Sanly bilim ulgamy ösdürilýär
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň utgaşykly peýdalanylmagy üns merkezinde saklanylyp, ýaş alymlara döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär hem-de olaryň höweslendirilmegi üçin uly goldaw berilýär. Munuň özi innowasiýa tehnologiýalardan, döwrebap ylmy-barlaglardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.