Türkmen eminleri CAFA-nyň okuw maslahatyna gatnaşdylar
Täze möwsümiň bosagasynda diňe bir tälimçilerdir futbolçylar däl, eýsem, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminleri hem özleriniň tejribelerini artdyrýarlar. Şu maksat bilen, ýakynda türkmen eminleriniň üçüsi Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy tarapyndan (CAFA) Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy. Okuw maslahatyna Türkmenistandan halkara derejeli eminler Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow we Alibek Sapaýew dagy çagyryldy. Okuw maslahaty CAFA-nyň Daşkent şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi.