HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Moskwa — Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kreml binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Täze desgalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Ahal welaýaty — Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

2024-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde aprel aýynda geçirilen çäreler — köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. 2-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda energetika we ekologik howpsuzlyk, ulag arabaglanyşygy, parlamentara diplomatiýa ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ÝHHG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ynamly öňe gitmegini üpjün etmek, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu günki gün şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. 22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, bugdaý, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda degişli ideg işlerini ýerine ýetirmek, pile möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy Arkadag şäheri, 28-nji aprel (TDH). Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.