"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi: döwrebap şertler, netijeli işler

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ilata onkologiýa kömegini bermegiň we onkologiýa gullugynyň ösdürilmeginiň anyk wezipeleri hem kesgitlenilýär. Türkmenistanda saglygy goraýşyň ylmy taýdan esaslandyrylan, tertipleşdirilen ulgamy hereket edýär. Bu onkologiýa gullugy babatda-da şeýledir. Türkmenistanda ilata berilýän onkologiýa kömegi sebitleýin häsiýetli bolup, üç derejeden ybaratdyr. Olar — şäher we etrap derejesinde saglyk öýlerinde hereket edýän onkologiýa serediş otaglary; welaýat derejesinde welaýat onkologiýa hassahanalary; ýurt derejesinde Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi. Her bir şäher we etrap derejesinde saglyk öýlerinde onkologiýa we serediş otaglary hereket edýär. Olar umumy bejeriş ulgamy bilen netijeli aragatnaşykda bolup, öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirýärler. Bu derejede ilata onkologiýa kömegini bermekde esasy wezipeler howply we howpsuz çişleriň (täze döremeleriň) öňüni almak, olary anyklamak, çiş keselleri babatda howatyrly topara girýän adamlara hem-de howply çiş keselli näsaglara gözegçilik etmek bolup durýar. Näsaglaryň islegi boýunça bu derejede umumy bejeriş ulgamy bilen bilelikde howply däl çişler hem bejerilip bilner. Şunda howply we howpsuz çişleriň öňüni almaga gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň geçirilişine ähli derejelerde uly üns berilýändigini aýratyn bellemeli.

Sag­lyk — baş baý­lyk

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, hal­ky­my­za edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da ala­da et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hem-de ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. We­la­ýat mer­kez­le­rin­de, Aş­ga­bat şä­he­rin­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, döw­re­bap be­je­riş-öňü­ni alyş mer­kez­le­ri­niň açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga, çalt anyk ke­sel kes­gi­di­ni goý­ma­ga, ýo­ka­ry de­re­je­de luk­man­çy­lyk be­jer­gi­si­ni ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şä­her­ler­de we oba­lar­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sag­lyk öý­le­ri­niň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga, ke­sel­le­ri ir­ki dö­wür­de ýü­ze çy­ka­ryp, çalt we ýo­ka­ry de­re­je­de luk­man­çy­lyk be­jer­gi­si­ni ber­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de bir­nä­çe ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my, mek­dep­dir ça­ga­lar ba­glary bi­len bi­le­lik­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ak mer­mer­den gur­lan, teh­ni­ka­nyň iň ösen en­jam­la­ry bi­len ab­za

Saglygyňyzyň goragy öz eliňizde

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Gartaşan adamlar we çagalar daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Süýri ýaprakly atgulak

Häsiýeti. Haşal derman ösümlik. Başgaça ösümlik «guzugulak» diýlip hem atlandyrylýar. Süýri ýaprakly atgulak — atgulaklar maşgalasynyň hem urugynyň boýy 30-80 sm-e ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Toprakdaky porrugy gysga, kese. Ýapragy nobatlaýyn, kökýanlaýyn, pudagyň esasyna ýygnanan, ujy çowly, seýrek tas ellipis kysmy, ýokarsy gysylan we ýitelişen, esasy yzygiderlikde sapajyga gysylýar, 5-7 damarly, ýalaňaç ýa- da damarlarynyň aşagy tüýlüje, uzynlygy 30-35 sm we ini 4-8 sm, çenli, sapajygy uzyn, 20 mm-e çenli, ýaprak ülşüne barabar ýa-da ondan gysga.

Sorag-jogap

Gorky nämeden döreýär? «Men özümi ynjalyksyzlandyrýan iki mesele barada siziň bilen maslahatlaşmagy makul bildim. 14 ýaşly gyzym aslynda gorkak däl. Ýöne ol garaňkylykdan gorkýar. Agşam birdenkä çyra öçäýse, gorkup, aglaýar. Şonuň üçin onuň ýatýan otagynda ýiti yşykly diwar çyrasyny ýakyp goýýarys.

