"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý ýygýan kombaýnlar, sürüm we bejergi traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. ***

Sport, sagdyn durmuş ýörelgesi – rowaçlyklara badalga

Ynsan durmuşynyň baş gözelliginiň saglykda, sagdynlykda jemlenendigi asyrlarboýy ykrar edilip gelinýän we hemmelere aýan hakykatdyr. Halkyň saglygyny goramakda taýsyz tagallalaryň edilýän, beýik işleriň durmuşa geçirilýän, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynda esasy ugurlar bolup durýan ýurduň diňe ösüşlere beslenýändigi, barha beýgelmek bilen bolýandygy hem inkär edip bolmajak hakykatdyr. «Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar gurlup, häzirki zaman düzümleri döredildi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde baý tejribe toplandy» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hut şeýle ýurtdygyny, onda-da bu babatda dünýäde nusgalyk derejä ýeten ýurtdygyny uly buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr.

Taryhy çözgütleriň ähmiýeti

Her bir güni toýlara, baýramlara beslenýän Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen giren ajaýyp waka – Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbidine gönükdirilen möhüm çözgütleri özünde jemledi. Halkymyzyň göwün islegi hem-de hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenildi. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi bolsa ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen amal edilen beýik tutumlar döwletimizi, Garaşsyz Watanymyzy şu günki taryhy sepgitlere ýetirdi, eziz Diýarymyzy dünýä tanatdy. Watanymyzyň abraýyny äleme ýaýan şeýle beýik işleriň hatarynda sport ulgamynyň okgunly ösüşini hem görkezmelidiris. Türkmenistanly türgeniň olimpiýa medalyny eýelemegi, watandaşlarymyzyň iň iri ýaryşlardan, dünýä we Aziýa çempionatlaryndan medally dolanmaklary bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr. 2017-nji ýylda diýseň ýokary guramaçylyk derejesi bilen dünýäni haýrana goýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça

Hoşallyk maslahaty

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde hoşallyk maslahaty geçirildi. Mekdebiň tälimçi-mugallymlaryny hem-de türgenlerini jemlän maslahat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmeginiň ajaýyp döwrümiziň iň buýsançly wakasyna öwrülendigi bellenip geçildi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Gyşky oýunlar sport toplumy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideriniň – Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň ähmiýeti giňden wagyz edildi. Ilki bilen Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ýurdumyzyň at gazanan oba hojalyk işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Rejepmyrat Allaberdiýewiň çykyşy diňlenildi. Ol halkymyzyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenilmeginiň taryhy ähmiýetinden söz açdy. Çykyşda bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi bütin halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.

Watanyň buýsanjy, halkyň guwanjy

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl taryhy hem-de şanly wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem aýdyň subutnama boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bu ählihalk forumynda öz beýanyny tapan taryhy çözgütler bolup, olaryň bagtyýar halkymyzyň kalplarynda çäksiz hoşallyk döredendigini, ýyly turuwbaşdan taryhy özgertmelere besländigini bellemek diýseň ýakymlydyr.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Şahyryň ýatlama agşamy

Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran zehinli şahyr Hudaýguly Allamyradowyň goşgulary ulularyň-da, çagalaryň-da gowy görüp okaýan eserlerine öwrüldi. Şahyryň goşgularyny tolgunman okamak mümkin däl. Olarda Garaşsyzlygymyza, Bitaraplygymyza, ene topragymyza, ata Watanymyza, gözel tebigatymyza, milli mukaddesliklerimize bolan çuňňur söýgi, beýik buýsanç bar. Şahyr «Bagt nagmasy» atly goşgusynda: «Asyrlaryň arzuwydyň,Pasyllaryň arzuwydyň,Nesilleriň arzuwydyň,Garaşsyzlyk, Garaşsyzlyk»

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL MÖHÜM ÇÄRÄ BAGYŞLANDY

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça Lebap welaýatynda döredilen saýlaw okruglarynyň belgileri we araçäkleri barada M A G L U M A T

Darganata etrap halk maslahaty

Ösüşlere mynasyp goşant

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan batly depginler bilen ösmeginde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň goşandy barha artýar. Gazanylýan guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, täze tehnologiýalara daýanýan kämil önümçilik desgalaryny gurmaga we öňden hereket edýän kärhanalaryň durkuny düýpli täzelemäge gönükdirilen syýasatynyň netijesinde gazanylýar. Munuň şeýledigine geçen ýylyň netijelerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Tamamlanan ýylda welaýatymyz boýunça hereket edýän nyrhlarda senagat önümleriniň 23 milliard 394,6 million manatlygy öndürildi. Şol önümleriň 7 milliard 487,4 million manatlygy döwlet kärhanalarynda öndürildi. Döwlete degişli iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen şonça önümleriň 5 milliard 856,3 million manatlygy Türkmenabat şäherine degişlidir. Bu möhüm görkezijiniň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 26,3 göterim artandygy welaýat merkezindäki kärhanalarda işleriň ýokary sazlaşykly guralýandygyndan, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylýandygyndan habar berýär.

Täzelikler

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawynyň dikeldilendigi aýratyn bellärliklidir. Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da gaýdar.

«Tebigat çeşmesiniň» Kerki şäherindäki täze dermanhanasy

Düýn Kerki şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Ilat bu şatlykly wakany begençli garşylady. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny maksat edinýän ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Agzybirlik we ruhubelentlik bilen

Düýn welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyrylmagy bilen başlandy. Şeýle hem olara saýlaw toparlarynyň ulgamy barada düşünje berlip, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Saýlaw okruglaryny we uçastoklaryny döretmegiň, olaryň araçäklerini kesgitlemegiň hem-de ilatyň dykgatyna ýetirmegiň tertipleri hem okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hataryndan orun aldy. Bulardan başga-da dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak baradaky degişli saýlaw resminamalary bilen tanyşdyrmak hem-de resminamalary dogry doldurmagyň tertibini düşündirmek boýunça gözükdirmeler berildi. Bellenilişi ýaly, şunda syýasy partiýalaryň, raýatlaryň toparlarynyň mejlisleriniň, ýygnaklarynyň beýany, dalaşgärleriň razylyk arzalary, olary bellige almak barada saýlaw toparlarynyň teswirnamalary möhüm orny eýeleýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar saýlaw býulletenleriniň görnüşleri we ses bermegiň düzgünleri bilen hem tanyşdyryl

Döwletli-döwranly bagtyýar ýaşlar

28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň uly ruhubelentlige beslenip geçirilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly wakalarynyň birine öwrüldi. Ýaşlaryň durmuşynda aýratyn orun alan bu çärä welaýatymyzdan hem wekilleriň birnäçesi gatnaşdy. Gazetimiziň şu sanynda olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Akjagül Şamuhammedowa, welaýat kitaphanasynyň usulçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:

Watan goragçylarymyza belent sarpa

Watan — eždatlarymyzyň bize goýan iň uly mirasy. Bu gün şol mirasy Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary, Oguz kowmundan dörän türkmen gerçekleri uly buýsanç bilen goraýarlar, wepalylyk bilen ata Watanymyza gulluk edýärler. Watan goragçylarymyza hem-de olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi harby gulluga bolan höweslerini artdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy merdana ýurt goragçylarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we harby borja ygrarlylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylyp, harby atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Harby gullukçylarymyzyň höweslendirilmegi Diýarymyzda Watan goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar yhlasly zähmetlerine goýlan uly sarpa üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Watan goragçylaryny buýsandyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz — hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän buýsançly özgertmeleriň netijesinde mähriban halkymyzyň polat galkany bolan milli goşunymyzyň goranyş kuwwaty, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hünär ussatlygy, bilim derejesi kämilleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 31 ýyllyk baýramçylygy hem-de Watan goragçylarynyň güni şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hataryndan Watana ak ýürekden gulluk edip, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny berkitmekde şahsy goşandyny goşandyklary üçin olaryň köp sanlysyna nobatdaky harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň asmana atyjy raketa goşunlarynyň tabynlygyndaky maýor Soltanmyrat Soltanowyň serkerdelik edýän harby bölüminden kapitanlar Sähet Gurbansähedow bilen Baýramgül Allakulyýewa dagy hem baýramçylyk sowgadyndan paýly bolup, Watanymyzyň asudalygyny, döwletimiziň berkararlygynyň has-da pugtalanmagy, ony beýgeltmek ugrunda jan aýaman çeken zähmetleri üçin nobatdaky «maýor» harby adyna mynasyp bolmaklary harby gullukçylary begendirdi we täze üstünlikleri gazan

Mynasyplar sylaglandy

Watan düşünjesini biziň merdana halkymyz owal-ahyr mukaddeslik hökmünde kabul edipdir. Taryha ser salsak, halkymyzyň gahryman ogullary merdanalygyň, ugurtapyjylygyň, synmaz erkliligiň, mertligiň, Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezipdirler. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleri, harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin gurduryp ulanmaga berýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edaradyr okuw binalary, Ýaragly Güýçlerimiziň düzümine häzirki zamanyň iň kämil harby tehnikalaryny we ýaraglaryny alyp bermegi Watan goragçylaryna bolan synmaz ynamyndan we beýik hormatyndan nyşandyr. Ynha, şeýle özgertmeleriň çäklerinde bolsa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda harby gulluk borçlaryny ak ýürekden berjaý edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde, harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmakda, harby borja we harby kasama wepaly Watan goragçysynyň şahsyýetini kemala getirmekde goşýan şahsy goşantlary üçin Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň harby gullukçylarynyň birnäçesine döwlet sylaglarynyň hem-de nobatdaky harby atlarynyň gowşurylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr.

Ýumurtganyň täsinlikleri

Eýsem, her gün ýokumly iýmit hökmünde iýilýän ýumurtga hakynda bulary bilýärismi?! Daşyndan göräýmäge, ýumurtga ellips şekillinde tekiz ýylmanak bolup görünýär, aslynda welin, ýumurtganyň gabygynda 17 müňden gowrak kiçijik deşijekler bar. Sowadyjyda bir hepde saklanan ýumurtga yssyda bir gün saklanan ýumurtgadan has täzedir. Köp saklanan ýumurtga ýeňil bolýar. Çünki, onuň düzümindäki suw, kömür aşgarynyň azalýandygy sebäpli, ýeňleýär. Esasan, ýumurtga, gök önümli işdäaçarlara goşulýar ýa-da ýany bilen äberilýär. Sebäbi, gök önümlerde protein az bolýar. Haçan-da, ýumurtga goşulyp taýýarlanylan işdäaçarlarda bolsa proteiniň we witaminleriň mukdary ep-esli köpelýär.

Beýik ynamyň, uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleri

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalan ýaşlarymyza beýik ynam bildirilýändiginiň, olaryň uly buýsanjyň, mukaddes borjuň eýeleridiginiň has-da dabaralanýan ýylydyr. Ýaşlara bildirilýän ynamyň, buýsanjyň özeninde uly many bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň her bir ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Muny biz her bir ädimde görýäris, duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şeýle göreldesi biz — ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep bolup durýar. Biz şol göreldäni özümize nusga edinip, ata Watanymyza, halkymyza wepaly, Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde tagallamyzy, zehinimizi, ukybymyzy gaýgyrmaýarys. Döwletimizde ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar barada edilýän aladanyň örän uludygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, ol ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmat