"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagy ösüş ýolunda

Ýagşy niýetler, uly arzuw umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly atly ajaýyp şygary ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar.

«Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy

2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda işe girizilen «Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlaryna indi bir ýyl boldy. Taksi sargyt etmek we şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketlerini yzarlamak hyzmatlarynyň ykjam goşundylary bu gysga döwrüň içinde türkmen paýtagtyndaky internet ulanyjylaryň iň köp peýdalanýan programmalaryna öwrüldi. Bu günki günde «Onlaýn taksi» ykjam goşundysynyň hyzmatyndan ortaça 25 müňden gowrak adam peýdalanýar. Onlaýn hyzmatyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu hyzmatyň işlän ilkinji ýylynda «Hyundai» kysymly awtoulaglar Aşgabadyň çäginde 500 müňden gowrak ýolagçyny daşadylar.

Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy. Oňa laýyklykda, ýolagçylar gatnawdaky ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly ýa-da bilet satýan terminallarda, şeýle hem zerur bolan halatlarda ýolagçylara hyzmat edilmegi üçin açyk bolan demir ýol beketlerinde alyp bilerler. Ýolagçy «Android» smartfonynda «Play Market-den» ýa-da «iPhone» smartfonlarynda «AppStore» programma üpjünçiligine birikdirilen «Turkmenistan Railways» programma üpjünçiliginden özüne amatly senede we wagtda gatnawdaky ýolagçy otlularyna gidiş we gaýdyş elektron biletleri satyn alyp biler.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga oňyn ýardam edýär. Mobil ulgamlarynyň täze nesli, öňki nesillere garanyňda, has peýdalydyr. Alyp görsek, geçen sanlyja ýyllarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň 2G, 3G, 4G görnüşleri uly üstünliklere eýe boldy. Indi bolsa täze 5G görnüşde hem giňişleýin maglumatlary alyp bolýar.

Tehnologiýalar äleminde

Eko tigir «London South Bank» uniwersitetiniň dizaýn bölüminiň talyby Kristen Tapping welosiped sürülýän wagty howany arassalaýan enjamy ýasady. 2020-nji ýylyň güýzünde bolsa ol öz oýlap tapyşy üçin plastmassa pudagynda innowasiýa çözgütleri üçin berilýän Design Innovasion in Plastics (DIP) sylagyny aldy. «Rolloe» diýlip atlandyrylýan bu enjam süzgüçler ulgamyndan durýar. Ol welosipediň tigiri arkaly herekete getirilýär. Enjam öz işiniň dowamynda hapalanan howany alýar we dört gat süzgüçden geçirip, arassa howany goýberýär. Öndürijiniň aýtmagyna görä, diňe bir enjamyň özi 26,7 müň kub metr howany arassalamaga ukyplydyr. «Rolloe» süzgüçlerini ýuwmak we ýene-de täzeden ulanmak mümkindir. Enjamyň ýene-de bir aýratynlygy, ähli bölekleriniň gaýtadan işlenen serişdelerden ýasalanlygydyr.

«Google Translate» indi türkmen dilini oflaýn ýagdaýda hem goldaýar

«Google» iOS we Android operasiýa ulgamlary bolan enjamlar üçin niýetlenen «Google Translate» programmasyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa türkmen we ýene 32 täze diliň oflaýn terjimesini goldaýan mümkinçilik bilen ulanyjylaryny begendirdi. iOS we Android üçin «Google Translate» programmasy hatda internete birikmesiz hem tekstleri terjime etmek üçin dil bukjalaryny göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik, esasan hem, syýasata giden wagtyňyz ýerli SIM kartany satyn almazlyk we Wi-Fi-a bil baglanmazlyk kararyna gelen wagtyňyz kömek eder.

Akmaýanyň ýoluna meňzeş galaktikalar

ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň we Çiliniň barlag geçirijileri Akmaýanyň ýoluna meňzeş galaktikalary gözleýän «Sloan Digital Sky Survey»-iň düzen 10000 galaktikaly katalogynyň üstünde işlediler. Alymlar sanawyň ululygyny kiçeltmek üçin diňe Akmaýanyň ýoluna meňzeş umumy massasy bolan galaktikalary goýdular. Netijede, olar biziň galaktikamyza meňzeýän 138 galaktikany saýladylar. Soňra olar galaktikalarda nähili ýol bilen ýyldyzlaryň emele gelendigini anyklamak üçin barlag işini geçirdiler.

Dünýäde ilkinji dolandyryjysyz barlag gämisi işe girizildi

Hytaý Halk Respublikasy dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan ylmy-barlag gämisini ulanyşa girizdi. «Çžuhaýýun» gämisi awtonom nawigasiýa ulgamy hem-de uzak aralykdan dolandyryş tehnologiýasy bilen enjamlaşdyryldy. Onuň energetiki we hereketlendiriji gurluşy ýaly, esasy ulgamlarynyň ählisi özbaşdak işlenip düzüldi. Gäminiň uzunlygy 88,5, ini 14, bortunyň beýikligi bolsa 6,1 metrdir. Onuň iň ýokary tizligi 18 uzele barabardyr.

«Porsche» elektrik ýangyjyny öndürip başlady

Germaniýanyň awtoulag öndürijisi «Porsche AG» elektrik ýangyjyny (sintetik ýangyjyň bir görnüşi) öndürip başlady we bu önümçiliginiň kuwwatyny ýylda birnäçe million litre çenli artdyrmak meýilnamasyny yglan etdi. Şeýlelik bilen, bu kompaniýa hyzmatdaşy «Highly Innovative Fuels» şereketi bilen bilelikde Çilide ilkinji zawodyny açdy.

Gyş paslynyň geň galdyryjy maglumatlary

✔ Her bir gar tozgasy özboluşlydyr, tebigatda iki meňzeş gar tozgasy ýokdur, ýöne şonda-da olaryň umumy bir zady — hemmesinde alty şöhle bolýar. ✔ Häzire çenli adamyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre barabar bolupdyr.

Türkmenistanly internet-ulanyjylar üçin ykjam programmalaryň sanawy

Aşakdaky sanawda getirilen ykjam programmalar Türkmenistanda internet ulanyjylar üçin ýörite işlenip düzülendir we köpdürli dükanlaryň, marketleriň, döwlet edaralarynyň hyzmatlaryndan baş çykarmaga, onlaýn bilim almaga hem-de peýdaly maglumat toplamaga ýardam etjek has zerur we meşhur bolan ykjam programmany saýlap almaga  kömek eder. E-bilim – Türkmenistanda onlaýn bilim almak üçin ilkinji gurşaw. Dürli sapaklar we ugurlar boýunça bilim almaga, şol bir wagtda öz bilimleriňi we okatmak boýunça usulyýetleriňi paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Işläp düzüji – E-bilim. Ykjam programma «Google Play-de» elýeterlidir, reýtingi – 4,1, ýüklenen sany – 10 müňden gowrak.

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Gah­ry­man Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam hak­da ala­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ru­dyr. Mu­nuň özi äh­li ul­gam­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler­de, döw­let­li tu­tum­lar­da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Türkmenistan döwletimizde adamlar hakdaky alada örän wajyp wezipeleriň biri bolup, ýylyň-ýylyna Döwlet býujetinde zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýokarlandyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi we beýleki meseleler babatda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeler halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagyna getirýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Приложение Google Translate теперь поддерживает туркменский язык в офлайн-режиме

Компания Google продолжает совершенствовать свое фирменное приложение Google Translate для устройств с операционными системами iOS и Android на борту. В этот раз пользователей решили порадовать поддержкой офлайн-перевода туркменского и еще 32 новых языков. Приложение Google Translate для iOS и Android уже давно позволяет скачивать языковые пакеты, чтобы переводить тексты даже без подключения к интернету. В повседневной жизни это, может, и не очень полезно, зато выручает в поездках, если вы решили не покупать местную SIM-карту и полагаетесь на Wi‑Fi.

Tikinçiniň kömekçisi

Dünýäde senagat pudagynyň, şol sanda dokma ulgamynyň ösmegi netijesinde dürli tikinleri edip bilýän ýokary hilli enjamlara bolan isleg ýokarlandy. Egin-eşikleriň göwnejaý tikilmegi üçin, tikin maşyny bilen birlikde, «overlock» maşyna bolan isleg hem ýokarlanýar. Çünki «overlock» maşyny oýlanyp tapylmazyndan ozal, zenanlar matanyň gyrasy büzülmez ýaly depjeýän ekenler. Deri materiallaryny elde ýerine ýetirmek, köp wagt bilen birlikde, el güýjüni talap edýär. Şonuň üçin dürli döwletleriň alymlary, hususan-da, telekeçiler matanyň gyrasyny bürjeýän enjamy oýlap tapmaga höwesek bolýarlar. Amerikaly telekeçi bu işde öňdeligi eýelemegi başarýar. Tikinçi zenanlar üçin tikin maşyny, iňňe, sapak bilen birlikde, «overlock» maşyny hem örän zerur enjamlaryň biri hasaplanýar. «Overlock» iňlis sözüdir, ol «over» — «soňy», «lock» — «beklemek, gulplamak» manylaryny berýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu enjam matanyň ýa-da islendik dokma önümleriniň gyrasynyň büzülmeginiň öňüni almak maksady bilen ulanylýar. Häzirki wagtda biziň durmuşymyza ornan bu enjam haçan we kim tarapyndan oýlanyp tapyldyka? Bu barada bilmek gyzykly bolsa gerek.

Wektrandan öndürilen dünýäde ilkinji çehol görkezildi

«Newcloth» kompaniýasy «ZPX-001 Martian Sunset» atly «iPhone» akylly öýjükli el telefonlary üçin dünýäde ilkinji wektrandan (suwuk kristal süýüm) ýasalan çehol (daş goraýjy) çykardy. Bu barada «ixbt.ru» habar berýär. Habar berilmegine görä, wektran süýümi aramid (kewlar) süýümlerine garanyňda 20 — 50% aralygynda berkdir. Şeýle material NASA-nyň 1997-nji ýyldaky «Mars Pathfinder» maksatnamasynyň çäginde kosmos apparatyny gonuş wagtynda goramak üçin ulanyldy. Şeýle hem kosmos eşiklerinde we halkara kosmos stansiýasynda ulanylýar.

Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açdy.

Innowasiýalar — kämilligiň binýady

Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şertidir. Ilatyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ýurduň ähli babatda ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi üçin ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belleýär. Eziz Watanymyzda sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Halkara gatnawlar boýunça petekleriň onlaýn satuwy başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlara howa peteklerini onlaýn satyp başlady. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Bu ugurlara «Boeing» uçarlary hyzmat edýär.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin çemedan Meşhur fransuz «Kabuto» kompaniýasy özüniň täze önümi bolan «Kabuto Trunk» atly täsin çemedanyny hödürleýär. Işläp düzüjileriň aýtmaklaryna görä, «Kabuto Trunk» dünýädäki ilkinji biometrik gulply tigirçekli çemedandyr. Onuň eýesine çemedany açmak üçin açar, kod ýa-da programma gerek däldir. Çemedanyň gulpuny açmak üçin barmagyňy gurnalan skaýnere basmak ýeterlikdir. Skaýner on barmaga çenli ýatda saklamaga ukyplydyr.

«Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator öndürýär

Akkumulýator önümçiligi bilen adygan «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler içerki bazary doly üpjün etmek bilen, goňşy döwletlere-de eksport edilýär. Kompaniýa akkumulýatorlary ýakyn geljekde Azerbaýjana hem eksport edip başlar. Bu ugurda häzirki wagtda işewürlik geleşikleri baglaşylýar. Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýeti geljekde hem önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrmagy, täze haryt nyşanly akkumulýatorlary öndürmegi, içerki we daşarky bazarda hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu babatda kärhanada Hindistandan, Hytaýdan ýokary kuwwatlylykly täze enjamlar getirilip, olary gurnamak, önümçilige ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.