Öýkeniň sowuklamasynda maslahat berilýän berhiz saçagy

Öýken sowuklamasyny (pnewmoniýa) bejermekde ýöriteleşdirilen iýmit berhizi uly ähmiýete eýedir. Bu kesele ýolugan näsaglaryň bejeriş berhizini dogry ýerine ýetirmekleri örän wajypdyr. Talabalaýyk düzülen berhiz, näsagyň bedeninde alyş-çalyş hadysalarynyň işjeňleşmegine we keselden soňra zeper ýeten synalarynyň çalt dikelmegine ýardam berýär. Berhiz düzgüni keseliň geçiş döwrüne bagly bolýar. Keseliň ilkinji günlerinde iýmit siňdiriş ulgamyna agram salmazlyk maksady bilen iýmitiň energiki gymmatlygyny azaltmaly. Iýmit berhiziniň düzüminde bedeniň immun ulgamynyň berkemegine ýardam berýän iýmitlere hem üns bermeli.

Hoşboýlyklar peýdalymy?

Habarçymyz naharlara, konditer önümlerine ýakymly ys bermek, olaryň tagamyny artdyrmak maksady bilen ulanylýan hoşboýlyklaryň saglyga täsiri barada gürrüň bermegi Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň lukmany Zöhre Mämmedowadan haýyş etdi. Hoşboýlyklar, hakykatdan-da saglyga uly täsir edýär. Olaryň adam bedeni üçin peýdasy hem, zyýany hem bardyr. Ilkinji nobatda, hoşboýlyklaryň peýdaly taraplary hakynda söz açyp, olaryň ömrüňi uzaldýandygyny, sagdyn ýaşamaga, köp ýyllaryň dowamynda juwanlyk keşbiňi saklamaga kömek edýändigini bellemeli. Bu tebigy iýmit goşundylarynyň düzüminde erkin radikallaryň hereketini bökdäp, garrama hadysasyny yza tesdirýän antioksidantlar köp mukdarda saklanýar. Antioksidantlaryň erkin radikallaryň hereketine garşy täsiriniň howply çişleriň döremek ähtimallygyny azaldýandygy hem mälimdir.

Duz bedene nähili täsir edýär?

Žurnalist Narjan Kasymowa duzuň adam bedenine täsiri hakynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň halkara bölüminiň baş bilermeni, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ogulgerek Kakabaýewa bilen söhbetdeş boldy. — Lukmanlaryň arasynda duzuň peýdasy we zyýany barada dürli pikirler bar...

Gyş paslynyň aýratynlyklary

Gyşda çagalaryň dürli şikeslere uçramak ähtimallygy biraz ýokarlanýar. Ýagyşly, garly günlerde ýa-da käwagt irden ýollaryň sürçek bolmagy sebäpli ulularyň-da, kiçileriň-de ýöräp barýarka, oýun oýnaýan wagty ýykylmagy, tenine şikes ýetirmegi mümkin. Aýratyn-da, şunuň ýaly halatlarda ulularyň çagalary gözegçilikde saklamagy, olara degişli maslahatlary bermegi möhümdir. Gyşda typançaklygyň ýüze çykan günlerinde çagalara ýykylmaz ýaly ýörite amatly aýakgaplary geýdirmeli. Ýollarda basgançakly geçelgelerden geçilende hüşgär bolmagy tabşyrmaly. Şeýle günlerde çagalaryň tigir sürmekden saklanmagy talaba laýykdyr.

Ýeňiljek ýoňlama däldir...

Ýiti respirator wirusly ýokançlar howa-damja ýoly bilen geçýän keselleriň uly toparyny emele getirýär. Olary dürli wiruslaryň ençemesi, şol sanda gripiň wirusy döredýär. Bu keseller ysgynsyzlyk, üsgülewük, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy, kellagyry, myşsalaryň agyrmagy, işdäniň peselmegi ýaly görnetin ýa-da onçakly bildirmeýän alamatlar bilen ýüze çykýar. Käte bolsa olar alamatsyz geçýär. Ýiti respirator wirusly ýokançlar we grip, has beterem, olaryň gaýra üzülmeleri saglyga uly howp salyp bilýär. Doly we dogry bejeriş geçirilmedik halatlarynda wiruslaryň haýsydyr bir ýa-da birnäçe beden agzasyny zeperlendirmegi mümkindir. Aýratyn hem, dowamly keseller anyklanan syrkawlaryň ýagdaýy agyrlaşýar. Sebäbi, wirus dowamly keselleri ýitileşdirip bilýär. Keseliň immuniteti peselen näsaglarda hem agyr geçýändigi mälimdir. Dümewe ýa-da başga bir ýiti respirator wirusly kesele duçar bolan näsag diňe bir özüniň däl, eýsem, daş-töweregindäki adamlaryň hem saglygyna zyýan ýetirip bilýär. Sebäbi ol asgyranda, üsgürende howa ýaýraýan wiruslar şol howadan dem alýan adamlara hem ýokuşýar.

