, adam häsiýetiniň kemala gelmeginde, onuň ruhy dünýäsiniň sazlaşmagynda ene-mamalarymyzyň hüwdüsiniň ähmiýeti bolandyr?! Hüwdi... Ol haýsydyr bir öýde ýuwaşja ýaňlananda, kimdir biriniň ýüregine çog salyp, şahyr edip goýberendir. Hüwdini bu dünýäde ilki aýdan kimkä?! Bogun sany kem bolsa-da, hüwdüler jedelsiz rubagy. Rubagyny Omar Haýýam döreden däldir. Ol Omar Haýýamdan öňem bar ekeni. Ondan öň ýaşap geçen Abulkasym Rudaky-da, Baba Tahyr-da rubagy ýazypdyrlar. Ajaýyp şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň «Rubagy» atly poemasy ýadyma düşýär. Şahyr:

Hytaý gözelligi

Sipao ilki manjur zenanlary tarapyndan geýlen adaty milli hytaý lybasydyr. 1920-nji ýylda sipao Şanhaýdaky modalar öýi tarapyndan has döwrebap görnüşe getirilýär. Bu lybas şu günki günlerimizde-de kämilleşmegini dowam etdirýär. Sipaonyň milli aýratynlygy onuň ýüpek matadan tikilip, ýakasynyň gysby hem galyň matadan edilen ilikler bilen bezelmegindedir. Bu milli lybas uzak taryhy ýolunda juda köp üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Haýsy döwürde, nähili döredilendigi barada belli bir maglumat saklanyp galmadyk hem bolsa, häzirki döwürde onuň döreýşi barada birnäçe pikirler aýdylýar.

Sünnäli gollaryň sungaty

Näziklige eýlenen zenan kalby barada ýazmadyk ýazyjy, ony şirin şygyrlarda taryplamadyk şahyr ýokdur. Zenanlaryň bu täsinligiň tebigatyna garaýşy başgaça bolýar. «Näziklik» sözüniň başga-başga, ozal açylmadyk gyraňlary açylyp, seni kemsiz pikirlendirýär. Şeýdibem, näzikligiň inçelik, sünnälik, döwtalaplylyk, käýarym bolsa hut ynjyklyk ýaly taraplary açylyberýär. Bu hakykat bilen her bir zenanyň täze köýnek tikinmekçi bolanda ýüzbe-ýüz bolýandygyny anyk bilýärin. Men bu zatlar dogrusynda «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän tikinçilik kesbini birkemsiz ele alan asylly maşgala bilen söhbet etmegi ýüregime düwüp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýgül Saparmyradowanyň döwletli ojagyna geldim. Bu abraýly maşgalanyň döwletli bosagasyndan ätlän ilkinji pursadymdanam, bu öýde eliň hemişe işli bolmaly diýen kadanyň pugta berjaý edilýänligine gözüm ýetdi, muňa diýseň guwandym. Tikinçilik bilen bagly beren sowallaryma-da ol howlukman jogap berdi. — Şükür, dokuzymyz düzüw. Iş bilen gelýänleriň göwni hoş bolup, ýylgyryp gitse, dünýeler düzlük, ykbalyňdan gaty razy bolýarsyň. Ejem bize hemişe öz işiňe şeýle garamagy öwrederdi. Menem mähriban käbämden, inçe el hünäri bilen bilelikde, şu paýhasly pendi hem sapak edindim. Ýalňyşmadymam. Bu sapak kesbime kemal, ömrüme abraý getirdi. Bu ýola ygrar etdigimçe-de, ol maňa hossar çykdy, her ädimde goltgy berdi, ömrüme pent boldy.