Dürs-düşnükli geplemegiň öwredilişi

Çagajyk ähli zady ene-atasyndan we töweregindäkilerden öwrenýär. Onuň geljekde sözleýşiniň, özüni alyp barşynyň nähili boljakdygy daş-töweregindäkileriň ýetiren täsirine baglydyr. Körpejäniň gepleýşi, endikleri onuň häsiýetlerini ýüze çykarýar we geljekde köpçüligiň içinde özüni nähili rahat, arkaýyn duýjakdygyny bellibir derejede mälim edýär. Şol sebäpli çaga mümkin boldugyça dürs gürlemegi öwredip başlamaly. Ulularyň sözleri täsirli we aýdyň, dogry aýdylmaly. Gepleşik näçe täsirli bolsa, çaga şonça-da öz pikir-duýgularyny beýan etmegi ir öwrener. Eger-de siz çaganyň pikirlerini has aýdyň beýan etmegi üçin onuň sözleýiş ukybyny ösdürmek isleseňiz, şu aşakdaky maslahatlardan peýdalanyp bilersiňiz.

Damarlaryň sagdynlygy nämä bagly?

Adamyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmakda, bedeniň sagdynlygyny saklamakda ganaýlanyş ulgamy uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ulgamyň köp sanly funksiýasy bolup, onuň esasy işi bedeniň ähli dokumalaryny kislorod bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Mälim bolşuna görä, ganaýlanyş ulgamyna dürli görnüşli gan damarlary: arteriýalar, wenalar, kapillýarlar (maýda damarlar) degişli. Olar bir-birinden bedende ýerine ýetirýän işi, diwarjyklarynyň gurluşy boýunça tapawutlanýarlar. Dürli zeperlenmeler, şikeslenmeler hem arteriýalara, wenalara, kapillýarlara birmeňzeş täsir etmeýär. Iri gan damarlarynyň şikesleri saglyga uly howp salyp bilýär. Maýda damarlaryň zeperlenmeleri onçakly howply däldir. Şeýle-de bolsa, damarlaryň islendik görnüşiniň port bolmagyna getirýän ýagdaýlar yzygiderli gaýtalananda wagtyň geçmegi bilen agyr keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Haçan lukmana ýüz tutmaly?

Genetika nesilden-nesle geçýän keselleri, olaryň ene-atalardan çaga geçişiniň ýollaryny öwrenýän ylymdyr. Genetik lukmany barlaglaryň netijesinde hossarlarynda bar bolan haýsydyr bir neslegeçiji keseliň daşky alamatlaryň çagalarda ýüze çykyp biljek ähtimallygyny ýa-da sebäplerini kesgitläp bilýär.

Syrkawyň içki dünýäsi nämäni habar berýär?

(4-nji fewral — Howply täze döremelere garşy bütindünýä göreş güni) Beden bilen ruhuň özara berk baglanyşyklydygyna gadymyýetiň lukmanlary, lukmançylyk ugrundan alymlary, hekimleri, tebipleri hem üns beripdir. Olar adamyň ýaramaz emosional ýagdaýynyň haýsydyr bir keseliň döremegine, keseliň bolsa ynjalykdan gaçyrýan, gorkuzýan, howsala düşürýän duýgularyň ýüze çykmagyna getirip bilýändigine öz iş tejribelerinde göz ýetiripdirler. Häzirki wagtda näsagyň ruhy dünýäsinde (psihika) we bedeninde (somatika) bolup geçýän hadysalaryň özara aragatnaşygyny öwrenýän ylym bolup, ol «psihosomatiki lukmançylyk» ýa-da «psihosomatika» diýlip atlandyrylýar. Psihosomatika belli bir agzada dörän kesele aýratynlykda däl-de, eýsem, onuň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýagdaýlar, syrkawyň ruhy dünýäsi bilen bitewülikde seretmäge mümkinçilik berýär.

Apiterapiýa — bu näme?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa adaty (tradision) däl lukmançylygyň bir ugry bolan apiterapiýa barada Bagabat şypahanasynyň iç keselleri lukmany Kerimberdi Sähetmämmedow bilen söhbetdeş boldy. — Ilki apiterapiýa hakynda umumy düşünje berseňiz...

Muny bilmek gyzykly

Bilesigelijiligiň saglyga täsiri Amerikanyň Birleşen Ştatynyň Dýuka uniwersitetinde müňden-de köpräk adamyň gatnaşdyrylmagynda geçirilen barlag-gözegçilik işi ynsanlaryň käbir häsiýetleriniň olaryň saglygyna öz täsirini ýetirýändigini ýüze çykardy. Alymlar tertip-düzgünli, özerkli ýaşlaryň beýlekilere garanyňda geljekde has-da sagdyn bedenli adamlar bolup ýetişýändiklerine göz ýetiripdirler. Bu barlag işi ilki 26 ýaşynda hasaba alnan ýaşlaryň 38 ýaşan wagtyndaky saglyk ýagdaýlaryny öwrenmek arkaly geçirilipdir. Özüni tertip-düzgünli alyp barmagy kada öwüren adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen zyýanly endikdir pişelerden daşda durýandyklary hasaba alnypdyr.

«Ýyly suwa» hoş geldiňiz!

Türkmenistanyň gözel hem-de baý tebigaty bar. Ýurdumyzda, aýratyn-da, tebigatyň döreden dermanlyk melhemliklerinden netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Oňa biz «Ýyly suw» şypahanasy barada gürrüň edenimizde-de aýdyň göz ýetirýäris. Şypahanada raýatlara döwrebap hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilendir. «Ýyly suw» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Bu ýerdäki mineral suwlaryň bejerijilik aýratynlyklary 1974-nji ýylda mälim edilipdir. «Ýyly suw» şypahanasynyň täze taryhy 2009-njy ýylyň 28-nji noýabrynda başlanýar. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen şypahananyň 81 orunlyk täze binasy açylýar. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda ýene 200 orunlyk täze binasy gurlup ulanylmaga berilýär.

Ekranyň öňünde köp oturylanda...

Wagtyň ýitirilmegi we hereketsizlik Irki çagalyk döwründe ekranyň öňünde köp oturylmagy çaganyň geljekde işjeň hereketlilik ýagdaýyna uly zeper ýetirýär.

Antibiotikleri haçan kabul etmeli?

Kesel dörediji mikroorganizmlere garşy täsire eýe bolan, olary ýok edýän ýa-da ösüşini togtadýan antibiotiki derman serişdeleriniň dürli toparlary bar. Antibiotikleriň ulanylyp başlanan wagtyndan bäri geçen döwrüň içinde zyýanly mikroorganizmlere, ýokanç, iriňli we gaýnaglamaly kesellere, howply täze döremeleriň öýjüklerine, zäherlenmä garşy täsirli bejergide uly öňegidişliklere eýe bolundy. Şeýle-de bolsa, soňky wagtda mikroblaryň we bakteriýalaryň antibiotiklere duýgurlygy peselip, bu dermanlaryň täsiri barha azalyp barýar. Munuň netijesinde kesel dörediji mikroorganizmleriň antibiotiki derman serişdeleriniň täsirine durnukly täze görnüşleri peýda bolýar.

Ykjam telefony nädip ulanmaly?

Ykjam el telefonlary ynsan durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Biziň gündelik ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan bu enjam her gün ýakyn adamlaryň, kowum-garyndaşlaryň, dostlaryň, tanyşlaryň bilen habarlaşyp, hal-ahwal soraşmaga, zerur habarlary degişli adamlara çalt ýetirmäge, täzelikler bilen yzygiderli tanşyp durmaga mümkinçilik berýär. Ykjam el telefonlarynyň kömegi bilen söýgüli aýdymlaryňy we sazlaryňy diňlemek, gyzykly filmlere tomaşa etmek, aklyňy ösdürmek, wagtyňy gyzykly geçirmek üçin niýetlenen oýunlary oýnamak, ýakymly hem-de bagtly pursatlary surata, wideo düşürmek mümkindir.